16:01
Ýerdäki gül / hekaýa
ÝERDÄKI GÜL

Afonýa üçin hiç bir zadyň gyzygy ýokdy. Sebäbi onuň kakasy-ha uruşdady, ejesi-de ir ertirden gijagşama çenli kolhozyň süýt fermasynda işleýärdi, atasy Tit bolsa pejiň üstünde şo-ol ýatyrdy. Ol gündizem ýatyrdy, gije-de, irden oýanyp, süýtli aş içjek bolanda-da irkilip otyrdy.
- Ata, uklamasana, sen ukyňy aldyň-a – diýip, şu gün irden Afonýa atasyna aýtdy.
- Uklaman, Afonýa jan, uklaman-la – diýip, atasy jogap berdi. – Gyşararyn-da, men saňa sereder ýataryn.
- Sen näm üçin gözüňi ýumýaň-da, meň bilen hiç zat gepleşeňok? – diýip, şonda Afonýa sorady.
- Men indi gözümi ýumman – diýip, atasy söz berdi. – Indi men yşyga sereder ýataryn.
- Näm üçin sen beýle uklaýaň-da, men ýatamog-a/
- Men gaty kän ýaşadym, Afonýa jan... Üçi kem togsanym dolup ýör,, gözlerimiň özi bürjeşip dur-a.
- Sen garaňkyda ýatmaly ahyryn – diýip, Afonýa aýtdy. Daşarda gün çykyp dur, otlar ösüp dur, sen bolsa şo ýatyrsyň, hiç zat göreňok.
- Men ozal hemme zady gördüm-ä, Afonýa jan.
- Bi, näm üçin seň gözleriň ap-ag-a, hemişe ýaşam akyp dur?
- Olaň röwşi gaçypdyr, Afonýa jan, yşygyň şöhlesi gidipdir-de, gözler çöňňelişipdir, men ozal gaty kän zatlara seretmeli bolupdym ahyryn.
Afonýa atasyny başdan-aýak synlady. Atasynyň sakgalynda çörek owuntyklary bardy, o ýerde bir çybynjygam mesgen tutunypdyr. Afonýa oturgyjyň üstüne çykdy-da, atasynyň sakgalyndaky çörek owuntyklarynyň baryny çöpledi. Çybynjygy-da kowup goýberdi – goý, başga bir ýerde ýaşabersin. Atasynyň elleri stoluň üstünde ýatyrdy; olar up-ullakandy, hamlary-da misli agajyň gabygyna dönüp gidipdi, hamyň aşagynda bolsa ýop-ýogyn gara damarlary görünýärdi, bu eller ýer baryny sürmeli bolupdy.
Afonýa atasynyň gözlerine seretdi. Onuň gözleri açykdy, ýöne hiç zat görmän, biparh garaýardy, owalarynyň her birinde-de ullakan ýaş damjalary bulduraşýardy.
- Ata jan, uklamasana! – diýip, Afonýa haýyş etdi.
Ýöne atasy eýýäm uklapdy. Oglanjygyň ejesi bimar gojany pejiň üstünde oturdyp ýorgana çolapdy-da, işe çykyp gidipdi. Afonýa bolsa kepbede ýeke galypdy, ol ýene tukatlanyp başlady. Oglanjyk agaç stoluň töwereginde gezmeledi, atasynyň sakgalyndan gaçan çörek owuntyklaryna üýşüp, hüw berýän siňekleri synlady; soňra Afonýa pejiň ýanyna bardy-da, uklap ýatan atasynyň niçiksi dem alýandygyna gulak asdy, pejireden çaňap ýatan boş köçä tarap seretdi, näderini bilmän, ol ýene stoluň töwereginde aýlandy.
- Ejem ýok, kakam ýok, atam uklap ýatyr – diýip, Afonýa öz-özüne gürrüň berdi.
Soňra ol asma sagada seretdi, onuň ýöreýşini synlady. Göýä atasyny hüwdüleýän ýaly, jyk-jyk, jyk-jyk edip, sagat örän haýaljakdan hem tukatlyk bilen ýöreýärdi, sagadyň özi-de halys tapdan düşüp ýatyberjek ýalydy.
- Oýansana, ata jan – diýip, Afonýa haýyş etdi. – Sen uklamadyňmy?
- Ä? Ýok, men uklamok – diýip, atasy Tit pejiň üstünde ýatan ýerinden jogap berdi.
- Sen pikir edýäňmi? – diýip, Afonýa sorady.
- Ä? Men bärde. Afonýa jan, bärde men.
- Sen o ýerde pikir edýäňmi?
