07:36
Ýazylýan zat köp / degişmeler
ÝAZYLÝAN ZAT KÖP

■ HÄLI GELEN ZADYM ÝOK

Allanazar başlygynyň öýüne günortan, agşam birnäçe gün yzyny üzmän barypdyr. Ahyry başlygy:
– Näme öýüň-iliň ýokmy seniň? Günüň-gününe nahar bişen çagy sen bizde?! – diýip sorapdyr.
– Köneleriň aýdanyndan habaryň ýokmy? “Bir gün duza müň gün salam” diýipdirler. Häli gelen zadym ýok – diýip, Allanazar jogap beripdir.

■ DIK DURANA BERMÄN...

Allanazar çaga dogrulýan öýüň agzynda täze dogjak perzendine garaşmaly bolupdyr. Şol wagt ýene bir ýigidem gelniniň çaga dograryna garaşýar eken. Allanazar iki-baka zowzuldap gezipdir. Ol ýigit bolsa buşluk habaryna çenli motosikletiň kolýaskasynda uklapdyr. Birmahal medsestra gelip Allanazara gyzynyň bolanyny buşlapdyr, uklap ýatan ýigidi bolsa oýadyp, täze ogly bilen gutlapdyr.
– Dik durup ylganyňky gyz bolup, uklap garaşanyňky ogul bolýan eken-ow – diýip, Allanazar ýylgyrypdyr.

■ EDIL ÖZ ÖÝÜMIZ ÝALY

Allanazar biriniň öýüne myhmançylyga barypdyr. Çaý içip otyrkalar eýwandan gap-çanagyň şakyrdysy, gykylyk eşidilip başlapdyr. Bu ýagdaý öý eýesi ýigidi gysyndyrypdyr. Myhmanlaryň ýanynda oňaýsyz ýagdaýda galypdyr. Hernä ýagdaýdan Allanazar çykalga tapypdyr:
– Inim, gysynjak bolma. Şular ýaly zatlar boluberse men-ä özümi edil öz öýümizdäki ýaly gaty arkaýyn duýýaryn – diýipdir.

■ POLÇA-DA ÝOKMY?

Aşgabatdan belli ýazyjylaryň biri gezmäge gelipdir. Allanazar onuň ýanyna myhmanhana salama barypdyr. Nähilidir gülküli ýagdaý döretmese içi gysýan Allanazar bir şumluk etmegi göwnüne düwüpdir. Pol ýuwup ýören gelni ýanyna çagyryp, oňa ýazyjyny görkezip:
–– Ynha, şu plany, uly ýazyjy. Senden uly towakga, şunuň arkasyny ýuwup beräýseň – diýýär.
Gelin gaharlanyp:
–– Ýuwjak däl! – diýipdir. Onda Allanazar:
–– Be, plany, seniň arkaň myhmanhananyň polyça-da ýok ekeni-ow – diýenden töwerekdäkiler bilen bilelikde degişmä giç düşünen pol ýuwýan gelin hem gülmäge başlapdyr.

■ BAŞLYK BOLAÝMAÝANMY?

Allanazar bilen onuň başlygy bir ýerde otyrkalar tötänden şlýapalaryny çalşyp geýipdirler. Başlygy Allanazaryň şlýapasyny gaýdyp beripdir:
–– Seniň şlýapaň meniň kelläme kiçi boldy. Kelläň meniňkiden kiçi öýdýän – diýen.
–– Kelläm seniňkiden uly bolanda men başlyk bolaýmaýanmy? – diýip, ol bada-bat jogap beripdir.

■ ÝUMŞADYP BIR GOÝAÝYN

Bir ýerde myhmançylykda Allanazar ortada goýlan hozlary alyp, ýeke-ýeke döwjek bolupdyr. Hijisini döwüp bilmändir. Onda-da gysan bolup oturypdyr. Biri ony gepletjek bolup:
–– Allanazar, döwüp bileňokmy? – diýýär.
–– Döwüp bilmejegimi öý eýesi bilýändir-le. Ýöne indiki gelen myhmana aňsat bolar ýaly ýumşadyp bir goýaýyn –diýipdir.

■ KIMI HÖDÜRLEMELI?

