21:30
Ýetäýjek ýaly
ÝETÄÝJEK ÝALY

Pyşyrdanyň şygyr, sözläniň – aýdym,
Zemin heýjan tapar tutulsa adyň.
Dünýämde şemim sen, köňülde şadym,
Ömrüm bir sen bagtly edäýjek ýaly!

Niçik ajap! Gül ýürege ýaz gonsa!
Dillere saz, kirpiklere näz gonsa!
Doňup durun, ynan, sähel gozgansam,
Sen gözümden uçup gidäýjek ýaly.

Meni soňsuz derde dözen dözmezim,
Her bakan ýerimden keşbiň gözledim.
Bir alaja ýüpüm – aşyk gözlerim,
Sen nirede bolsaň, ýetäýjek ýaly.

Soňsuz synaglara sezewar göwnüm,
Öňde-soňda bir hoş söze zar göwnüm,
Diňe senli günler bezeýär ömrüm,
Alnymda ak daňlar ataýjak ýaly.

Ömrüme manydyr saňa duşdugym,
Bir ýylgyrşyň ak bagtyma buşlugym,
Ýagmyr bolup ýagsa gözden ýaşlarym,
Yşkyň wysal güli bitäýjek ýaly.

Dünýe bir çarh, aýlaw-aýlaw aýlanyp,
Duşurar ol, ahyr bir gün aýňalyp.
Howpurgadym, azaşdyryp aýralyk,
Gül ömrüm armanly ötäýjek ýaly.

Kakamyrat REJEBOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Selbime / Goşgular - 16.03.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Näme boldy? / Goşgular - 26.05.2021
Hudaý adyl / Goşgular - 12.01.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." / Goşgular - 05.02.2021
Неоконченное стихотворение / Goşgular - 15.04.2021
Epitafiýa / Goşgular - 13.02.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Всего комментариев: 2
0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Salam, Ybraýym daýy! Sizi saýtda görmek meni begendirdi. Kakamyrat Rejebowyñ bu goşgusy barada aýtsam men-ä şu şahyranalygyñ haýrany. Aýratynam şu ýeri:

"Bir alaja ýüpüm aşyk gözlerim
Sen nirede bolsañ ýetäýjek ýaly".


("Bir alaja ýüpüm bar nirä uzatsam ýetýär"diýip matal bar bizde. Jogaby "göz". Şu mataly goşga salyp şahyrana görnüşde ulanyp bilenliginiñ özi onuñ näderejede ussatlygyny görkezmeýärmi?)
Şu goşguny Ahmet Atajanow aýdym edip aýdýar. Men şol aýdymy ilkinji gezek diñlänimde ne Kakamyrat Rejebowy tanaýadym ne de şu goşgyny bilýädim. Her gezek sözlerini diñlänimde de oýlanýadym: "Kim ýazdyka?" Soñ Kakamyrat Rejebowyñ ýazandygyny eşitdim. Oñ beýleki goşgularyny okap gördüm. Şol günden şu güne çenlem şoñ goşgularynyñ ölemen muşdagy.
Elbetde, pikirleriñiz meniñ üçim gymmatly. Hormatam goýýan. Her kimiñ poeziýa garaýşy başgaçarak bolup bilýär.
Galyberse-de siziñ Kakamyrat Rejebowy okamazlyk baradaky maslahatyñyzy menem özüme beripdim, berýänem. Goşgularynyñ erbetliginden däl,oñ täsirinde galman öz ýolumy, Mahymy tapmak üçin.
Soñky aýtjak zadym sizi saýtda has işjeñ göresim gelýär. Öñküsi ýaly goşgular paýlaşyp, pikirleriñizi aýdyp durmagyñyzy umyt edýän!

0
1 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Salam Mahym ýegen,
Siz Kakamyrat halypañyzyñ goşgularyny bu ÿerde paýlaşýarsyñyz hem olary halaÿan bolmaly!? Bu, gowy zat, ýöne bu goşgy siziñ öz aýdýan zatlaryñyza gabat gelmeýän ýaly!? Dil çeperliginde gürrüñ ÿok, ýöne hany seniñ başgalardan soraýan çuñ mazmunyñ? Hany hyýal elementleri, hany ýüregiñi sarsdyryp bilýän sadyk duÿgy? Men seniñ "goşgy çun mazmunly bolmaly" diÿen pikiriñ bilen ylalaşýaryn, çuñ mazmunyñ içinde şygryýet, hyýal, suratlandyrma, ýürekden çykan söz, sydakat (sadyklyk), mähremlik, akymly äheñ ... seygyry şygyr edip bilÿär. Bu şygyr göwnüme bolmasa ýasama ýaly, bir hyýaly magşugyñ gurak waspyndan başga sygryýet tapylmaýar. Men seniñ iberen kitaplarñy doly okadym, Kakamyrat halypanyñ kitaplaryny gaýtalap-gaýtalap okadym, bašgalara hem okap berdim. Olary goşgy diýip janyña ornadyp bolmaýar (Elbetde içinde ýek-ýarym jana ýakymly eserler hem bar). Ýöne dil çeperçiliginden öwrenip boljak zat örän köp.
Saña teklip etjek zadym (ýaşuly hökmünde, kabul etseñ): Belli wagt (bir ýa iki ýyl) özüñi halypañdan azat et, onuñ goşgularyny okama, Kakamyrat aga size ýok ýalak bolsun, şonda okyjylar hakyky Mahym şahyry taparlar. Men-ä şu setirlerden goşgy tapmadym, diñe çeper dil, gözel kapyýalar hem şol halamaýan deñagramly mesraglarym. Gödekligimi bagyşlaweriñ!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]