08:29
Ýigitler

ÝIGITLER

Sarmaz gaýa kimin merdi-merdana,
Guwanmaga mert ýigitler kän munda.
Geçmişe ser salsañ goja dünýäde,
Pederlermiz gazanypdyr şan munda.

Şan-şöhratly,ar-namysly geçmişiñ,
Görogly gardaşyñ, Oguz han atañ.
Mertlik-merdanalyk şolardan gaýdyp,
Ganyñda, janyñda, süññüñde bekän.

Ar-namysyn tug edinen geçmişiñ,
Ýatyrka señ bu topragyñ astynda.
Ganyñdan akýarka mertleriñ gany,
Senem mertsiñ, şu topragyñ üstünde.

Ýigitler Watany jan berip däl-de,
Söýgi bilen goramakda paýly siz.
Edepli, ekramly, gülden zyýada,
Türkmeniñ çyn gözelinden taýly siz.

Taýly siz, paýly siz beýik bagtdan,
Döwüşe däl, toýlarda çap gyr aty.
Ozal akan ýerden, akarmyş aryk,
Ýigitleriñ egsilmez güýç, gaýraty.

Zenanlardyr, ýüzlerñiziñ tuwagy,
Gyzyl ýüzler gyzarmasyn,enşalla.
Geçmişden ýene-de geljege sary,
Ýigitlere ýol ber, şan ber eý Alla.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 398 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 1.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
"Meñ kalbymda..." / Goşgular - 17.03.2021
Eşidipdim gurduň ykbaly hakda... / Goşgular - 10.02.2021
Hüwdi / Goşgular - 14.04.2021
O ne beýle? / Goşgular - 12.02.2021
Bagyşlaň meni! / Goşgular - 21.02.2021
Täzesinden täzesi / Goşgular - 04.06.2021
Doganlarym / Goşgular - 09.01.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Всего комментариев: 2
0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Sag bol @Nur .

0
1 Zerinaý   [Mowzuga geç]
Amin, Gumlygelin! ajayyp goşgy. haladym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]