Şu gün belli türkmen ýazyjysy Rahym Esenow aradan çykdy. Merhuma Iman baýlygyny dileýäris.
◇ Ýazyjy hakynda
Rahym Esenow 1927-nji ýylyñ 1-nji fewralynda Aşgabatda (şol wagtky Poltorask) dünýä indi. Türkmen Döwlet uniwersitetini tapawutlanan bahalar bilen gutardy. Ýazyjynyñ 1954-nji ýylda başlan döredijilik ýoly 2017-nji ýyla çenli dowam etdi. Birnäçe ýyllap Ýazyjylar soýuzyna ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistan SSR-niñ medeniýet ministri bolup işledi. "Dostluk" jemgyýetine başlyklyk etdi. Esasan rus dilinde eser döreden Rahym Esenow Çingiz Aýtmatowdan soñ Orta Aziýa respublikalarynyñ iñ görnükli ýazyjylarynyñ biri hasaplanýar. Onuñ "Sary dominionyñ kölegeleri" roman-trilogiýasy ("Säherdäki salgymlar", "Sary dominionyñ kölegeleri", "Tepbedi okalanlar") öñki SSSR-iñ çäklerinde uly meşhurlyga eýe boldy. Halkara Pen merkeziniñ Barbara Goldsmit adyndaky "Azat ýazyjy" Halkara baýragyna, «Литературной газеты», «Литературной России» gazetleriniñ ýörite baýragyna mynasyp bolan ýazyjy "Sary dominionyñ kölegeleri", "Beýik mogollaryñ çapary" ("Baýram han"), "Gyzyl patyşa", A.Şalaşow bilen bile ýazan "Turanyñ gözýaşlary", "Dünýäde sen barkañ" ýaly uly göwrümli romanlaryñ, "Jahanda uruş barýarka", "Razwedkaçynyñ ýandepderçesi" powestleriniñ, onlarça hekaýalaryñ, "Zakaspidäki bolşewistik podpolýe", "Syrly toslamalaryñ pidalary", "Eziz han hakda hakykat", "Jüneýit han hakda hakykat" ýaly birnäçe taryhy-dokumental kitaplaryñ, jemi ýigrimiden gowrak kitabyñ, köp sanly publisistiki oçerkleriñ, makalalaryñ awtorydyr. Russiýada has giñden tanalýan ýazyjynyñ rus dilinde ýazan eserleriniñ aglabasyny Baýram Jütdiýew türkmen diline geçirdi. Beýik Watançylyk urşunyñ weterany, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, žurnalist, taryh ylymlarynyñ kandidaty Rahym Esenowyñ ölümine çuñnur gynanjymyzy bildirýäris we onuñ hossarlaryna Beýik Allatagaladan giñlik dileýäris.
Jaýy Jennet bolsun. Rahym Esenowyñ ölümi edebiýat üçin uly ýitgi. Şonuñ ýaly-da ölmez-ýitmez eserleri döreden şeýle ussat ýazyjyñ türkmendigi biz üçin uly buýsançdyr.
Esgerlikde ýazyjynyñ "Sary dominionyñ kölegeleri" kitabyny gyzygyp okanym ýadyma düşýär. Şonda harby bölümiñ serkerdesiniñ terbiýeçilik boýunça orunbasarynyñ hem kitaby okamaga alandygyny we kitabyñ içinde birküç sany sahypanyñ ýyrtylandygyny görüp, "Bular ýaly kitaplary ýazyp biljek ussat ýazyjylar indi dogulmaz. Bular ýaly gowy kitaplar indi çapam edilmez. Kitaby zaýalamaly däl ekeniñ..." diýipdi.
* * *
Ýazyjynyñ geçen ýolunda we çeken zähmetinde öküner ýaly zat ýokmuka diýýän. Uly ile görüm-göreldelik ömür. Gep az ýa köp ýaşamakda däl. Gurhanda hem aýdylyşy ýaly, "Her janly ölümi datmalydyr", ýa-da Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn näçe ýaşañda-da "ahyry boljagyñ şudyr, teniñ ýer bilen ýatsa...". Ölüm gutulgysyz, oña hiç kesiñ dawasy bolup bilmez. Emma Jemal şahyryñ aýdyşy ýaly, "Her ölüm biwagt ölümdir". Ylmyndan, tejribesinden peýdalanyp biljek adamlarymyz näçe ýaşasa az ýaly. Merhum mirasgärimiz Aşyr Salyhyñ aýdyşy ýaly "alym öldi - älem öldi diýsene..." Bir asyryñ şaýady - janly ensiklopediýasy topraga duwlanýar. Köpler ýitginiñ parhynda bolman biler...
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи. [ Регистрация | Вход ]