07:05
Ýedi goşgy
ÝEDI GOŞGY

Yhlasymdyň, bitin ykbalymdyň sen,
Yşkymyzdan söýgä şeker sepildi.
Bagtyň giriş sazy çalyndy şu hal,
Ine, birden söýgiň küşdi depildi.

Sowuldy dabara, çolardy kalbym.
Özgeleriň ara atan çöpleri
Sebäp boldy aýralygyň çapagna.
Isledim, islänsiň senem, düşünýän,
Köýen bagtymyzyň bagt taparna.

Şol sebäpli ýagdy ömre gussalar,
Ýatlamalar deşip barýar ýadymy.
Kemýär ömrümizi, diri aýralyk
Beýle elhenç kösär eken adamy.

24.08.2021 ý.

*  *  *

Nijeme gezekler öpüşdik bile,
Hawa, dodagymyň aldyň terligin.
Indi biwepalyk edýärin, sebäp
Bu günki gün bildim seniň kimligiň.

Yzyn üzmän posa alsam lebiňden,
Essi gidip, çala saňňyldar elim.
Edil häzir erkim-ä öz elimde,
Ah, serim sämeden deýýus sen, çilim!

*  *  *

Gür berenok, syr berenok bu asman,
Ýöne ol bir zatlar aýtmak isleýär.
Aýdandyr, ahmal.
Onuň ýagyşlarna, ýagýan garyna,
Çakýan ýyldyrymlar, çapgyn ýellere.
Asla siz olara gulagam asmaň,
Basmaň onuň gümmürdüsin ýüzüne.
Gara perdesini syrýar-da asman,
Ýol görkezýär akmaýanyň ýollary.
Düşünmesek, neneň çydar halyna?!
Gör, bize ýedigen soragyn berýär!
Üns ber gijeleriň çekýän zaryna.
Gündiz Güni terk edişin,
Gün ýanyşyn,
ýada salgyn.
Ýaz ýagyşdan
güller hem-de gülälekler
gelýär dünýä görme-görşe,
Mähirleşer bir-birege,
Uzyn tomus halaşarlar.
Ýöne welin, güýz gelende
Soňky demi sanaşarlar.

Bir gün öýle Gün batar,
Gözýetimiň ýiter gider.
Utar gider, gör, kimseler...
...el serer.
"Hem bilseler aýny wagty,
Hut şu pursat ut, şu hal!" -
diýýän ýaly bu asman,
Bu derdeser - bu heser...
Bilseler...
Ol bize bir zatlar aýtmak isleýär,
Aýdandyr, ahmal.

28.01.2021 ý.

*  *  *

Şol gün, elmisakdan pana gelşime
Duýgular - ýarym-ýaş, arzuw - öýkeli.
Aýazly hasratda gezip ýörşüme,
Sowuklapdyr ykbalyňam öýkeni.

Derdim syrdyr özgelere Taňrydan,
Çep gursakda dörän hesret gomy nä?!
Eýmenç düýşler azda-kände ýaňzydan,
Ýormaga pygamber Ýusup barmy nä?!

Ýa Biribar, ähli zady başarýan,
Täk haýyşym: Yşk pirine duşuryň!
A men diňe gam-gussany başarýan,
Ýene bir zat: wagty bagta süýşüriň!

Goý, eglensin wagtam, bagtam deňimde,
Bir pursatlyk serim sämäp göçeýin.
Şu haýyşm bolýan bolsa eger-de,
Soň onsoň duşmasam, duşman geçeýin!

05.10.2019 ý.

*  *  *

Jemlemänkäm toba sözüm,
Heniz bulgur çakyşýarka,
Keýp ederdim çilim bilen
Dodaklarym tapyşýarka.

Açylardy gije-gündiz
Bozukhanaň gapylary.
Galyňka meň kiselerim
Bolmazdy oň ýapylary.

Telpek, tahýa ýa:tdy maňa,
Donly görüp ýadyrgadym.
Ötenlere aýat okap
Hem töwirden dadyrmadym.

Bilmezdimem şerigaty,
Baş çykmazdy "elip"-denem.
O mahallar nebsim diri,
Has beterdim ýezitdenem.

Hesipdenem çykdy günäm,
Günälerim ýykdy kümäm.
Söz jemläýin toba bilen,
Goý, sogabym bolsun dümäm!

28.11.2019 ý.