Allanazar başlygy bilen suwa düşüp ýören eken. Başlyk suwdan çykyp ýabyň raýşyna biten bir garry tut agajyna münüpdir-de, suwa bökmäge hyýallanypdyr.
Allanazar ony saklapdyr:
–– Başlyk näme etjek bolýaň?
–– Başaşak suwa zyňjak bolýan.
–– Zyňanyň-a gowy zat, adamçylykdyr, bellisi ýok, birden suwdan çykman galaýsaň ýeriňe başlyklyga kimi hödürlemeli. Şony aýdyp onsoň bök.
Wezipe diýeniň bir gowy zat-da. Allanazaryň bu sözüni eşiden başlyk uludan bir demini alypdyr-da, agaçdan düşmek bilen bolupdyr.

■ KÜL ATANYŇAM GOWY

Bir gün başlyk Allanazary gyssagly ýanyna çagyrypdyr-da:
–– Allanazar, oblastdan myhman geljek, şoňa çaýy siziň öýüňizde beräýsek nähili borka? – diýipdir.
–– O näme üçin çaýy sizde däl-de, bizde bermeli?
–– Biziň öýde bu gün çagalar ýok.
–– Onda gaty oňat. Gykylyk, galmagal bolmaz. Näme etsek-de öz elimiz, öz ýakamyz. Men çaý bererdim, ýöne öýde çagalar bar-da.
Başlyk pikire batypdyr:
–– Biziň myhman otagymyzam sowuk.
–– Zyýany ýok. Häzir bararys-da ot ýakarys.
Allanazar başlygyň öýünde myhman otagdaky pejiň külüni atyp otyrka myhman işikden giripdir.
–– How, Allanazar, bu bolup oturşyň nähili? – diýip, myhman oňa ýüzlenipdir.
–– Aý, hiç hili-de däl, ýöne öýüňe saňa meňzeş myhman baranyndan kişiň külüni atanyňam gowy – diýipdir.

■ ADYNY AÝTMA

Allanazar Aşgabatdan gelen myhmanlary gumdaky maldarçylyk sowhozyna äkidipdir. Giçden soň ýolda azaşypdyrlar. Hernä, gije öňlerinden çykan bir çopan olara duşup, azaşdyrman sowhozyň direktorynyň öýüne eltipdir. Oňa çenli gije bir çene barypdyr. Ýerleşensoň myhmanlaryň biri direktora:
–– Hälem bir çopanyňyz sataşyp getiräýdi. Ýogsam heläk boljakdyk. Adyny näme diýdi şol çopan?
–– Aýtma adyny – diýip, Allanazar ýoldaşyny dürtüpdir. –– Gijäň ýarynda öýüne bir maşyn myhmany döken çopany direktor gowy görer öýdýärmiň. Özümiz tapyp geldik diý.

■ ULY ZADYŇ ÜSTÜNDE IŞLEÝÄN

Allanazardan bir dosty bu günler nämäniň üstünde işleýänligini sorapdyr. Ol:
–– Bir uly zadyň üstünde işleýän – diýipdir.
–– Romana dagy başladyňyzmy?
–– Ýok-laý. Tamymyzyň üstüni suwaýan. Ýogsam ýagyş geçip bizar edýär.

■ ÝAZYLÝAN ZAT KÖP

–– Allanazar aga, bu günler näme ýazýaňyz? – diýip, ondan sorapdyrlar.
–– Goşgumy, ýa hekaýa dagymy?...
–– Ýazylýan zat köp – diýip, ol jogap beripdir:
–– Ajyksam desterhan ýazýan, ukym tutsa düşek ýazýan, oturyp ýadasam bilimi ýazýan... Aý, köp-dä.

■ TAÝÝARLYK GÖRÝÄN

Allanazar bir gün kabinetinde öz-özi hüňňürdenip oturanmyş.
–– Özüme, dogan-garyndaşlaryma uzak ýaş ber, başlygyma ynsap ber, maşynlyja, şofýorlyja kär ber – diýip, şol bir aýdanyny üznüksiz gaýtalaýarmyş. Şol wagt başlygy gapydan giripdir:
–– Ýeri, Allanazar, kim bilen gürleşýäň?
–– Birden Hydyr ata öňümden çykaýsa, näme sorajagymy bilmän ýaýdanyp durmaz ýaly öňünden taýýarlyk görýän – diýip, Allanazar jogap beripdir.

■ NÄMESINI ÝUWJAK

Allanazar başlygy bilen myhmanhanada bile bolupdyr. Allanazar agşam giç ýatansoň, uklap galypdyr. Başlygy irden turup, çaý goýupdyr. Soň Allanazary oýadypdyr:
–– Tur, el-ýüzüňi ýuw, çaý içeli.
–– Allanazar ýatan ýerinde jogap gaýtarypdyr:
–– Ýuwjak däl! Irden turup başlygyna çaý goýmadyk ýüzüň nämesini ýuwjak?!...

