00:03
Ýer titremesi / hekaýa

ÝER TITREMESI

On bäş sagat elli bir minutda ýene-de Ýer yrandy. Üç sagat töweregi mundan ozalam ol çala silterläpdi. Ýöne bu gezek has güýçli siltedi. Ony ýaşy ýetmişden agan Tagan aga-da duýdy. Duýmazça-da bolmady ahyry. Şol pursat ýaşuly süñklek barmaklary bilen stoluñ erñegine tyrkyldadyp, haýsydyr bir heñe hiñlenip, keýwanysynyñ çaý getirerine garaşyp otyrdy.
Lýuba daýza çaýly çäýnegi ýañy getirip, stoluñ üstüne goýany-da şoldy welin, Ýeriñ gerşi bir gapdala süýşen ýaly boldy-da, çaýly çäýnek duran ýerinden towsup gitdi. Kempir janhowluna gapa tarap ylgady.
- Nirä?
Tagan aganyñ batly sesi Lýuba daýzany ýarpy ýolda saklady. Ýaşulynyñ sesi indi öñkä görä mylaýym çykdy:
- Käse äbermän nirä gaçyp barýañ, kempir, onsoñam "Kyrk ýyl gyrgyn gelse-de, ajaly ýeten öler" diýipdirler.
Ýeriñ gerşi ýene rahatlanypdy. Lýuba daýza Tagan aga käse äberdi-de, özi hem käse alyp, garşydaky oturgyja çökdi. Ýaşuly aýalynyñ käsesini ajy çaýdan püre-pürledi.
Bu wagt töweregiñ gyk-bagy artypdy. Tagan aga bilen Lýuba daýzanyñ öýi birinji gatdady. Şonuñ üçin jaýyñ gabadyndaky meýdança tosup çykýan adamlar olaryñ gözleriniñ öñündedi.
Ilki bilen haly sumkasyny goltuklap, dördünji gatdaky Gözel gelin atylyp çykdy. Owadan gelinler ölmek islänok diýen gepiñ çyndygyny subut etdi ol gelin. Soñra her goltugyna bir çagasyny gysyp, ikinji gatda ýaşaýan Täç daýza Tagan aganyñ penjiresiniñ öñünden hasanaklap geçip gitdi.
Tagan aga howlukman, öz käsesini hem demini alan çaýdan doldurdy. Käseden göterilýän bug burnuna urlan ýaşulynyñ keýpi kökeldi. Ol daşarda turýan gopguna, goh-galmagala üns hem bermän, ýagtylan ýüzüni aýalyna tarap öwürdi:
- Lýuba, ýadyña düşýärmi?
Kempir ýüzüni göterdi. Onuñ ýygyrt basan ýüzündäki mawy gözleri göýä takyryñ ortasyna gaçan iki sany çüýşe döwügi ýaly ýaldyrap gitdi.
- Hawa, Tagan...
Bu günki Ýer titremesi iki garryny elli ýyl töweregi mundan ozal bolan bir waka tarap alyp gitdi.

