07:57
Ýetim ýyldyz
ÝETIM ÝYLDYZ

Gije ýarym boldy.
24:00.
Uka çümen şäher.
Asuda asman.
Aladasyz nurun saçyp duran Aý.
Gep gözleýän ýaly gözün mölerdip
Ýüzüme çiñerlip bakýan ýyldyzlar.
Yşykly sütünler.
Uzaýan bardur.
Çolaran köçeler.
Boşan duralga.
Alga alman ukusyny it-guşuñ
Göýä öñ bir-birin görmedik ýaly
Kellesin göçürip ýumruk mysaly
Hylwatynyñ humaryna çydaman
Mawyldaşyp sesi gelýär bir ýerden
Gijäñ ümsümligin bozýan pişikleñ...
Häzir ýarasynyñ gozgaýan wagty
Göwni ýaralylañ,
Kalby deşikleñ.
Dañ saz berip, tilkiguýruk bolýança
Hamala kyrk ýyllyk ary bar ýaly
Böwrüni garaldyp ap-ak kagyzlañ
Düşnüksiz şygyrlañ dogulýan çagy
Üşerlişip sessizligiñ sesinden
Çümrenişip gara ýapynjalaryn
Ümsümje otyrlar daşym gallaşyp
Garañkyda awa çykan ruhlaram.
Men bolsa öýe-de gaýtmak islemän
Müjewüri ýaly Çopan atanyñ
Solan guburlary syrdaş tutunyp
Ýatlap seniñ bilen biderek dünýäñ
10-njy gatynda bile geçiren
Yşkdan doly bagtly pursatlarymy
Saratsadym lenta deýin yzyna
Bilýän, hiç haçanam bu bolmaz ýöne.
Ne yzyna geler gamsyz günlerim,
Bir-birniñ yzyndan tirkeşip gelen
Senden soñra gelen sensiz günlerem
Sumat bolup gitmese-de başymdan
Hem bilsem-de seni görmejegimi
Mynçgalaýar birje sowal kalbymy
Seni kimler aldy?!
Men bolsa sensiz,
tentek ýaly gezdim ýördüm her ýerde.
Emma düşünemok terk edilenme
Düşünmek islämok...
Sen bolsa alysda,
asuda ýurtda,
Alyp menden jigerimiñ bendini
Akdeñiziñ plýažynda gezmeläp
Meni bu dünýäde bardyram öýtmän
Gitdiñ yñdarylyp, yzyña bakman.
Men ýene otyryn gum iýen ýaly
Lowlap duran gursak
Şepagatsyz yşk
Rehimsiz söýginiñ beren şarpygy
Berilen wadalar,
Edilen ähtler..
Elden alnyp, soñra döwlen badalar
Senden aýrylmaryn diýip birdenkä
"Ilkinji söýgim" diýp söýen ýigdiñi
Dünýäsin başyna düñderip goýşuñ..
Dolanarsyñ öýdüp öwlüýäde gije,
Señ adyñy tutup doga okaýşym...
Kim biler,
belki-de,
rehm edip Alla
Seni maña berer
Gelersiñ ýene.
Manysyz ömrümiñ gädilip başlan
Ýyllaryny yza dolarsyñ belki
Çytyk gaşlarymyñ ýazlyp arasy
Ahmal,
şonda maña ýar bolar gülki.
Ynan,
sensiz ömür hebesdir maña
Seniñ üçin çeken hasratlarymy
Aýtmaga-da gypynç edýän dogrusy.
Häzir gije ýarym,
Şol öñki wagt.
Guburlara garap otyryn şindem...
Gije ýarym boldy.
Sen häzir nirde?!
Besdir,
Dolan indi bu tukat şähre
Hem gaýdyp ber gamsyz oglanlygymam.
Şol öñki teşnäñ men ganmaryn senden,
Ynan, elimizden alnan badalañ,
Hasaba almaryn döwlenliginem...
Gijeler.
Gündizler.
Sansyz ýyldyzlar.
Sygyşmadyk ýaly aralaryna
Gözýetimde gamaşdyryp gözüñi
Gögüñ bir künjünden başga künjüne
Ogrynça äñetjek bolanda süýnüp
Towguñ boýny ýaly üzülip giden
Ýetim bir ýyldyz..
Öwlüýäñ gyrasynda şildirdäp çala
Sosnanyñ düýbüne akyp duran suw.
Ruhlar.
Al-arwahlar.
Diriler
Ölüler.
Mylakatsyz ýüzler
Ýalan gülküler...
Barysy birýana
Senem birýana...

17.07.2017 ý.
00:30

Has TÜRKMEN.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 483 | Добавил: Нawеran | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 3.5/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Bilesim gelýär / Goşgular - 23.02.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." / Goşgular - 05.02.2021
Aşygyñ ahmyry / Goşgular - 30.03.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Ynjynma / Goşgular - 23.03.2021
Ganga / Goşgular - 11.01.2021
Ömür menzili / Goşgular - 15.03.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 30.03.2021
Всего комментариев: 10
0
10 Mähriban   [Mowzuga geç]
Ine! Ynha muňa Goşgy diýilýär! Nesip bolsa, geljek nesiller biziň döwrümizden galjak şu ajaýyp goşgulary höwes bilen okarlar. Meniň pikirimçe, Has Türkmen poeziýamyzda has başgaça, täze röwüşli dünýäni açdy.

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Emeli ýakymlylykdan tebigylyk has gowudyr )
"Bolşuñ ýaly görün.." diyyär-ä Möwlana Rumy.

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Öz şiwämde diýdigim boldy hem meñ gowakdan çykyp dagdan inenim, düze cykanym ýañy. Intellektuallyk nämişlesin mende, doganjygym )

0
7 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Beýan edişiñ diýjek boldum.Uýam gulaga ýakymly dälmi?

0
6 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Gowy bolupdyr. Oña derek has çuñ temalardan pikir öwûrersiñiz. Bu ajaýyp beýan edişiñ üsti has çuñ pikirler bilen dolmaly.
(Bajy sözüni hiç halamok-da. Onda-da siz ýaly intellektual adamyñ agzyndan eşitmek ýokuş degdi.)

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aladañ yerine duşdi, Mahym bajy. Men indi beyle goşgulary näler islesemem yazyp bilemok... ))

0
4 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Gowy welin men-ä indi şu terk edilen adamyñ nalasy bimaza edip başlady. Şu ajaýyp beýan ediş dilini başga pikirlere sarp etse bolmaýamyka awtoryñ?

0
3 Akjemal   [Mowzuga geç]
Gosgydaky gahryman belki seyle soyga mynasyp bolup dunyanin in bagtly ynsany bolandyr sad

0
2 Akjemal   [Mowzuga geç]
sad gynancly

0
1 Raziýe_Soltan   [Mowzuga geç]
Bu yone dunyani unutmaklyk... kimdir biri üçin...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]