- Ä? Ýok-la, men baryny pikir edip boldum. Afonýa jan, men ýaşlykdan bäri pikir etdim.
- Ata, sen ähli zady bilýäňmi?
- Hemme zady, Afonýa, men hemme zady bilýän.
- O näme, ata?
- Saňa näme gerek. Afonýa jan?
- Hemmesini diýýäniň näme?
- Meň eýýäm huşumdan çykypdyr, Afonýa.
- Oýansana, ata jan, maňa hemme zat barada aýtsana!
- Ä? – diýip, Tit ata seslendi.
- Tit ata! Tit ata! – Afonýa onuň adyny tutup gygyrdy. – Ýadyňa salsana!
Ýöne eýýäm atasy dymdy, rus pejiniň üstünde ol ýene-de rahat uka gitdi.
Şonda Afnýanyň özi pejiň üstüne çykyp, atasynyň ýanyna bardy hem oýarjak bolup ony yralady. Atasy uklap ýatyrdy, özem ýuwaşjadan pyşyrdaýardy. Afonýa ony oýarjak bolup ýadady. Ahyrda atasynyň topragyň ysy kükäp duran yp-yssy döşüne gysmyljyrap, onuň özi-de uka gitdi.
Ukudan aýňalan badyna, atasynyň garanjaklaýandygyny, özünem ukuda däldigini gördi.
- Tursana, ata jan – diýip, Afonýa aýtdy. Atasy welin ýene-de gözüni ýumup, uka gitdi.
Afonýa özüniň uklan wagty atasynyň oýa bolýandygy barada pikir etdi; şeýlelikde, atasynyň bütinleý ukudan açylan wagtyny aňtamak üçin ol hiç wagt ýatmazlyk kararyna geldi.
Şeýdip, Afonýa garaşyp başlady. Çarhjagazlary çalaja şygyrdap hem owaz edip, asma sagat jykgyldaýardy, ol göýä atasyny hüwdüleýän ýaly, saz edip ýöreýärdi.
Afonýa şonda peçden düşdi-de, sagadyň maýatnigini duruzdy. Içerä ümsümlik aralaşdy. Derýanyň aňyrsynda çalynýan maňňalyň şowurdysy hem potologyň aşagyndaky çirkeýleriň näzijek jyňňyldysy-da eşidilip durdy.
Tit ata gözüni açyp, sowal berdi:
- Sen, näme, Afonýa? Bi, galmagal köpelen ýaly boldy-la? Sen gowur turuzýaňmy?
- Sen, näme, ýatma! – diýip, Afonýa aýtdy. – Sen maňa ähli zat barada gürrüň bersene! Ýogsa sen şo ýatyrsyň, ýatyrsyň, soň ölersiň-dä. Ejem seň wagtyň azalypdyr diýýär-ä; soň maňa hemme zat barada kim gürrüň berer?
- Dur hany, içer ýaly maňa kwas ber – diýip, atasy aýtdy hem peçden düşdi.
- Sen açylaýdyňmy? – diýip, Afonýa sorady.
- Özümi biraz rasladym – diýip, atasy jogap berdi. – Ýör, häzir ýagty jahany bir görjek bolaly.
Goja Tit kwas içdi. Afonýanyň elinden tutup, kepbeden daşaryk çykyp ugrady.
Daşardan gün süýr depä galypdy, ol meýdandaky tümmül bolup ugran bugdaý başlaryny ýol aralaryndaky gül-gülälekleri çoýýardy.
Atasy Afonýany açyk meýdandaky ýodajyk bilen äkitdi. Olar ter ýorunjaly, dürli otlar hem gülälekler ösüp oturan giňişlige çykdylar. Atasy göm-gökje gülüň öňünde daýandy, ol toýunsow topragyň içinden parlap göterilen güli Afonýa görkezdi, soňra büküdip aşak egildi-de, usullyk bilen güljagazy elläp gördi.
- Muny meň özümem bilýän! – diýip, Afonýa süýkdürip aýtdy. – Maňa bolsa iň esasy zatlar gerek. Sen maňa hemme zat barada aýtsana! Bu güljagaz öser, ol hemmesi däl ahyryn!
Tit ata pikire batyp durdy-da, agtygyna gatyrgandy:
- Bu taýda iň esasy zatlaram, ine, şu-da!.. Görýäňmi – toprak jansyz ýatyr, ol daş owuntyklary, başga hiç zat ýok, daş bolsa öli, ol dem alanok, ol jansyz jeset. Düşnüklimi indi?
- Ýok, Tit ata – diýip, Afonýa aýtdy. Maňa-ha düşnükli zat ýok.