* * *

Kyrk sekizinji ýylyñ güýzünde, Taganyñ ýañy on dokuz ýaşy dolupdy. Öýde garry enesinden başga hiç kimi ýokdy. Kakasy urşa gidip gelmändi, ejesini bolsa urşuñ yzysüre agyr kesel alyp gidipdi. Olar şäheriñ etegindäki obada ýaşaýardylar. Gün-güzeran ýeñil bolmansoñ, Tagan şäherdäki kerpiç zawodyna işe girdi. Günuzyn gyzgyn kürä, küreden hem daşyna tigirçekli wagonjyklara ýükläp kerpiç daşamalydy.
Iş agyrdy. Ýöne ilkinji aýlygyny alan güni Taganyñ bir aýlyk ýadawlygy el bilen süpürilen ýaly boldy. Ýassyk ýaly bolup ýatan petde-petde pullary ol bilini guşaýan ýaglygyna düwüp öýüne aşyrdy.
Ýöne ol gün aýlygyny almak üçin edaranyń ýerzeminindäki kassa giren mahaly, gözüniñ düşen zady welin ýaş ýigidiñ añyna has berk çümdi: demir gözenegiñ añyrsynda diwaryñ boýunda dañy-dañy pullar örülip goýulgydy. Taganyñ çaky bilen ol pullar dört-bäş haltany doldurjakdy.
Ol iñ soñky bolup aýlyk alypdy. Kassir aýalyñ demir gözenekli gapyny gulplap gideninem görüpdi. Jaýyñ içinde bolsa bir eşek ýüki pul küde bolup galypdy.
Ýaş ýigidiñ göwni kän zat isleýärdi. Onuñ gowy geýnesi gelýärdi. Bir tigirjik edinse-de erbet däl. Goñşusy Meretde-de bar. Süýtlüje sygyr gapyñda molap dursa-da kem däl. Enesi görgüli hezil edäýer. Onsoñ... toýuñ ugruna-da çykyberse bolar. Belli bir gözastyna alýany ýogam bolsa, obada gowyja gyz kändi. Öýlenmek üçinem eslije pul harç etmeli. Taganyñ düwünçege düwüp getiren aýlygy bu çykdajylaryñ ýanynda ujypsyz zatdy...
Pul kassada galypdy-la... Çaý-çöregini iýip bolýança, soñra düşegine geçensoñam, örülip goýlan şol petde-petde pullar ýaş ýigidiñ gözüniñ öñünden gitmedi. Ol gözlerini pessejik pagsa tamyñ ýokarsyna dikip ýatyşyna, hyýalynda şonça puly öýüne getirip gördi. Ine, görseñ ähli zat düp-düz bolup barýar. Toýlarda onuñ egninde täzeje ak ýüpek köýnek, gara balak bar. Tigriniñ şahyndan tutup bärden barar. Zerur bolmasa-da, tigriñ jañjagazyny jyññyrdadyp goýberer. Gyzlaryñ hem gözi bärdedir. Iñ owadanyny saýlar. Gelmejek gümany barmy?! Taganyñ gerşi tüññerip duran burny birneme ulurak diýmeseñ, gür gara gaşlary üstüne abanyp duran gözlerinde ot bardy. Onsoñam, onça pul sähelçe ýetmeziñ üstüni basyrmasa bolmaz ahyry. Asyl pul diýen zadyñ iñ gowy başarýan işleriniñ birem eýesiniñ ýetmezini ýetirmek ahyry.
...Gepiñ kelte ýeri, Tagan hiç uklap bilmedi. Ýaş ýigidiñ gözlerine çiş kakylan ýalydy. Ýarygije ol niýetini bir düwünçege berk düwüp, düşekden sogruldy. Enesi tamyñ burçunda, köneje ýorganyñ aşagynda ýygrylyp ýatyrdy. Tagan eşiklerini geýip daş çykdy. Öýüñ gapdalyndaky kümäniñ gapysyny açyp, içine girdi. Bu kakasy pahyryñ ussahanasydy. Ol kiçeñräk ýekedabany alyp, iki sany halta dolady-da, daşyny ýüp bilen sarap goltugyna gysdy.
Gijäniñ garañkylygyna duwlanan ýaş ýigit bu töwerekden saýlandy-da, şäheriñ gaýra çetindäki kerpiç zawodyny nazarlap ýola düşdi. Edil ýaş gaplañyñky ýaly towsup barýan aýaklary ony kerpiç zawodynyñ haýatyna tiz alyp geldi. Şu töwerekde, garawulhanadan uzagrakda haýatyñ deşigi bolmalydy. Tagan günorta nahary wagty bu deşikden çykyp, golaýdaky bazarjykdan işçilere somsa getirip berýärdi. Gara tañkada gaýnan çaýy öñüne alansoñlar, somsa iýesi gelýän ýaşulular derrew pul jemlärdiler-de, ýeñil oglan diýip, Tagany bazara ibererdiler.
Ýaş ýigit kellesini deşikden añry ötürip diñ saldy. Imisalalykdy. Ol ilki goltugyndaky ýekedaban dolangy haltalaryny deşikden añry oklady, soñra özi hem sümlüp howlynyñ içine girdi. Bu wagt garawul öz jaýynda irkilip oturan bolmalydy.
Taganyñ göwresine ýuwaşja galpyldy aralaşdy. Köp eglense, dyzlarynyñ hem ysgynynyñ gaçyp barýanyny duýan ýaş ýigit howlukdy. Ol edaranyñ jaýynyñ ýeñsesinden aýlandy-da, gapdalky darajyk penjireden ýerzemine düşdi. Garañky däliz bilen sermenip barşyna, kassanyñ tanyş gapysynyñ öñünde aýak çekdi. Ine, şu gün ol şu ýerde durup nobatyna garaşypdy. Özünden öñdäkiler goltuk-goltuk pul alyp çykanlarynda bokurdagynyñ ýumrusy eñegine baryp direlýän ýaş ýigit öz gezegine zordan garaşypdy.
