19:53
Ýekelik
ÝEKELIK

Şu pursat hiç zadyň parhyn bilemok,
Özümi, dünýäni unudyp barýan.
Şuwagt Innoplanetýan gardaş diýse-de,
Men oňa birjigem bolmaryn haýran.

Şu pursatda asla haýranym bolmaz,
Ýyldyzlar göz gyrpyp, gözden ýitse-de.
Höwesim, haýranym bolmaz hiç zada,
Agaçlar ädimläp ýöräp gitse-de.

Belki diýýänlerme düşünen bolmaz,
Bulary okanam oturyp güler.
Goý, olar bilmesin, zyýany ýokdur,
Ýagdaýymy mydam Ýekelik biler.

Ýekelik wepaly dostum bolupdyr,
Käte içim ýakyp, kelläm ýarsa-da.
Ynha, dek düýnjigem gürrüňdeş bolup,
Seýran etdik, Aýa, Güne, Marsa-da.

Dertleşeli ýene oturyp bile,
Ýat däl-ä sen, durmasana çekilip!
Bu gije-de myhman alaýyn seni,
Meslekdeşim, ajap dostum, Ýekelik!

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Как умерла моя кошка / Goşgular - 21.02.2022
Грипп / Goşgular - 17.02.2022
Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Heýkeller ýylgyrmaýar / Goşgular - 02.02.2022
"Лежала я вечор в беседке ханской..." / Goşgular - 17.01.2022
То одно, то другое / Goşgular - 19.02.2022
Gussa / Goşgular - 14.01.2022
Tötänlik / Goşgular - 12.01.2022
Сначала страдать / Goşgular - 25.02.2022
О разных вкусах / Goşgular - 25.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]