■ HAMANA ÖZ ÖÝÜMIZE BARYPDYRYN-DA...

Allanazar başlygynyň öýüne çaýa barypdyr. Allanazardan hemişe ýeňlip ýörensoň başlygy:
–– Allanazar, çaý getirsinlermi, nahardan-a soň geldiň – diýip, sorapdyr.
–– Çaý bolsa-da içibereris. Hamana öz öýümize baran ekenim-dä – diýip, Allanazar jogap gaýtarypdyr.

■ ÖÝÜMIZDIGINI BILMÄNDIRIN

Allanazar bir gün myhman jaýyna giňden saçak ýazypdyr. Orta dürli-dümen goýupdyr. Hozmy-pissemi, garaz her dürli zatlar rejelenip duranmyş. Şol wagt Allanazaryň ogly Perman gelip ortadaky zatlara el urmakçy bolupdyr. Allanazar:
–– Goý, oglum degme, bu gün biziň öýümize ullakan başlygymyz gelýär. Şol gidensoň, galsa-gaçsa iýersiň – diýipdir.
Myhman gelmän köp garaşdyrypdyr. Perman bir girip görse, Allanazaryň öňünde iýilen hozdur pissäniň gabygy uly bir üýşmek bolup gidenmiş. Perman içini çekipdir:
–– Däde, myhman geljek diýip bize bermän, özüň nädäýipsiň? Iýen hozdur pissäň ne bela?
Allanazar öňündäki gabyk üýşmegini görüp ukudan açylan ýaly bolupdyr:
–– Wah, öz öýümizde oturanym ýadyma düşmändir-ow. Myhmançylykdamykam öýdüpdirin.
–– Däde, seni soňky wagtda çakylyga äkitmekden goýanlary şonuň üçin eken-ow.

■ GORKMA-DA ÖÝLENIBER

Okyjylar bilen bolan duşuşyklaryň birinde okyjylaryň biri Allanazara şeýle sorag beripdir:
–– Allanazar aga, siziň goşgulardyr ýumoreskalaryňyzy okadym. Siziň şol “tarypyny” edýän gelniňiz ýaly gyz alnymdan çykaýar öýdüp gorkunjyma öýlenmän, sallah gezip ýörün.
–– Gorkma-da öýleniber – diýip, Allanazar jogap gaýtarypdyr –– “Müňden biri sury çykar” diýlişi ýaly olar ýaly gykylykçy gyzyň her asyrda biri döreýär. Onuň şu asyrda döränini bolsa özüm aldym. Saňa gorkara esas ýok.

■ DAŞARY ÇYKYP GELÄÝERLER

Allanazar dagy bir ýerde üýşüp oturan ekenler. Gijiräk gelen ýoldaşlarynyň biriniň oturyp ynjalygy bolmandyr. Nahara garaşman, öý eýesinden jogap sorapdyr:
–– Men gyssanyp otyryn – diýipdir.
Onýança Allanazar gapdaldan:
–– Olar ýaly bolsa daşary çykyp gelip, ýene oturybererler. Öý eýesiniň ýarak iti zad-a ýokdur – diýipdir.

■ ONDA IÇIP NÄME ETJEK?

Allanazaryň bir gün ýokmaz zat iýip, gaýtarasy gelipdir. Onsoň birneme ýüregi basar diýen niýet bilen gatyk içmek isläpdir. Aýalyna:
–– Maňa bir şakäse gatyk getirip ber. Gaýtarasym gelip dur – diýipdir.
–– Barybir gaýtarjak bolsaň içip näme etjek. Bary-ýogy başýuwluk diýip goýan bir käse gatygym bar – diýip, aýaly jogap beripdir.

■ ULY BOLSA ÝALY KÖP IÝÝÄR

Allanazar bir kiçijik gürji tutunypdyr. Öýüne gelen tanyşlarynyň biri:
–– Allanazar, senem özüňe görä däl. It tutjak bolsaň, ulurak goýun itlerinden birini tutsaň bolmadymy – diýipdir. Allanazar:
–– Uly iti başlygymyz saklaýar. Menem tutsam, olam güýçli çykyp başlygymyzyň itini ýeňse, gelşiksiz. Onsoňam gürji ýaly az iýýär – diýipdir.