Ine, demir gapy. Ine-de, asma gulp. Gulpuñ ildirilen halkasynyñ myhynyñ ujy kerpiç diwarynyñ içine çümüp gidýärdi. Ýaş ýigit ýüpi çözüp, ýekedabany sogrup aldy. Ýekedaban bilen uran mahaly sesi gaty çykmaz ýaly haltalaryñ birini epläp, gulpuñ halkasynyñ üstüne goýdy-da, eline tüýkürip ykjamlandy.
Ýekedaban garañkyda şowurdap aşak indi. Diñe güñleç dürküldi eşidildi. Ýaş ýigit güýjüni goşarlaryna jemläp, ýene-de çemelendi. Üstünden zarba inen halka boýnuny egreldip aşak indi. Kerpiçleriñ ortasyna kakylan myh dört barmak bäri süýşüpdi. Indi halkanyñ ýeñsesine çalarak kakaýmalydy...
Tagan demir gapyny özüne batly çekdi. Denir gözenegiñ hem halkasyny goparmalydy. Bu gezek gopjak diş ýaly bolup, ikibaka yrgyn atyp başlan kerpiçleriñ arasyndan demir myhy sogurmak kyn düşmedi. Gözenegi ýuwaşlyk bilen içerik iten ýaş ýigit işikden ätledi. Onuñ garañka öwrenişen gözleri diwaryñ düýbündäki pessejik stoluñ üstüne basylyp goýlan pullary saýgardy...
Tagan bu üýşmek pula tarap ýeke ädim hem ädip ýetişmedi. Birden dörän güwwüldiniñ yzysüre ýaş ýigidiñ dabanynyñ aşagy çaýkanyp gitdi. Diwardan gopan suwag duran ýerini ala-tozan etdi. Taganyñ edil ýeñsesinde däliziñ potology aşak çöküp, ýokardan dökülýän kerpiçdir agaç bölekleri onuñ yza gitmeli ýoluny ýapdy. Ýaş ýigit ylgap gapa baranam bolsa, darajyk däliziñ içine sygmadyk kerpiç bölekleriniñ çogup bosagadan bärik inenini görüp yza tesdi.
Güwwüldi ýatyşdy. Tagan ýekedabanyñ urgusyna sarsan diwar ýerinden süýşüp, däliziñ potology aşak çökdi diýip düşündi. Ýaş ýigit edil kapasa salnan gaplañ ýaly, darajyk otagyñ içinde iki baka urundy. Jaý aşak çöken bolsa, garawul eýýäm başlyklara habar berendir. Gelip gazyp başlarlar. Kassa jaýynyñ içinde bolsa, Taganyñ üstünden gelerler. Bu ýerzeminden syçan bolunam çykara deşik galmady ahyry...
Ine, saña weşeñ-weşeñ pul. Ine, saña täzeje tigir... Ol pessejik stoly depip goýberdi. Petde-petde pullar otagyñ içine pytrap gitdi. Ýekedabanyñ sapyna büdräp süssenekläp giden ýaş ýigit tiz dikeldi. Soñra oturgyçlary bir gapdala pyzyp goýberip, agyr ýekedaban bilen diwaryñ böwrüne gütledip başlady. Bişen kerpiçden örülen galyñ diwaryñ böwründe pişigiñ kellesi sygar ýaly deşik deşýänça haýdan ýigit birden diñşirgendi. Onuñ gulagyna inçejik çirkin ses eşidilen ýaly boldy. Gapdal diwaryñ böwründäki deşik barha giñeldi. Ahyry eginleri sygar ýaly deşik deşen Tagan ýekedabany taşlap, goñşy otaga tarap ötürdi.
- Kto tam?
Bu inçejik gyz sesi otagyñ töründen eşidilipdi. Ýaş ýigidiñ üstünden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Bu ýerde ýene bir adam bar bolsa nätjek. Kimkä?
Tagan çaşyp ýatan kerpiç böleklerini elleri bilen itişdirip, goñşy otaga geçdi. Birbada hiç zat saýgaryp bilmedi. Soñra gyşaryp ýatan şkaflaryñ öñünde çöküne düşüp oturan gyzyñ sudury gözüne ildi.
- Kto wy?
Gyzyñ sesi gorkuly çykdy. Tagan näme jogap berjegini bilmän aljyrady. Bu gyz gijäniñ birmahaly bu ýerde näme işläp ýörkä? Şu otagda işleýän hasapçy gyzlaryñ birimikä?
Iñ gowy çykalfa sowala sowal bilen ýüzlenmekdi. Ýaş ýigit şeýle-de etdi:
- A wy kto?
Ýaş ýigidiñ sesinden howp-hatar añmadyk gyz indi birneme arkaýyn dillendi:
- Ýa Lýuba... buhgalter... A tam çto, zemletrýaseniýe...
Tagany tok uran ýaly boldy. Näme üçin bu pikir onuñ kellesine gelmedikä? Ýer aýagynyñ aşagynda çaýkanyp gitdi ahyry.
Onuñ göwrümi giñäp giden ýaly boldy. Diýmek, jaý onuñ günäsi bilen çökmän ekeni. Ýokarda şu wagt ähli adam başagaýdyr. Adamlar özlerini dürseýänçä, ol bu ýerden çykmagyñ aladasyny eder... Ýöne, ol ýeke däl ahyry...
Ol eşidiler-eşidilmez hümürdedi:
- Možet byt...
- Wy zdes çto delaýete?
Tagan gyzyñ bu sowalyny jogapsyz galdyrdy. Gyzyñ özem gaýdyp sesini çykarmady. Onuñ çöküne düşüp oturmasy hem ýöne ýere däl ekeni. Bu otagyñ potology esli aşak çöküp, dikelseñ depäñ degip durdy. Üstesine-de, zor görüp jaýrylan betondan somalyşyp duran demir bölekleri, ahmal bolsañ, gözüñe çümjekdi.
