21:43
Ýedi arkaňyzy bilýärmisiňiz?
ÝEDI ARKAÑYZY BILÝÄRMISIÑIZ?

Aslyňy bilmek, nesil daragtyňy öwrenmek, dogrusy yrsgal-döwletlilikden nyşan, bu bolsa her bir ynsanyň baş isleg-arzuwydyr. Her bir adamyň öz nesil daragtynyň taryhyny bilmeginiň terbiýeçilik ähmiýeti-de uludyr. Çünki islendik raýatyň şejeresi onuň ýaşaýan ýurdunyň taryhynyň aýrylmaz bölegidir. Taryhy halk, ilat, adam döredýär. Bularyň bary birigip, ýurduň-Watanyň taryhyny emele getirýär. Nesilleriň ýedi arkasy: ogul, agtyk, çowluk, ýuwluk, gowluk, geňlik, taňlyk diýlip sanalypdyr.
Bu hak-da Arkadag Prezidentimiziň «Döwlet guşy» atly romanynda: «Her bir adamyň özüni doly tanamagy üçin ilki bilen öz neberesini, halkyny, olaryň dünýäsini bäş barmagy ýaly bilmelidir, şonda adam özüni tanap biler» diýilýär.
Geljek nesillere özüňden ýagşy at galdyrmak niýet-arzuwy, höwesi bilen, ynsan bu ajaýyp dünýeden ötenden soň hem onuň adynyň ýitip gitmezligi üçin ata-babalarymyz dürli-dürli usullary oýlap tapypdyrlar. Şolaryň biri hem: «Her bir ynsan, özüňden öňki öten ata-babalarynyň ýedi arka barýança, adyny bilmeli» diýlen talapdyr. Şu nukdaýnazardan her bir ata-ene öz öwlatlaryna aslyny ýedi arkasyna çenli atma-at sanap, olar hakda kalbyňda-köňlüňde galarlyk gowy gürrüňleri aýdyp beripdirler. Türkmen aga şolar arkaly her bir adamyň nesline baha beripdir.
Ol öz nesliň arassalygyny, päk ýürekliligini, adamkärçiligini, ygrarlygyny, wyždanlylygyny, gowy gylyk-häsiýetleri arkadan-arka geçirip saklamaga uly ýardam edipdir. Hakyky türkmeniň sada, gönümel, bir sözli, ynanjaň, ynanýan adamsyna wepaly, mert bolýandygynyň sebäpleriniň biri hem şu gowy gylyk-häsiýetleriniň, edim-gylymlarynyň, nesilden nesile geçýändiginden bolsa gerek.
Ata-babalarymyz ýedi arkany şu aşakdaky tertipde hasaplapdyrlar:
1- kakaň, 2-ataň (kakaň kakasy), 3-garry ataň (kakaň atasy), 4-kakaň garry atasy(ataň atasy), 5-ataň garry atasy(garry ataň atasy), 6-ataň garry atasynyň atasy, 7-garry ataň garry atasynyň kakasy diýip hasaplanypdyr. Dogan ugrundan ýedi arka-dogan, doganoglan, dolanan, garyndaş, babadaş, obadaş, ilbiri diýlip hasaplanypdyr we köpleç olaryň hem atlaryny bilmek, garyndaşlyk gatnaşygyny saklamak parz we sogap iş hasaplanypdyr.
Şu ýerde 19-njy asyrda türkmeniň hanlaryň- hany mertebesine еýе bolan beýik serkerdesi Nurberdi hanyň şejeresini (nesil daragty) mysal getirmegi makul bildik. Kakasy Döwletýar bаý, atasy Mürrük bаý, garry atasy Garry bаý, kakasynyň garry atasy Anan onbegi, atasynyň garry atasy Garry batyr, atasynyň garry atasynyň atasy Kermene serdar, garry atasynyň garry atasynyň kakasy Onbegi kethudadyr. Nurberdi hanyň ogullary: Berdimyrat han, Döwlet beg, Magtymguly han, Garry han, Ýusup han bolupdyr.

Çarymyrat GARAHANOW,
Тürkmenistanyň lçeri işler ministrliginiň Dolandyryş merkeziniň 2-nji bölüminiň başlygy, polisiýanyň podpolkownigi.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 161 | Добавил: Gurban | Теги: Çarymyrat Garahanow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]