- Ýeri, düşünmeseň, duranja bir tüntaw bolsaň, saňa name derkar? Gördüň-ä sen güljagazyň ejiz bir biçäredigini, onda-da ol diri; jansyz bir toprakdan özüne baldajyk ýasanypdyr. Ol kakap ýatan toýunsow gumy janly bedene öwürýän eken, özündenem iň bir päkize ruh göterilýär. Ine, saňa bu ýagty jahanda iň bir esasy zat, ine saňa bar zadyň başlangyjy diýilýän zat. Bujagaz güçl iň bir päk jepakeşdir, ol ölümden dirilik döredýär.
- Ot-çöpdür çowdary-da esasy zat edýärmi? – diýip, Afonýa sorady.
- Des-deňdir – diýip, Tit ata aýtdy.
- Ikimiz nähili?
- Ikimizem şeýle. Biz ýer sürýäs. Afonýa jan, galla ekmäge ýardam edýäs. Hanha, şo sary gülden derman edilýär, ony dermanhanalardan alýalar. Sen şolardan ýolup äkitmel-ä. Seniň kakaň uruşda ahyryn; birdenkä ony ýaralasalar ýa-da ol kesel zerarly ebla düşse, ana, ony şu derman bilen bejermeli bor.
Otdur gülälekleriň arasynda durşuna, Afonýa pikire çümdi. Misli gülälek ýaly, onuň özi-de indi ölümden ýaşaýyş emele getirmek isledi; ol kakap ýatan jansyz bir gum üýşmeginden lowurdap duran gök, gyzyl, sary gülälekleriň nähili döreýändigi barada pikir öwürdi. Olar özleriniň nurana jemallaryny asmana güjeňläp bu ýagty jahanda päkize ruh bilen dem alýarlar.
- Hemme zat barada indi meň özümem bilýän! – diýip Afonýa aýtdy. – Atam, sen kepbä git, seň ýene ýatasyň geler: seniň gözleň birhili aksowult... Sen ýatyber, öläýseňem, sen gorkma. Tozandan çykyp, olaň nähili ýaşaýandygyny güllerden bilerin, öz jesediň içinden çykyp, senem ýene ýaşarsyň. Sen, atam, hiç gorkma!
Tit ata hiç zat diýmedi. Ol özüniň rehimli agtygynyň bolşuna duýulmaz birhili ýylgyrdy-da, ýene pejiň üstünde ýatmak üçin kepbä tarap gitdi.
Körpeje Afonýa bolsa meýdanda ýeke galdy. Ol sary güllerden goltugyna syganyny ýygdy, uruşda kakasynyň ýaradan ejir çekmezligi üçin, derman ýasamak üçin ol gülleri dermanhana äkitdi. Dermanhanada güller üçin Afonýa demir darajyk berdiler. Ol muny kepbä getirdi-de, ony atasyna sowgat etdi: şol darak bilen indi, goý, onuň atasy öz sakgalyny darasyn.
- Sagja bol, Afonýa jan – diýip, atasy aýtdy. – Jansyz gumuň içinde nädip ýaşaýandyklary barada gülälekler saňa hiç zat gürrüň bermedimi?
- Gürrüň bermediler – diýip, Afonýa jogap gaýtardy. – Sen, gör, näçe ýaşaýaň, şonda-da hiç zat bileňok. Ýogsa ähli zady bilýänem diýýäň. Sen bileňog-a.
- Seňki rastdyr – diýip, atasy ylalaşdy.
- Güller sesini çykarman ýaşaýarlar, özüň olardan öwrenip bilmeli – diýip, Afonýa aýtdy. – Özleri bilýärem welin, gülleriň hemmesi näm üçin dymýarka?
Atasy çalaja ýylgyrdy, agtygynyň kellejigini sypalady hem ýerde ösüp oturan gülälek mysaly agtygyny synlady. Soňra bolsa atasy darajygyny goltugynda gizledi-de ýene uka gitdi.

Andreý PLATONOW.

Terjime eden: Meret HALADOW.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 20.02.1987 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 59 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Andreý Platonow | Рейтинг: 5.0/1
Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Beýiklik we dag - 31.03.2021
Дерманхана для ишака - 23.06.2021
Krematoriý / rekwiýem - 22.03.2021
Сопелька и последыш / рассказ - 25.06.2021
Ýalñyşymy ýatladan ýagyş / hekaýa - 14.02.2021
Проклятый хлеб / рассказ - 18.04.2021
Ene / hekaýa - 12.01.2021
Zaçýot sapagy / hekaýa - 14.01.2021
Средство Роже / рассказ - 24.05.2021
Takdyr / hekaýa - 02.06.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]