Tagan otagyñ içine göz gezdirdi. Bu otagdan daş çykmak mümkin däldi. Gapynyñ daş ýüzüni ýokardan çöken kerpiç bölekleri gömüpdi. Ýerzeminiñ diwaryny deşip daş çykmak hakda gürrüñ hem bolup biljek däldi. Aşak çöken potologyñ hem sähel ýerini gozgasañ ýokardan kerpiç dökülip dur. Üstüne iki gat jaý çökensoñ, potolok hem haçan aşak inse inibermelidi.
Kassanyñ içinde birneme howpsuzrakdy. Onuñ potology aşak çökmändi. Ýaş ýigit gözlerini tegeläp oturan gyza tarap iki agyz söz oklady:
- Poýdýom otsýuda...
Gyz "nirä?", "näme üçin?" diýip sorajak hem bolman, Taganyñ yzyna düşdi. Bu wagt adatdan daşary bir ýagdaý döräpdi. Eger, günde-günaşa ýer titräp, bu ýagdaý bilen göwräñ öwrenişip giden bolsa, başga mesele... Onda gepiñ-sözüñ, sorag-jogabyñ hem ýerli ýerinde bolardy. Häzirki ýaly ýagdaýa bolsa, olat ilkinji gezek gabat gelipdiler. Ýer titräp, ýerzeminde galmak, onda-da gömlüp galmak baradaky pikir ömrylla bularyñ kellesine-de gelmändi.
Tagan kassa jaýyna tarap geçdi-de, gyza deşikden ötmäge kömekleşdi. Ýaş gyzyñ ýalañaç goşarlaryndan gysymlan ýigidiñ ini jümşüldäp gitdi.
Gyz ýigitdäki üýtgeşikligi añsa-da, añmazlyga saldy. Mümkin, ol eýýäm üstüne jaý ýumrulan bu garañky ýerzeminde erkek kişi bilen galansoñ, ähli zada kaýyl bolandyr. Mümkin, şu ýagdaýda ýeke galmanyna şükür edýändir.
Gyz üýşmek pula büdräp entirekläp gitdi. Tagan onuñ eginlerinden tutup dikeltdi. Gyzyñ bedeniniñ gyzgyny nah köýnekden ötüp, ýigidiñ aýalaryna ornady. Tagan bu gezek elini çekmedi. Ol şu pursaty iñ soñky süýümine çenli süýndürmek isledi.
Bu pursat uzaga çeken bolarly. Gyz ýigidiñ ellerini egninden aýyrdy.
- Spasibo... A eto çto?
Ol bir petde puly ýokary göterdi. Ýaş ýigit göwnüne deglen çaganyñky ýaly, basyk ses bilen jogap gaýtardy:
- Dengi...
Gyz tisginip gitdi. Gijäniñ biwagt çagy. Pully kassa. Ýaş ýigit... Bularyñ üçüsini bir setire jemleseñ, netije talañçylyk bolmalydy.
Gyz ýene bir ädim yza tesdi. Erkek kişi bilen ýeke galany añyna ýetende bir tüýi hem tisginmedik gyz talañçy bilen bu ýerde galmaga gorkdy. Bu gyzyñ añyna entek erkek kişi juda bir ýaramaz zat hökmünde ornaşmandy... Ýöne talañçy welin... Iki ýyl mundan ozal bir gije olaryñ öýüne üç sany ýigit kürsäp giripdi. Olar ejesi bilen Lýubany ýenjip, öýi talap gidipdiler.
Ine, şeýle talañçylaryñ biri şu wagt onuñ garşysynda dur. Belki, bu şol üç kişiniñ biridir. Lýuba garañkyda onuñ keşbini gowy saýgaryp bilenom ahyry.
Gyzy öz oýlary bilen goýan ýaş ýigit ýekedabany aldy-da, gapa golaý bardy. Bu otagda hem şu gapydan başga ýerden çykyp boljak däldi. Bu ýerden çykmak üçin ýeke-täk çykalga - girelgäni ýokardan dökülen kerpiç bölekleridir tagta-tugtadan arassalamalydy.
Tagan eline ilen ýasy tagtany sogrup aldy-da, kassanyñ törüne taşlady. Soñra dörtden-bäşden kerpiç böleklerini hem daşap, öýüñ törüne döküp başlady. Ýokardan girelgä dökülen zatlary ýuwaş-ýuwaşdan ýeñsä geçirmelidi. Şeýdip, öñde yş açmalydy.
Bu ýeke-täk çykalgady. Bu ýerde üstüñden gelip halas ederler diýip garaşyp ýatmak peýdasyzdy. Ýokarda ägirt uly başagaýlyk turandygyny olaryñ ikisem bilýärdi. Diri galanlar ýaralylary, gapyl galanlary halas etmek bilen başagaýdylar. Kerpiç zawodynyñ edarasynyñ ýerzemininde iki adam gömlüp galandyr diýip bolsa, kimiñ kellesine geler...
Lýuba ýerinden turup, Tagana kömekleşip başlady. Gapynyñ agzy dälize tarap göwre sygaýmaly giñedi. Bularyñ ökjeleri ýeñledi. Göýä ýene sähel salym haýdasalar, yş görnäýjek ýalydy. Birdenem Tagan bir bölek tagtany bäri çekende, ýokardan süýşen döwük kerpiçler ýene otagyñ içine döküldi.
Ýaş ýigidiñ jany ýandy. Ol gözüniñ üstüne inen deri eliniñ tersi bilen sylyp goýberdi-de, uludan demini alyp, duran ýerinde aşak oturdy. Ukusyz göwre mazaly ýadapdy. Ol dañy-dañy pullary ýere ýazdy-da, ýadaw göwresini şakyrdaşyp duran täzeje kagyzlaryñ üstüne goýberdi.
