00:05
Ýedi ýyl öñ...
ÝEDI ÝYL ÕÑ...

Ýedi ýyl öñ..
hut şu sene,
ûşbu sagat üşbu aý
Getirdiler
ýollaryna gül düşäp,
toý berdiler şanyna,
Bagt bagynyñ ýazlagyn bagş etdiler
Sonarlykda kõşki eywan içinde
Dünýañ seyranyna gelen tez maral
Suwa indi süýji suwly güzere
Ismi Nurdy, ýylgyrşy gül, Husny aý
Saçy ýüpek, gõwni bahar, mähre baý,
Hüýrler mesgeninde perizada taý,
Ýedi ýyl diýlen gün,
hut şol sene şol bir sagat,
hut şol gün...
Oyalykmy? Ukydamy? Bilemok,
Gelimli gidimli dünýäñ gapysy
Õñ açylan, çykardylar birini..
Dur! Bir ýapylsa açyp bolmaýar
Mümkin däl,
Daşyndan berklenya, girip bilmeýär içdäkiler çäresiz, Soñra diñe düýş,
Õkünç, Ahmyr, Arman,
Õçen umyt, Undylan gülkiler
Solan ýüzler (Ýylgyranam bolarsyñ
Güýmenersiñ,
Emma welin
Çüýlenensiñ
Kalbyñdan..
Düýşümmidi?
(Hawa!-diýiñ)
oýanaýyn ukydan
Yok!
hakykat bolmasyn bu gõrülen:
Gõwni zaryn zaryn eleýär Mukam
Peryadyna küren küren il yñrap...
Asman inmese-de gopdy kyýamat
Zemin ýarsmasa-da hopukdy deñiz,
Aglady Asman,
Urundy ýyldyrymlap..
Däli dünýä yene tutdy kejirne
Dõzdi şol jereni ýowuz jebrine
Ene galdy, sona gelniniñ ody
Bagryn çawlap zary girýan jibrine.
Hut ýedi ýyl diýlen gün
Şol bir sagat, şol bir sene, hut şol gün..
Ugratdylar biçäre, Soñky yoluna...

07.07.2019
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 201 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 5.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Bilesim gelýär / Goşgular - 23.02.2021
Rubagylar / Goşgular - 21.02.2021
Любовь / Goşgular - 05.04.2021
Syrajetdin Nagyşbendi / Goşgular - 14.04.2021
Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021
Hatyra / Goşgular - 12.04.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Hötde gel / Goşgular - 11.02.2021
Ýör, göwün / Goşgular - 21.02.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]