19:27
Ýeñiş güni ýazylan goşgy
ÝEÑIŞ GÜNI ÝAZYLAN GOŞGY

Taryhyñ ýowuz ýeri -
Kinoda bäbekleri
Jebir içre oklaýan
Şol ganojak frisiñ
Uzan dek zalym eli,
Bagra basýan oglumy,
Oglumy gujaklaýan.

Ogşap giñ mañlaýyndan,
Gujaklap, berip pendin.
Gerçegin ýowa ýollan
Enäñ gaýgysy bilen:
Kalbynda jeñ gaýyndan,
Aman saklap perzendin,
Başyn oglun merdana
Atañ söýgüsi bilen
Kalbym mydam dolumy?!
Gujaklaýan oglumy!

Toý gününiñ ertesi
Başa atyp kürtesin,
Ýaryn urşa ugradan,
Düýşünde gaýyn enä
Sallançagy üwreden.
Gelniñ ýadygär keşbin
Ýüreginde saklaýan,
Atalañ mähri bilen,
Oglumy gujaklaýan!

Gujagy gyzjagazly
Heýkel bolan esgere,
Dogan sanýan özümi.
Göterýärin oglumy -
Durmuşymyñ sazyny!

Beýik şatlyk, beýik ses
Uçýar, uçýar her ýana.
Ýeñiş kimin mukaddes,
Ýeñiş kimin nurana
Säher saýrap oýanýan,
Gije gül dek uklaýan -
Oglumy gujaklaýan!

Süleýman ILAMANOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 26 | Добавил: Haweran | Теги: Süleýman Ilamanow | Рейтинг: 1.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aglama diýme / Goşgular - 26.01.2022
"Их-то Господь — вон какой!" / Goşgular - 15.02.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
О разных вкусах / Goşgular - 25.02.2022
Düşnüksizlik / Goşgular - 30.01.2022
Посвященные стихи / Goşgular - 22.02.2022
Выходец из могилы / Goşgular - 26.02.2022
Туркменистан—Родина процветания / Goşgular - 25.02.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Ökünç / Goşgular - 06.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]