Ýaş ýigit ukudan turanda Lýuba hem onuñ ýeñsesinde pullary düşek edinip, Taganyñ pul salmak üçin getiren haltasyny hem üstüne ýapynyp ýatdy.
Ýaş ýigidiñ hasyrdysyna gyz hem oýandy. Taganyñ içegeleri jugurdap ses etdiler. Ol köwşüni çykaryp, içindäki gumy kakyp oturşyna, Lýubanyñ deşige sümlüp goñşy otaga geçip gidenini hem añşyrmady. Birden ötük tarapdan gyzyñ inçejik sesi eşidildi:
- Wozmi!
Tagan ýerinden turup, ötüge golaý bardy. Gyz içi suwly garynlak semawary bärik geçirjek bolup başagaýdy. Tagan ýene-de dört-bäş sany kerpiji goparyp, ötügi giñeltdi-de, semawary bärik çekip aldy. Lýuba içi azykly torbany süýräp ötükden geçdi.
Gyzyñ torbasynda ýarty tokga çörek, bir bölek kolbasa, iki düýp sogan, bir çüýşe-de gatyk bar ekeni...
Açlygyndan içegeleri seslenip başlan Tagan bu zatlaryñ niredendigi bilen gyzyklanyp hem durmady. Elbetde, gyzyñ deşik tapyp ýokaryk çykyp gelmändigi düşnüklidi. Diýmek, bu zatlar ozal şu ýere getirilen bolmaly...
"Garny doka bela ýok" diýleni. Añyrsyna birneme il gonansoñ, Taganyñ gaýgysy azaldy. Ol semawary diwara golaý goýup, galan zatlary hem gapdalyna ýerleşdirip oturan gyza tarap ilkinji gezek höwes bilen söz oklady:
- Kak ty sýuda popala?
Azykdyr suwuñ üstüni tozan siñmez ýaly pul dañylary bilen basyran gyz ýeñsesine öwrüldi-de, howlukman, Taganyñ sowalyna jogap berip başlady.
Lýubanyñ kakasy uruşda wepat bolup, diñe ejesi ikisi galan ekeni. Ýekeje otag. Lýuba hem eýýäm ýetişen gyz. Ejesiniñ ýanyna bolsa mahal-mahal Saşa daýy diýip biri gijäni geçirmäge gelýän eken. Onsoñ her gezek şeýle bolanda, azyk-owkadyny alyp, Lýuba öz iş ýerine-kerpiç zawodynyñ buhgalteriýasynyñ jaýyna ýatmaga gelýän ekeni...
Öten agşam hem Lýuba üçin ýatylmaly gijeleriñ biri bolan bolsa nätjek?!
Gyz sözüni soñlap, Tagana tarap öwrüldi:
- A ty prişýol ograbit kassu... Da?..
Gyzyñ sesinde eýýäm gorky alamaty ýokdy. Ol bu talañçy ýigit bilen bir gijäni bile geçirdi welin, ondan hatda ýaman söz hem eşitmedi ahyryn. Gaýta, bu dörän ýagdaýyñ, gyzyñ göwnüne bolmasa, özboluşly bir gyzygy hem bar ýaly bolup göründi: Ýokarda Ýer titräp, bar zat ýykan-ýumran bolup ýatyr. Ol bolsa gijäni ýerzeminde, kassany ýarmaga gelen ogry bilen bile geçirýär. Ýaş gyzyñ ömründe entek beýle ýagdaý bolup görmändi. Öýlerine kürsäp giren üç sany talañça bolsa bu ýigidiñ meñzeýän ýeri ýokdy. Olar gödekdi. Bu bolsa... gaýta birhili gaty gürlemäge-de çekinip dur. Olaryñ iki sözüniñ biri sögünçdi. Munuñ bolsa agzyndan käwagt bir söz sypýar. Olar zat diýip ölüp barýardylar, hatda Lýubanyñ Ýeñiş baýramyna niýetläp tikinen täzeje nah köýnegini hem alyp gidipdiler. Bu bolsa dañy-dañy pullara-da üns bermän, olary düşek edinip ýatyr...
Dogrusy, ýaş gyz ýañky sowalyna "Ýok" diýen jogaby eşitse gynanjakdy. Ýaş ýigit gyzyñ isleýän sözüni aýtdy:
- Da.
Gyzyñ ýüregindäki pikiri ýeke söze öwrülip dilinden sypdy:
- Interesno...
Tagan garbak-gurbak edinensoñ, ýene gapynyñ öñüne geldi. Ol ilki otagyñ törüne basyp goýan tagtalaryny işige golaý çekdi. Ýaş ýigidiñ niýeti indi diñe ötük gazyp gitmekçi däldi-de, şol ötügiñ gapdallarynu tagta bilen berkidip, ýuwaş-ýuwaş öñe süýşmekçidi.
Lýuba hem kömege geldi. Ilki otagyñ içine dökülen kerpiçleri töre çekdiler. Soñra Tagan däliz tarapdan ýeke-ýekeden kerpiç sogrup, Lýuba uzatsa, gyz hem olary töre oklap ýetişýärdi.
Üç sagat gowrak dynç alman işlediler. Ýumrulmaz ýaly gyrasyna tagta örülen ötük dälizden añry çykyldy. Indi howlukmaly däldi. Sähel seresapsyzlyk etseñ, ähli azabyñ şoniñ bilen bile-de umydyñ, sanlyja sekuntda köýjekdi.
Tagan petde-petde pullaryñ galyñrak düşelen ýeren çökdi.
- Wody daý!
Lýuba semawaryñ jüründiginden demir kürüşgä suw guýup bärik äberdi. Ýaş ýigit suwy tüketmäge howlukmady. Derläp myžžygy çykam göwre, tozan siñop kepän bokurdak üçin her owurt suw bahasyna ýetip bolmajak lezzetdi. Ol bu lezzeti başardygyça süýndürmäge çalyşdy.