■ ÝARYM SALKYN OKADYLANDA-DA...

Obadaky kiçiräk märekede adamlar günortan üýşüp oturan ekenler. Adamlaryň biri mekdebiň direktoryndan:
–– Işi gutaransyňyz? Okuw sizde bir salkyn okadylýar dälmi? – diýip sorapdyr. Onda Allanazar gapdaldan çykyp:
–– Ýarym salkyn okadan şekilli okadanlarynda-da okuwçylar bir zatlar öwrenjekler-ow – diýipdir.

■ PULUŇ KÖPELIP BAŞLANDYR

Bir oturlyşykda Allanazar:
––Men Allatagaladan müň-de bir razy. Haýsam bolsa adama bir tarapdan berýär. Maňa pul bermese-de tut ýaly jan saglyk beripdir – diýip öwünipdir
Allanazaryň dostlarynyň birisi:
–– Dogry aýdýaň, menem jan saglygyň millioneri. Ýöne pulum ýok – diýip, tassyklapdyr.
Aradan birnäçe wagt geçipdir. Şol dosty Allanazara köçede pete-pet gelipdir. Ýüzi salyk, reňk-pet ýok diýýär.
–– Ugruň pes görünýär-le. Jan saglygyň gowumy – diýip, Allanazar sorapdyr.
–– Aý, saglygyň ugry ýok. Kän günden bäri dogtora gatnap ukol alyp ýörün.
–– Hudaý ikisini birden bermeýär, onda puluň köpelip başlandyr – diýip, Allanazar aýdypdyr.

■ ŞUNDAN PES IŞE GEÇIRJEKMI?

Allanazar edarada iň az aýlykly işde işleýär ekeni. Bir oturlyşykda başlygyň ýoklugyndan peýdalanyp, Allanazar ony tankytlap başlapdyr. Şol wagt gapdaldan biri çykyp:
–– Eşitse ýaman görer. Başlygyňy ýamanlap oturma – diýipdir. Allanazar:
–– Ýaman görende meni şundan pes işe geçirjekmi? – diýip, göwnibir ýaly jogap gaýtarypdyr.

■ AÝALYŇ IŞIKDE OTURSYN

Allanazaryň dotlarynyň biri agyr näsaglapdyr. Ol dostuny soramaga barypdyr. Görse aýaly näme iýjek, näme içjek diýip daşynda hozanak bolup ýörenmiş. Olam hiç zat iýjek däl, içjek däl diýýärmiş. Allanazar şol aralykda hem degişmäge wagt tapypdyr.
–– Gowusy, aýalyňa işikde oturmagy haýyş et. Ezraýyl janyňy almaga gelse-de, ondan gorkup yzyna gider. Özümizem gatyrak kesellesek işikde oturdýarys. Ezraýylyň başga işi ýokmy? Bir-iki gün alyp bilmese grafigi boýunça başga ýere gider-dä.

■ ÝIGRIMI MANAT ÝETENOK

Allanazaryň 40 ýaşy dolupdyr. Bellejek däl diýse-de etmän, işdeş ýoldaşlary onuň öýüne dökülipdirler.
–– Aý, biziň-ä alan zadymyz bolmady. Özüň bir zat alarsyň-da – diýip, her haýsy bir onlugy oklapdyr.
Allanazar bialaç hyzmat edip başlapdyr. Biraz oturansoň bolsa “Men goňşularymy çagyryp geljek” diýip ýerinden galypdyr. Şol wagt başlygy:
–– Gerek däl, Allanazar, diňe kollektiw bolup oturaly-da – diýipdir. Onda Allanazar:
–– Hasaplap gördüm welin, beren pullaryňyz eden çykdajyma ýigrimi manat ýetmejek bolup dur – diýip, iki sany goňşusyny çagyryp gelipdir.

■ TAPAWUDY NÄME?