*  *  *

Eý, ykbal, azajyk wyždanyň bolsa,
Meniň saňa gözýaşlarym ýetik bor.
Ýetip bor arzuwly ýazlara haçan?!
Zerre deý yş düşmez ýörän ýoluma.
Yş ýok, gyş bar, her deşikde petik bar.
Keç ykbal!
Geç, ykbal, deňimden meniň,
Bagtym däl, gussalar daşy ýaryp ýör.
Öten agşam düýş gördüm men:
Bir goja
geçmiş bilen geljegimi garyp ýör.
Aryp ýör ol, görseň, hakyt çyny-da!
Ne-hä dynç alýar ol, ne-de irýär ol.
Çykyp gelýär niredendir bir ýerden,
Ýene birden bir ýerlere girýär ol.
Syrýar ol saçlarymy päkiläp,
Gyýym-gyýym, dilim-dilim dilýär-de,
Düşnüksiz sözler diýýär käkeläp,
Soňam maňa "loh-loh"-laýar, gülýär-de.
Düýşlügem däl,
Bu gürrüň gürrüňi içi ýananyň,
Gaýgy-gussa, tüsse iýdi aklymy.
Daş ýüzüm çirkizdi hasrat ýalynyň.
Goý, ýetmesem, ýetilmesin bagtlara!
Tagtlara mynasyp bolman geçeýin!
Arzuwly ýazlara, bagtly günlere
Ýetilmänkä, getirilmänkä alnyma
Men olara "Hoş gal!" diýip geçerin.

28.07.2021 ý.

*  *  *

Ýyllar günlerini aglap geçirer
Adamlaryň düşüp ýören halyna.
Ýazlar gezeginde güller eçiler,
Kim düşüner bu gyşlaryň zaryna?!

Gamgyn aýdym ýüreklere tiz ýetýär,
Tiz ýitýär bolgusuz heňdir heşelle.
Iki melek egnimizde syn etýär,
Geçip barýas, bu durmuş bir geçelge.

Hem baglar yranar, öwüser ýeller,
Gör, kimleň begenji gözde ýaşymyz?!
Ýaşan ýaşymyza jogapmy ýyllar,
Ýyllara jogapmy ýaşan ýaşymyz?!

08.03.2021 ý.

Guwanç AMATYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: Pegas | Теги: Guwanç Amatyýew | Рейтинг: 3.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gutlaglar / Goşgular - 19.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
«Были павлины с перьями звездными...» / Goşgular - 17.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Люблю? / Goşgular - 20.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Bolar / Goşgular - 19.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 4
1
4 Gumlygelin   [Материал]
Suraý dogry aýdýañ...
Şu ýerde Kakamyrat aga edýän işleri üçin ullakan sag bolsun aýdaýyn menem. Ömri uzak bolsun. Edýän ýagşy işleri üçin hemişe ony Alla ýalkasyn!
Guwanç jigimize-de üstünlik ýaran bolsun. Ýaşlygyna garamazdan okyjysyny, diñleýjisini her goşgusynda tolgundyryp goýbermegi başarýar. Bu hem ussatlykdan nuşan.

0
3 Mähriban   [Материал]
Guwanjyň bir goşgusynyň täsiri hakynda kelam agyz aýtmazdan owal hormatly halypamyz Kakamyrat Ataýewe köp sagbolsun aýtmak isleýän. Kakamyrat aganyň eserleri aýratyn bir kitaplyk gürrüň. Haýsy eserini alsaň hem durmuş, durmuşyň aj-u-süýji hakykatlary. Kakamyrat aganyň nazaryndan iň bir ownuk detalam sypmaýar. Bärde başga bir zada ünsi çekesim gelýär: Kakamyrat Ataýewiň edebiýat üçin gije-gündiz, irginsiz... alyp barýan işleri. Şu saýtdaky awtorlaň, agzalaň, belki okyjylaryň hem birnäçesi şaýatdyr hormatly halypamyzyň bitirýän hyzmatlaryna. Özem ol hyzmatlary mugt etmek, gaýtargysyz etmek, kör-köpüksiz etmek, hiç bir bähbitsiz etmek... Ömrüňiz uzak bolsun, Kakamyrat aga! Alladan gaýtsyn!
Kakamyrat aganyň ýolbaşçylygynda geçirilýän edebiýat birleşmeleriniň birinde Guwanç jigimiziň "Gür berenok, syr berenok bu asman..." diýip başlanýan goşgusyny öz okamagynda diňlemek miýesser boldy. Şol goşgy mende diýseň uly täsir galdyrdy. Guwanç Amatyýewe uly üstünlikleri arzuw edýäris!

1
2 permanh2206   [Материал]
Gowy gosgy Sapa kaka yetirip durun. Üstinlik hemran bolsun

0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Ba-yıl-dım!
Super, Guwanç awtor. Hatda okap oturkam Sapa awtoryñ goşgulary diýip okadym. (Bu bir tarapdan ullakan öwgi beýleki bir tarapdanam pikirlendirýär, şeýle gerek?!") Iñ halan ýerimem mowzugyñ jememesi boldy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]