00:03
Ýeke-ýekeden
یکه- یکه دن

سئنلاپ طئللا گۆنۆنگ باتئپ بارشئنئ,
آسلئشئپ زۇر بیله داغدان -‌ دپه دن.
بیلدیم گۆنلنگ منی ترک ادیأنینی,
یکه- یکه دن...

یؤنه گۆن آدام دأل, دۇغار ینه-ده,
سحر ینه غوشلار جۇشوپ سس ادر.
اوزار بارار آق گۆنلرینگ کرونی,
یکه- یکه دن...

گچیبرسین گۆنلر, یؤنه سیز بری,
گؤونه دگیپ, سؤز اۇقلامانگ کسه-دن.
چۆنکی آداملارام گیدیپ باریار-لا
یکه- یکه دن...

غۇجا زمین ایچره بیر حاقئقات بار,
گؤز یتیرر گچمیشینه اس ادن.
هممه زات دؤره یأر, ییتیأر أهلی زات
یکه- یکه دن...

✏️ قاقامئرات رجبۇو

• ÝEKE-ÝEKEDEN

Synlap tylla Günüň batyp barşyny,
Aslyşyp zor bilen dagdan-depeden.
Bildim günleň meni terk edýänini,
Ýeke-ýekeden...

Ýöne Gün adam däl, dogar ýene-de
Säher ýene guşlar joşup ses eder.
Uzar barar ak günleriň kerweni,
Ýeke-ýekeden.

Geçibersin günler, ýöne siz beri,
Göwne degip, söz oklamaň keseden.
Çünki adamlaram gidip barýar-a,
Ýeke-ýekeden.

Goja Zemin içre bir hakykat bar,
Göz ýetirer, geçmişine eseden.
Hemme zat döreýär, ýitýär ähli zat,
Ýeke-ýekeden...

Kakamyrat REJEBOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Haweran | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 3.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021
"Humarala" / Goşgular - 08.02.2021
Aglan ekeniñ / Goşgular - 30.03.2021
Zenan ýüregi / Goşgular - 06.03.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Dostuma / Goşgular - 01.06.2021
Boýun almak / Goşgular - 04.04.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Bahar toý tutýar / Goşgular - 20.03.2021



Всего комментариев: 8
0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Indi şu terjime edildigimi ýa ýöne arap ýazuwynda goýuldygymyka?

0
5 Gulya   [Материал]
Göwnüyetmezçilik edyañmi birhili? edildigimi, goýupdygymy diyp?

0
6 Gulya   [Материал]
Goşgy türkmen dilinde, yöne arap yazuwynda.

0
7 Aksary   [Материал]
1nji teswiri oka, bilmeýänlere peýdasy bar.

0
8 sabyrly   [Материал]
Terjime däl, arap elipbiýine geçirilipdir harplar.

0
3 mango   [Материал]
Goja Zemin içre bir hakykat bar,
Göz ýetirer, geçmişine eseden.
Hemme zat döreýär, ýitýär ähli zat,
Ýeke-ýekeden...

gowy goşgy.
ýöne, edebiýadam bolsa "ähli zat ýitýär" meselesine ynanasym gelenok.
hawa, "geçmişe esetsek (äňetsek, garasak...) hakykatdanam geçen ýiten ýaly, çagalyk ýiten ýaly, ýaşlyk ýiten ýaly.... garaz şeýle ýaly.
emma, gyzykly filosofiýa.... çagalygym ýogam bolsa özüm bar, ýitmedim. ýöne özüm bar diýmegem birhili, sebäp üýtgäp gidip durun, ertir başga sypatda, başga ýaşda bolaryn..... umuman-a bar edilen zat ýitmeýän bolmaly.... has dogrusy ýok bolmaýan bolmaly.
eşitdim.... biziň bar eden sözlerimiz, agzymyzdan çykan doga dileglerimizem bir ýerlerde toplanýarmyş.... ýöne, ol başga gürrüň. biz agzymyzdan çykjak zatlara üns bermeli ekenik.... has dogrusy gowy zatlary çykarmaly. soň eýesini tapanda (ýitigini tapanda) utanmazymyz ýaly...

0
1 Gulya   [Материал]
Gowy täzelik. Hem arap elipbiýde hem Latin elipbiýde.

0
2 mango   [Материал]
hawa. ýöne arap elipbiýli wariantynyň şriftini iki esse ýaly ulaldyp goýsalar, bahana bilen öwrenişip, öwrenibererisem.
(adminlere haýyşymyz bolsun).

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]