08:10
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?
ÝERI, SEN ŞOL GYZA MEŇZÄÝMELIMI?


Ak ýüzüňde halyň näme diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!
Öň göwün az aldanýarmy diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Saçy tokmak, boýy söýe ýalydy,
Goly çeper, dokaýany halydy.
Gözi göz, gaşy gaş, özüň ýalydy,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Özüm sowuk boldum, uçurdym bagtym,
Indi ökünýärin ýatlaýan wagtym.
Topraga gömülip ýatan, eý, altyn
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Duşuşmagy besläp ýörün kalbymda,
Mydama günäli şonuň alnynda.
Goşaryň ak bolmasady bolmanda,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Berk tutýan ýere satanmyşynlar,
Tüýs arzuwlaryna ýetenmişinler.
Bu sözüme ýanmadyklar düşünmez,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Görküň öň görülen eziz görke deň,
Sen haýsy toprakdan, haýsy ülkeden?!
Hem-ä şatlandyrdyň, hemem örtediň,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

©Amandurdy Annadurdyýew

Çeşmesi: https://bilgirje.ashgabat.in/index.php/2020/03/25/yeri-sen-sol-gyza-menzaymelimi-amandurdy-annadurdyyew/. 04.05.2022ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 25.03.2020 ýyl
Makalaň WEB çeşmesi


Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: Bagabat | Теги: Sary Bilbil | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Туркменистан—Родина процветания / Goşgular - 25.02.2022
Ironiýa / Goşgular - 29.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Ýene men hakda / Goşgular - 23.01.2022
"Men Seniñ gyzyñ.. " / Goşgular - 27.01.2022
Gargalar / Goşgular - 23.01.2022
"Ine, Watan diýip.." / Goşgular - 25.01.2022
Gijeler / Goşgular - 15.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]