Ýaş ýigit demir kürüşgäniñ iki gapdalyndan penjeläp oturyşyna oýa batdy. "Daşarda iñrik garalyp gelýän bolsa gerek. Enem nä haldaka? Dirimikä bir?! Dogrudanam, Ýer titräýdimikä? Dem-dynç alyp garnymy doýraýyn-da, ýene az salym haýdaýyn. Soñ ýatyp dynjymy alaýyn-da, dañdan ýene işe başlaýyn. Ertiriñ bir ýerinde dagy, nesip edip, daş çykyp bolmazmyka? Suwumyz-a ýeter, garnymyzam häzir bir doýursak, ertir agşama çenli gaýrat etmeli bolar..."
Ýaş ýigit gyza tarap öwrüldi:
- Lýuba, dawaý, pokuşaýem...
Gyz sesini çykarman, iýer-içer ýaly zat taýýarlady. Ol dört-bäş dañy puly poluñ tekizräk ýerine düşedi-de, üstüne çörek dolap getiren kagyzyny ýazdy. Her kime üç bölek üsti ýukajyk kesilen kolbasaly çörek ýetdi. Düýp sogany ikä bölüp orta süýşürdi. Kürüşgäni hem suwdan dolduryp goýansoñ, ýüzüni göterip Tagana seretdi.
Garañka öwrenişen gözler indi töweregi birneme saýgarýardy. Tagan gyzyñ eginlerine dökülip duran saçlaryny, sähel süýnmegräk ýüzüni alar göz bilen synlady. Bu gyz saçak ýazyp, indem Taganyñ çörege ilki el uzadaryna garaşyp otyrdy. Gyzyñ bu hereketi ýaş ýigidiñ ýadyna enesini saldy. Enesi hem mydama biş-düş taýýar edip, saçak ýazardy-da, "Öýde ýedi ýaşdan uly erkek göbekli bar bolsa, aýal adam garaşmalydyr" diýip, agtygynyñ çörege el uzadaryna garaşardy...
Tagan bir bölek çörege elini ýetirdi. Çörek hiç wagt onuñ agzyna beýle tagamly degmändi. Ýa-da bu onuñ iñ soñky gezek saçak başynda oturyşymyka... Ýaş ýigit ýaramaz pikirleri kellesinden kowmak üçin çyny bilen çörege güýmendi...
Garna bir zatlar atylansoñ, adam biraz wagt ýaltarak bolýar. Tagan hem tirsekläp ýatyşyna, şu wagt kerpiç köwlemegiñ pikirini edenokdy. Ol özüni ýetişen bir gyz bilen ýerzemine gabap goýan ýagdaýa akyk ýetirmek üçin oýa batdy: "Ol şu ýere köp alyp gitmek üçin gelipdi. Köp pul edinensoñ, ol ilki öýlenmegiñ ugruna çykjakdy. Bu onuñ weşeñ-weşeñ pullara bitirtjek ilkinji uly işleriniñ biridi. Öýlenseñem, iñ hezil ýeri gelniñ bilen bir otagda galmak... Ol bolsa şu wagt eýýäm ýetişen gyz bilen garañky ýerzeminde ikiçäk galypdy. Dogrusy, ol gyzyñ oña dahylly ýeri ýokdy. Ýöne, ýokarda apy-tupan turup, dünýä gapyşyp durka, onuñ ýaly zatlar kimi gyzyklandyrýar..."
Pikirler göwresine ornadygyça, onuñ damarlaryndaky gany tiz aýlanyp başlady. Lýuba hiç zatdan habarsyz aýaklaryny uzyn salyp, giñ sagrysyny diwara ýaplap otyrdy.
Ýaş ýigit gyzyñ ýalañaç injigine elini ýetirdi. Gyz bedeni tisginip gitdi. Ol başda şeýle bolaryndan gorkan-da bolsa, soñ birneme köşeşipdi. Taganyñ uzyn barmaklary gyzyñ dyzyny sypap başlady. Lýubanyñ demi tutulan ýaly boldy. Ol ne gymyldap bildi, ne-de gygyryp. Barmaklaryñ ujy dyzdan ýokary geçende, ol özüne geldi. Gyz ýigidiñ elini itip goýberdi-de, bir ädim añry çekildi. Onuñ bu hereketi gaýta köräp duran köze üfläp duran ýaly boldy. Bir pursatda ýeke dyzyna galan ýigit gyzyñ bilinden gujaklap özüne çekdi. Güýçli şarpyldy garañky otaga ýañ salyp gitdi. Çep çekgesi awuşap giden Tagan ellerini gowşatdy...
Garañkyda gyzyñ burnuny çekip, horkuldap aglaýan sesi eşidildi. Ýaş ýigit öte geçenini bildi.
Ýaş ýigit ýeñsä çekildi. Ümsümlik aralaşdy. Diñe añyrsyna öwrülen gyzyñ horkuldysy eşidilýärdi. Bedenine ýadawlyk aralaşan Tagan uka batanyny-da duýmady.
Tagan köp ýatdy. Ol ukudan turanda, megerem, Gün günorta golaýlan bolsa gerek. Lýuba gapdalda kellesini iki dyzynyñ üstüne goýup, elleri bilen injiklerini gujaklap otyrdy. Iýer ýaly zat bolmansoñ, ýaş ýigit bir kürüşge suwy başyna çekip, ýerinden turdy. Ol Lýuba hiç zat diýmän, ötüge tarap ýöneldi. Ýuwaşlyk bilen süýşüp, onuñ betona direlen ýerine geldi. Eli bilen sermäp, betonyñ birneme gyýtak düşendigini anyklady. Indi onuñ ýokary galyp duran tarapyna süýşmelidi. Tagan şol tarapa öwrülip, düýnden bäri onuñ üçin adaty bir zada öwrülen işine başlady. Gan-gabarçak bolan elleri bilen gum peşäp, kerpiç dörüp ugran ýigidiñ göwresine täze bir hyjuw dolupdy.
