10:12
Ýetginjeklere
ÝETGINJEKLERE

Gabat gelen ýerde ýaşululara
Orun beriň,
ýol beriň siz süýşüň-de.
(Medet taparmyşyn goja çynarlar
Nahal döwrün görüp käte düýşünde).

Orun beriň!
Goja göwnün göteriň,
Hoş söz aýdyň,
Bolmaň hiç biagyry.
Barybir...
bir ömre jan-jedel bolup,
Bu durmuşda ýeten orunlaryny
Olar size goýup gidýär ahyry.

* * *

Adam bir guş söýdi —
Aldy-da, kapasa saldy.
Adam bir gül söýdi —
Ýoldy-da, saldy güldana.
Adam bir ýar söýdi —
Ýüregi döndi zyndana...

Kakamyrat REJEBOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 208 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Ýüregimiň zary / Goşgular - 23.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
«Были павлины с перьями звездными...» / Goşgular - 17.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Ýolkaň aýdymy / Goşgular - 25.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]