Pyhy Tagan Allanazaryň obasyna gezelenje gelipdir. Allanazar ony yzyna düşürip, öýüne äkidipdir. Daşarda aýaly gezip ýören ekeni. Aýaly:
–– Yzyňa düşürip gelýäniň kim? – diýip sorapdyr. Onda Allanazar:
–– Häzir tanarsyň, bar bir köke alyp çyk – diýipdir.
Aýaly bir köke alyp çykypdyr. Allanazar ony Pyhy Taganyň eline beripdir:
–– Kökäň näme, men bir ýoldan geçip barýan ötegçi däl.
–– Gyssanyberme düşünersiň baryna – diýip, Allanazar öýüne girizmän ony mellegiň malýatak tarapyna alyp gidipdir.
–– Öýüňe çagyryp getiribem indi nirä alyp barýaň meni?
–– Hol basylgy çöpüň gapdalynda itimiz bolmaly. Bäş-alty gün boljak bolsaň, ilki itimiz bilen tanyş. Gijede-girimde, daşary çykaryň bar. Men yzyňa düşüp ýörmäýin.
Olar it bilen tanşyp öwrülip, öýe gelipdirler. Allanazar aýalyna:
–– Pyhy Tagan diýenleri şu. Tanap goý – diýipdir.
–– Şeýlemi asyl. Dowzahda adam ýakylýan gazanyň aşagyna ot ýakýanlara meňzeş bolansoň men-ä şol ýerden çykyp geläýdimikä diýipdim.
–– Dowzahdan çykyp gelenem bolsa, barybir biziň öýde boljak bolsa o dowzahdan çykyp, bu dowzaha giren ýaly bolar – diýip, Allanazar jogap beripdir.

■ GÖWÜNLIK BERIPDIR

Allanazar bir gün işe gelipdir weli, görse başlygynyň hiç keýpi ýokmuş, gaty gamgyn bolup otyr diýýär. Onsoň Allanazar oňa şeýle göwünlik beripdir:
–– Başlyk, sen nämä gamgyn bolýaň. Astyňda ýumşak kreslo, kabinetiňde kondisioner, reňkli telewizor işläp dur. Aýlygyň biziňkä iki esse köp. Şofýoryň, maşynyň bar. Öýde aýalyň bilen gygyryşsaň, işde bize gygyryp içiňi sowadyp bilýäň. Maňa-ha öýde aýalym gygyrýar, işe gelsem-de sen. Dat, meniň günüme!

■ IŞDEN ÇYKJAK

Allanazaryň başlygy täze jaý salyp başlapdyr. Ol Allanazary bir gün gamyş getirmäge, ertesi güni şaly saman getirmäge äkidipdir. Soňkusy güni Allanazar işden çykmak barada arza ýazyp başlygyň ýanyna barypdyr.
–– Näme üçin işden çykjak, kim göwnüňe degdi? – diýip, başlygy sorapdyr.
–– Hiç kimem göwnüme degenok. Ýöne sen jaýyňa girýänçäň men işden çykmasam maňa indi gün ýokdur. Başlyk, sen gysynma. Jaýyňa gireniňden soňra men ýene dolanyp gelerin.

■ MENIŇ BILEN TIRKEŞIP

Başlyk köne jaýynda otyrka her gün diýen ýaly arakesme wagty Allanazar olara çaýa barar eken. Köplenjem ol ýerde Geldi atly dostuna gabat geler ekeni. Sebäbi onuň iş ýeri başlygynyň öýüne gaty golaý bolupdyr. Başlyk täze jaýa göçüp barypdyr.
–– Başlyk, täze jaýyň gutly bolsun!
–– Sag bol Allanazar, bizem täze jaýa göçüp geldik.
–– Göçüp geleniň-ä gowy zat. Ýöne Geldi arakesmede indi nirden çaý içerkä? – diýip, Geldä seredipdir.
Dostlar biri-birine seredip ýylgyryşypdyrlar.

■ BARYNDAN BETER SAŇA KYN-OW

Allanazar basyrganyp “Başly-yk nirä sen, başly-yk...” diýip üç-dört gezek gygyrypdyr. Aýaly Allanazary oýadyp “Näme, ýöne başlyk, başlyk” diýip, sesiň baryndan gygyryp ýatyrsyň?” diýipdir.
–– Aý, düýşümde başlygymyza ganat çykyp, asmana uçdy, şonuň yzyndan gygyrdym.
–– Bu gowulygyň alamaty ahyry. Başlygyň uly wezipä çekiljekdir.
–– Wah, menem şony gaýgy edýän-dä. Ol häzirki wezipesinden ulalsa, meniň bilen tirkeşmäni goýar.

■ SIŇEK ÇYDAMAN DUR

Bir gün aýaly Allanazara üznüksiz iňňirdäp başlapdyr. Allanazar çydam edip oturypdyr. Esli wagtdan soň ogly Perman gelipdir. Allanazar:
–– Oglum, aýnanyň kiçi gözüni açyp goýber – diýipdir.
–– Yssylap otyrmyň däde?
–– Ýok, şol aýnaň ýüzündäki ýaşyl siňek ejeň iňňirdisine çydaman dur. Şol çykyp gitsin.