Ol ýene kerpiç bölekleridir tagta-tugtalary aşak oklap ugrady. Iki-üç ädim ýeñsede Lýuba olary kassa jaýynyñ törüne daşamak üçin taýýa bolup durdy. Iş gyzdy. Goşa göwrä ýene ynam indi. Dyrnaklarynyñ düýbi syzlap duran ýaş ýigit öten agşamky wakany ýadyna salmazlyga çalyşdy. Lýubadan hem ses çykanokdy.
Birden Taganyñ gözüne çalaja ýylpyldy inen ýaly boldy. Ýaş ýigit ýerinden gozganmaga-a gorkup, gözüni töwerege aýlady. On köpüklik ýaly tegelek ýagty ötügiñ diwaryna direlip durdy. Taganyñ bedenine sowuk der indi. Ol yşygyñ ötüge girýän ýerini gözledi. Ak sapak ýaly inçejik ýagtylyk ýaş ýigidiñ ýañy bir kerpiji sogrup alan ýerinden süýnüp gaýdýardy. Taganyñ ýüregi agzyndan çykara geldi. Ol akja sapagyñ süýnüp gaýdýan ýerini peşäp başlady. Deşik azajyk giñeldi. Ýaş ýigit howlukdy. Deşik ýumruk sokaýmaly boldy. Taganyñ ýaş inen gözleri asmanyñ bir bölegini ~ şol deşige sygan bölejigin saýgardy. Ol ýeñsesine öwrülmäge hem gorkup durşuna, ýuwaşja dillendi:
- Lýuba!
Ýaş ýigidiñ sesinden bir üýtgeşikligi añan gyzyñ sesi batly çykdy:
- Da!
- Wižu...
- Çego?
- Nebo...
Ýaş ýigit kerpiç böleklerini pyzyp başlady. Ol egni bilen omzap, şundan ýokarda ýatan gum-gursyny, kerpiç böleklerini göterip zyñaýjak boldy. Ol güýjüni goşarlaryna jemläp, ýokaryk çykdy. Ýañy öýle tarapa sallanan Günüñ şöhlesi gözüñi gamaşdyrdy. Ol çöken jaýyñ harabaçylygynyñ üstünde süýnüp ýatyşyna ötüge tarap gygyrdy:
- Lýuba, dawaý sýuda...
Gyz ötük bilen ýokaryk howlukdy. Tagan onuñ goşaryndan gysymlap ýokaryk çykmaga kömekleşdi. Üstüni tozan basan sary saçly gelşiklije kelle, ujy birneme jaýtaryp duran burun, mawy gözler, kiçijik dodaklar bilen çürüje eñek, soñra bolsa nah köýneklije inçejik göwre deşikden sogrulyp çykdy.
Tagan dyzyna galdy. Ol örboýuna galan Lýubanyñ süýt ýaly ak injiklerine seretmejek bolup ýüzüni aşak saldy.
Olar ullakan tümmek bolup ýatan harabadan aşak düşdüler. Daş-töwerekde dik oturan jaýa gözleri düşmedi. Ýumrulyp ýatan jaýlar, ibirtde-zibirt bolşup kä göze ilip, käte bolsa ýitip gidýän adamlar...
Lýuba sesini çykarman, şähere tarap ugrady. Ol üç-dört ädim ätdi-de, aýak çekdi. Ýeñsesine öwrülip, Tagana bir zat diýjek ýaly etdi-de, ýene sesini çykarman, ugran ýoly bilen tiz-tiz ýöräp gitdi...
Tagan öýlerine ugrady. Daş-töwerek wes-weýrançylyk. Göýä bu şäheriñ üstünden uly bir uruş geçen ýalydy. Öýlerine golaý geldigiçe, ýaş ýigidiñ dyzlarynyñ ysgyny gaçdy. Ine, iñ soñky öwrüm. Onsoñ olaryñ öýi görünmelidi...
Öý ýerinde ýokdy. Hawa, iki otaglyja pagsa jaý ýokdy. Onuñ ýerindr ullakan tümmek ýatyrdy. Tagan tümmegiñ haýsy tarapyndan barjagyny bilmän ýaýdandy. Şol wagt onuñ ýeñsesinden çybşyldy eşidildi. Ýaş ýigit yzyna gañryldy. Goñşulary Bossan eje iküç ädimlikde eñegini hasasyna diräp durdy. Ol Tagany tanap, ýene birki ädim süýşdi:
- Tagan, dirimisiñ... Eneñizi-hä jaý basandyr, oglum... Sähet aga dagy düýn gazyp aldylar, düýnem jaýlap geldiler...
Garry göýä "Men bitirmeli işimi bitirdim" diýýän ýaly, ýuwaşlyk bilen ýeñsesine öwrüldi-de, ýumrulan jaýlaryñ arasyna siñip gitdi.
Jaý basan enesi... Sähet aga... Öwlüýä... Ýaş ýigidiñ kellesindr bar zat bulam-bujar boldy. Ysgyny gaçam aýaklary ony by töwerekden saýlady.
Tagan bir görse, kerpiç zawodynyñ howlusynda, ýumrulan jaýyñ gapdalynda dur. Ony şu jaý basdy ahyry. Çöregi bitin ekeni...
Ýaş ýigidiñ gulagyna ýene ýeñsesinden aýak sesi eşidildi. Ol kellesini yza aýlady. Ýeñseden Tagana golaý gelen Lýubanyñ mawy gözleri ýaşdan doludy. Taganyñ gany gaçan dodaklary zordan gymyldady:
- I twoýy mamu tože...
Gyz çala baş atdy. Ol Taganyñ gapdalyna gelip durdy. Ine, ikisini iki gije-gündizläp aşagyna alyp ýatan tümmek. Bu tümmek ikisini aman sypdyrdy. Ýöne, başga bir ýerde iki sany tümmek welin, bularyñ iñ golaý adamlaryna hiç hili umyt goýmandy. Ýaş ýigidiñ ysgyny gaçan göwresiniñ agdarylyp giderinden heder eden Lýuba onuñ goltugyna girdi.
Goşa göwre howludan saýlandy.

