17:25
Ýer şarynyñ kyýamaty
ÝER ŞARYNYÑ KYÝAMATY

Kuranyñ Ýer şarynyñ kyýamaty baradaky jümleleri ünsli öwrenilende, bu simwoliki düşündirişleriñ sferalaýyn apy-tupanlar zerarly ýaşap bolmajak derejä gelen ýer togalagyna ünsi çekmek isleýändigine düşünip bolýar.

Şu ýerde sferalaýyn apy-tupanlaryñ ýer ýüzüni ýaşap bolmajak ýere öwürmegi meselesinde ylmyñ berýän maglumatlary bilen Kuranyñ maglumatlarynyñ gabatlaşýandygyny dykgatyñyza ýetireliñ.

• ZÄHERLI GAZLAR MESELESI

Zäherli gazlaryñ atmosferany gurşap almagy we ýaşaýyşy kynlaşdyrmagy Kuranyñ nukdaýnazaryndan seredende kyýamat alamatydyr.
"Dühan" süresiniñ 10-12-nji aýatlarynda şeýle diýilýär:
"Indi sen, asmanyñ açyk görüp bolýan duman getirjek gününe seret! Adamlary gurşap alar. Iñlediji azapdyr bu! "Eý Rebbimiz! Aýyr bizden bu azaby. Biz hakykatdanam möminlerdiris."
Kuranyñ bu beýanyna häziriñ alymlary şu düşündirişi goşýarlar:
Zäherli gazlaryñ atmosferany zaýalamagy netijesinde hapalanan howa sebäpli tebigy resurslar weýran bolar, ýaşaýyş barha kynlaşar.
Hemmämizem gowy bilýäris, howanyñ zäherlenmegi ozon gatlagyny deşdi we bu deşik Stiwen Hokingiñ aýtmyşlaýyn "Amerika yklymynyñ üç esse ululygyna ýetdi. Bu deşik sebäpli dünýä gorkunç radiasion we ultrawiolet ýagyşynyñ howpy astynda.
Hut Hokingiñ özi bu ýakymsyz faktyñ kyýamat alamatlarynyñ biridigini aýdýar.
Alymlaryñ ünsi çekýän "ýer ýüzüniñ çölleşmegi-de Kuranyñ aýdýan kyýamat alamatlarynyñ biri bolup öñe çykýar.
Buzluklardaky ereme maýylganlyk howpuny artdyryp, ýer ýüzüniñ ösümlik örtügini gitdigiçe ýukaldýar. Munuñ netijesinde iñ hasylly topraklaram çölleşer. Kuran munuñ üstünde kyýamat alamatlarynyñ biri hökmünde ýörite durup geçýär. Bu baradaky esasy maglumatlar "Kehf" süresinde berilipdir.
Birinjisi, esasy ýagdaýy görkezýän 47-nji aýatdyr. Onda şeýle diýilýär:
"Ol gün şeýle bir gündür welin, daglary ýerinden oýnadarys, ýer ýüzüni çuw-ýalañaç halda görersiñ. Adamlary huzurymyzda toplap, aralaryndan ýekesinem hasaplaşykdan goýmarys."
Ikinjisi, bu "çuw-ýalañaç goýmagy" has jikme-jikleşdirýän 7-8-nji aýatlarda şeýle diýilýär:
"Biz ýer ýüzündäki zatlary şeýle bir owadan etdik welin, adamlary aralaryndan haýs6 iş we önümçilik taýdan has gowy diýip synap göreliñ. Hem şulam bir hakykat: elbetde, biz ýer ýüzündäki hemme zady ösümlik ösmeýän, gurak we ölüme äkidýän gup-gury toprak görnüşine getirjekdiris."
Şu aýatlardan görnüşi ýaly, ýer ýüzi bir gün üstündäki ösüp oturan agaçlardyr ösümlikler bilen birlikde guramaly we gytçylyklara, ölümlere ýol açýan gowrulyp ýatan bir gysym topraga öwrülmeli.
Aýsbergleriñ eremegi bilen bile artýan gyzgynlygyñ ýer ýüzüne getirjek güni, ine, şular ýalydyr. Bu günüñ aýylgançlygyny adamzada iñ gowy mysallar bilen añladan meşhur fizik Stiwen Hoking şeýle diýýär:
"Dünýämiziñ atmosferasynyñ şu maýlap gidişine, lasyrdap gaýdaýan sernyý kislota-asetonly Wenera meñzemeginden gorkýaryn".
Stiwen Hoking biziñ Kurana salgylanyp aýdýan hemme duýduryşlarymyzyñ barsyny diýen ýaly fizikaçy alym hökmünde birin-birin düşündirip, adamzadyñ öñümizdäki müñ ýylyñ içinde ýok bolma howpy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny orta atýar.
Biziñ pikirimizçe Hokingiñ bu duýduryşynyñ özi kyýamat alamatydyr. Elbetde, bu diñe ybrat alyp, yrfany we imany gözden düşürmän üns bilen diñleýänler üçin...

• ÝADRO ÝARAGLARYNYÑ HOWPY

Tebigata we tebigy deñagramlylyga howp salýan iñ uly zyýanlardan birem esasan ýaraglar, aýratynam ýadro ýaraglarydyr. Ýadro howpunyñ näderejede aýylgançlygyna göz ýetirmek üçin şu fakty mysal getireliñ: Ýadro ýaraglarynyñ 1985-nji ýylda baryp ýeten derejesi 58 milliard adamy öldürip bilmäge ukyply güýçdi.
Siz indi onuñ 2000-nji ýyldan soñky ýeten derejesiniñ abandyrýan howpuny we aýylgançlygyny göz öñüne getiriñ.
Ýadro ýaraglarynyñ abandyrýan howpuna dogry düşünmek üçin 1986-njy ýyldaky Çernobyl partlamasyny ýatlamagam ýeterlik bolsa gerek. BMG bu hadysany taryhyñ iñ uly tehnologik heläkçiligi hökmünde hasaba aldy. Ýedi tonna agyrlykdaky radioaktiw madda daş-töwerege ýaýrady. Başky hasaplamalara görä 32 müñ adam wepat boldy. Şol radioaktiw weýrançylygyñ sebäp bolýan düwnük (rak) keselleri häzirem jan almaga dowam edýär.
Ikinji jahan urşunda Nagasaki we Hirosima şäherine atylan iki atom bombasyndan iki ýüz esse güýçli radiasiýa tolkunyny ýaýradan Çernobylyñ syçrantgylary hünärmenleriñ berýän habarnamalaryna görä, ýüzlerçe däl, müñlerçe däl, millionlarça ýyla çeker.
Hiç hili urşuñ, sögüşiñ, dawanyñ ýokdugyny göz öñüne getireliñ: dünýäniñ eýlesini beýlesine öwürmek üçin Çernobyla meñzeş iki-üç sany "heläkçilik" ýeterlik.
Görşüñiz ýaly, adamzadyñ gäbiniñ azyp, tebigat bilen, Hudaý bilen gidişmegi bizi nirelere getiripdir.

23.02.2009 ý.

Ýaşar NURI ÖZTÜRK.





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 98 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýaşar Nury Öztürk | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]