21:35
Ýerdäki melegim
ÝERDÄKI MELEGIM

...Käte düşünip durmuşa,
Göwnüme getirsem gussa,
Eje, meni çagajyk deý
Gujakla ellermi gys-da.

Ynanaýyn bu synagly
durmuş oýun däldigine.
Goýberilen hatalaryň,
Akylly bir däliligne.

Kä ýykylsam, saýgarmasam,
Ýollaryñ beýigin, pesin.
Gujagyñda başym goýup,
Dökeýin ýüregmiñ posun.

Hasapsyz zat ýok ekeni,
Göwünde goýma:ly kine.
Ykbaldan haýyş eýlesem,
Mähir berermi kireýne.

Ýok, señ ýazdan ýyly mähriñ,
Tapylgysyz genji-baýlyk.
Hakdan soňra enelere,
Baş egýändir ähli barlyk.

Ýylgyr, birje ýylgyrşyňa,
Bütin dünýämi bererin.
Barlygym, baýlygym, barym
Sensiñ Ýerdäki melegim!

Nury SAKÇYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: Nury6119 | Теги: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aglama diýme / Goşgular - 26.01.2022
Bagban / Goşgular - 22.02.2022
Şygyrlar çemeni / Goşgular - 22.02.2022
Туркменистан—Родина процветания / Goşgular - 25.02.2022
Diýmedim-ä... / Goşgular - 02.02.2022
Инквизитор / Goşgular - 24.01.2022
Senmi, gülmi? / Goşgular - 30.01.2022
Позови меня / Goşgular - 17.01.2022
"Bag­ty — bagt­ly­lar­dan so­raň gi­diň-de!" / Goşgular - 23.01.2022
«Ты никогда меня не спросишь...» / Goşgular - 23.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Gumlygelin   [Материал]
Goşguda kapyýalar owadan sazlašypdyr.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]