* * *

Iñrik garalyp, Ýer yrananda bosup daş çykan adamlar, Hudaýy çagyryp, öýli-öýüne ýygnanypdylar. Tagan aga kellesini stola ýaplap, birwagt uklap galypdy. Lýuba daýza stoluñ üstündäki çäýnek-käsäni ýygnaşdyryp, kiçijik bir ýassyk alyp geldi-de, ýaşulynyñ kellesini emaý bilen stoldan göterdi. Soñra adamsynyñ süñklek çekgesini ýumşak ýassygyñ üstüne emaý bilen goýdy-da, gojanyñ hor eginlerine ýukajyk ýorgançany ýapyp, aşhana ýöneldi.

mart-aprel, 1997 ý.

Juma MÜLKAMAN.

#edebiyatwesungat_98

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 652 | Добавил: Нawеran | Теги: Jumageldi Mülkiýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 6
0
6 Gökböri   [Материал]
Şu güne çenli okan iñ gowy hekaýam.

0
5 hupbulwatan   [Материал]
Уйтгешик хекая.

0
4 Rahat   [Материал]
Aý şu hekaýañ gowydygnay, eline saglyk Jumageldi Mülkiñ.

0
3 Gurban   [Материал]
1948 ýylda bolan ýer titreme barada Çary Baýryýew, «Röwşen günlere gelýänçäm...» kitabam bolmaly.

0
2 Мylayym   [Материал]
Hekaya hem gyzykly eken. Gahrymanlañ sozi orsça ozem. Uytgeşik hekaya.

1
1 Мylayym   [Материал]
Bähh bu gûn 6-njy oktyabrdyr-ow.

48-de yer titremede wepat bolan ähli aşgabatly ildeşlerimize Alladan rehmet dileyaris.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]