■ TANAMAN GEÇÝÄRLER

Allanazar hemişe köne içmekde gezýän ekeni. Işdeş ýoldaşlary goýman “Senem ütülen torgaý ýaly bolup gezme” diýip, oňa täze palto, ýarym gunduz telpek aldyrypdyrlar. Üç-dört günden soň Allanazar ýene öňki könelerini geýmäge başlapdyr.
–– Allanazar, düýnkiň gowy gelişýärdi. Ýene bularyňy geýip başlapsyň-ow – diýip, sorapdyrlar.
–– Gelşişine gelişýär weli, ýola çyksam maşynlar duranok. Allanazar beýle täze eşikde bolmaly däl – diýip tanaman geçýärler.

■ NÄME ÇALÝAŇ?

Allanazar bir ýerde bagşy-sazandalaryň oturlyşygynyň üstünden barypdyr. Allanazar bir çäýnek çaýy öňüne alyp, çöregine mesge çalyp iýip başlapdyr. Gürrüň aýdym-sazdan başlanypdyr. Biri “Men-ä dutar çalmany gowy görýän” diýse, beýlekisi “Gyjak çalmany gowy görýän” diýipdir. Nobat Allanazara ýetipdir. Şonda ol:
–– Men-ä çörege ýag çalmany gowy görýän – diýipdir.

■ SOŇRA TUTJAK

Oraza günleri eken. Allanazardan:
–– Sen oraza tutjak dälmi? – diýip, sorapdyrlar.
Onda Allanazar:
–– Häzir oňuşmazça däl. Orazany bazar ykdysadyýetine geçilensoň tutjak – diýipdir.

■ ÖWENDIRIN

Pyhy Tagan Allanazara sataşypdyr. Şonda ol Allanazara:
–– Şägirt seni telewizorda öwendirin. Seretdiňmi? – diýipdir.
–– Aýalym bilen seredip otyrdyk, halypa. Sen öwüp başladyň welin menem oturyp bilmän, “Seret, halypam meni nähili öwýär” diýäýmenmi. Aýalym “Ah-eý, öwýän bolsa ýönelige öwýän däldir, öwýän bolsa olam öýe geljekdir. Öňki öwenleri düýn zordan ugratdyk” diýdi – diýip, jogap beripdir.

■ IDILI ÇAKYLYKÇY

Allanazar bir gün daň bilen başlygynyň işigini kakypdyr. Kimkä diýip daş çykan başlyk ondan habar sorapdyr.
–– Hoş habar bilen geldim, başlyk. Obamyzda toý bar. Bagşyly, atçapanly. Şoňa çagyryp geldim.
–– Toý çakylykçy iberjek bolsalar, senden başga idiliräk adam tapmadylarmy?
–– Idili adamlar-a bardam welin, olar idiliräk adamlary çagyrmaga gitdiler – diýip, Allanazar aýdypdyr.

■ GULAGYŇ DÜÝBI GIJEMESE BOR

–– Allanazar aga, elimiň aýasy gijeýär, nämedenkä? – diýip, bir dosty sorapdyr.
–– Onda begeniber, inim. Zyýanly zadyň ýoklugy belli. Ýöne gulagyň düýbi gijese erbet bolar – diýip, Allanazar jogap beripdir.

■ ÖWRENIŞÝÄN DÄLSIŇ

Bir gezek Allanazaryň ýanyna işgärleriň biri ýüzüni sallap gelipdir.
–– Ýaman ýüzüň salyk görünýär-le – diýip, Allanazar sorapdyr.
–– Aý, başlyk ýaňy ýersiz-ýere üstüme nagarasyny pürkdi. Bar keýpimi bozdy.
–– Şonuň üçinem keýpiňi bozarlarmy – diýip, Allanazar aýdypdyr: Işe geleňok, gijä galýaň – diýip, bize-hä hemişe-de gygyryp ýör. Onsoň öwrenişibem gidipdiris. Saňa üç ýylda bir gezek gygyransoň, öwrenişýän dälsiň.

Allanazar BEGNAZAROW.

# “Ýüz bir gülki”, 1992 ý.





Категория: Degişmeler | Просмотров: 375 | Добавил: Türkana | Теги: Allanazar Begnazarow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]