19:37
Ýewropaň iň owadan gyzlaryna
ÝEWROPAŇ IŇ OWADAN GYZLARYNA

(Sähragül, Aknur, Gözel, Aýna, Maýa, Gülnar atly Ýewropaň iň owadan gyzlaryna)

Sary gawun eräp ýatyr bakjada,
Toý köýnegi çüýräp ýatyr bukjada,
Wagty bilen tutulmadyk toýlaryň
Nika ýüzükleri ýatyr tekjede.

Arzuwlar büdredi nätanyş dile,
Arzyly aýdymlar heňe gelenok.
Içeriňden başga bar zat keseki,
Maşgalaňdan özge ýeke hossar ýok.

Galdy oýun mülki deň-duşlar bilen,
Nädip beýle haram çykdy bijeler?!
Syýasat pohuna taýan ataňyz
Kelle döwüp, dik oturýar gijeler.

Halas edip namys-mertebäňizi,
Juwan ömrüňizi bagryna basyp,
Sizi ne gün bilen çykardy ýurtdan,
“Halk duşmany” adyn boýnundan asyp.

Size başpena hem janpena beren,
Ýewropada gyzýar şagalaňly ba:l.
Ýöne ertir size näme garaşýar,
Näme taýynlaýar geljekki ykbal?!

Serhet yzda galdy, geçip bolanok,
Ganat yzda galdy, uçup bolanok.
Ýat ildeş, ýat ilde neýlesin,
Mynasyp ýigit,
Göwün küýsäniňi seçip bolanok.

Bir beladan başyňyzy gutaryp,
Has agyr kynçylyk tapaýdykmyka?
Toýuňyzy ak sährada tutjakdyk,
Ýa kökümiz bilen gopaýdykmyka?

Nägile bolmaň siz ata-eneden,
Öňem öňüňizde müýnümiz ýetik.
Belki, soňun saýman gaýdanmyz üçin
Öňümiz garaňky, yzymyz petik.

Belki, bir gün öňümizde yş görnüp,
Döneris mekana, tartyp nesibe.
Belki, garaşýandyr ähli toý birden
Azat Ýewropadan boşan ýesire.

Şiraly NURMYRADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 193 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gije / Goşgular - 08.04.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Boýun almak / Goşgular - 04.04.2021
Kakama / Goşgular - 28.02.2021
Aşyklar deresi / Goşgular - 08.02.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
Tebil / goşgular / Goşgular - 09.02.2021
Мысли, рождённые на кладбище / Goşgular - 17.03.2021



Всего комментариев: 16
0
Ignore

0
So what do you think baharjan? Who is cuhelayi of us

0
Gayrat etde filtrlemesene

0
Eliñi aýagyñy döwüp gidersiñ diyyarmi Dostoevskiy

-1
Bular ýaly gynanjak bolsañ gitmeli däl ya beyle dälmi narod??

1
5 mango   [Материал]
ýa ýüzleý pikir edýäňiz, ýa-da ýüzleý pikir edensireýäňiz, ýelena hanym....

0
Hä? Näme yüzley onsoñ çuñçul?

1
7 mango   [Материал]
"gynanjak bolsañ gitmeli däl" - diýýäňiz.
näme, keýpine gidilýämi?
mejbur gideniňden soň gynanmaly dälmi?
...

0
" Понимаете, понимаете ли вы, милостовый государь, когда некуда идти? Ибо каждому человеку нужно , чтобы было место куда-нибудь пойти " "Преступление и наказание " Ф. Достоевский, диалог Мармеладова с Раскольниковым

1
9 baharaliyeva39   [Материал]
Geplemesi añsat yazmak ondanam añsat. Olara kelle agyrdylmaz Mango Bey. Boş verin cahil cühelayi.))

0
Cühelayi name baharjan ?

1
11 baharaliyeva39   [Материал]
The word cühela is Arabic. The exact translation of the word cühela in our language means "one who is ignorant". At the same time, the word cühela is used for people who live like parasites who have no knowledge about anything.

0
Then who have knowledge, lives like parasites when u say u mean me

0
If you have knowledge and live like not parasites, and others dont ignorant u, so you may be can something like able sciental please share with us

1
2 Gumlygelin   [Материал]
Goşgy gowy hem gussaly.

Ady agzalýan gyzlar öz gyzlarymyka?

1
1 Allanazar   [Материал]
Bäh, ýazyb-a bilipdir HALYPA. Ýetireniňize minnetdar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]