20:24
Ýazyjy Kakabaý Çaryýew bilen edebi söhbetdeşlik
ÝAZYJY KAKABAÝ ÇARYÝEW BILEN EDEBI SÖHBETDEŞLIK

- Salam, Kakabaý aga! Teklibimi kabul edeniňiz üçin juda minnetdardyryn!

- Gurgunmysyň, Jahantäç! Sag bol! Bu dünýäň bir künjünde meňem bardygymy ýatlanyň üçin özüňe minnetdar!

-Söhbetdeşlige ymykly girişmezden ozal özüňiz barada aýdaýsaňyz!

-Özüm barada aýtsam, 1965-nji ýylyň iýul aýynda Baýramaly etrabynyň Murgap geňeşliginiň Çepek ýap (öňki Leninizm sowhozynyň Täze daýhan) obasynda dünýä indim. 1972 — 82-nji ýyllarda şol etrabyň 8-nji orta mekdebini tamamladym. 1982-86-njy ýyllar ýol gurluşyk edarasynda, oba hojalyk işlerinde — daýhançylyk, maldarçylykda (çölde çolukçylyk, çopançylyk) işledim. 1986-njy ýylda Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girip, 1991-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamladym.
Şondan soň öz okan mekdebimde türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup işe başladym. 1999-2000-nji ýyllarda Baýramaly etrap Medeniýet bölüminde kadrlar boýunça inspektor wezipesinde işledim. Soňra ýene mugallymçylyk kärime dolanyp gelip, şu günki güne çenli şol işde işläp gelýärin. Maşgala ýagdaýym barada aýdylanda bolsa, dört gyzym, bir oglum bar. Ine, özüm barada bar bilýänlerim şular.

-Ilkinji eseriňiz metbugatda haçan çap edilipdi?

-Ilkinji ýazan «Kebelek» atly goşgym, anyk ýadyma düşenok welin, 1978-nji ýa-da 1979-njy ýylda «Mydam taýýar» gazetinde çap edilipdi. Prozada ilkinji ýazan eserim «Igde güllände» hekaýamdy. Ol 1989-njy ýylyn ikinji (fewral) sanynda «Ýaşlyk» žurnalynda çap edilipdi.

-Döredijiligiňizde uly göwrümli eserleri görüp bilerismi?

-Nesip bolsa! Mende iki sany arzuw bar: biri-hä, Selbidir Atajanly hekaýalarymy uzagyndan romana öwürmek arzuwy. Şonuň üçinem hekaýalarymyň köpüsinde hereket edýän şol bir gahrymanlar. Beýlekisem, «Aklyňa aýlan, eý ADAM!» atly romanymy ýazmak. Men onuň başyny ýigrimi ýyl mundan ozal, ýagny 1997-nji ýylyň 7-nji iýulynda başlapdym. Şol gün günortanyň jokrama yssysynda Marydan gelýärdim. Mary — Baýramaly aralygynda gatnaýan ýolagçy awtobusynyň içi ot alýardy. Yssydan ýaňa durar ýaly däldi. Awtobusuň aýnasyndan parran geçýän Günüň şöhlesi endamyňy deşip gelýärdi. Şol wagt öňümdäki oturgyçda ejesi bilen oturan oglanjyk Güne garap, naýynjar dillendi.

— Gün ata, sen näme üçin meni çümmükleýäň? Men seň ogluň-a. Tanamadyňmy?
Yzky hatarda oturan oglanlar onuň bu sözlerine batnyksyz gülüşdiler. Ejesi oguljygynyň kellejigine dözer-dözmezje kakyp, agy gatyşykly dillendi.
Geplemänjik bir oturaý-a, kellejigi kesilen!

Soňam oglunyň kellejigine kakan ýerini sypamaga oturdy. Oglam kellesini ejesiniň çignine ýaplady. Bu hadysa (şeý diýäýsemem, ýalňyş bolmasa gerek) maňa şeýle bir uly täsir etdi. Men bu barada hökman roman ýazmaly diýen berk netijä geldim hem şol ýerde-de geljekki romanymyň düýbüni tutmazdan, ilkinji kerpijini howada goýdum, ýagny ilkinji epizodyny ýadyma ýazyp goýdum. Soň, haýalragam bolsa, ýazmaga girişdim. Onuň bir bölegi «Sapak» ady bilen «Esger» gazetinde çapam edilipdi.

- Eserleriňiziň aglabasy ýumoristik, gülküli häsiýetli. Hekaýalaryňyzyň üsti bilen sizi degişgen adam hökmünde tanaýarys weli, ýalňyşaýýan-a däldiris-dä hernä?

-Meniň hekaýalarymyň gahrymanlary, olaryň başyndan geçirýän wakalary, göräýmäge, gülkünç ýaly. Ýöne asla beýle däl. Olaryň bolşy, tebigaty, ýasalyşy şeýle. Meniň gahrymanlarym sada, ynanjaň, ruhy päkize, ahlak taýdan arassa adamlar. Olar ene süýdi bilen süňňüne siňen bu häsiýetlerini ýagdaýa görä özgerdip bilenoklar. Menem üýtgedip bilemok. Hakymam ýok. Meniň hekaýalarymda, olardaky gahrymanlarymyň özlerini alyp baryşlarynyň, hereketleriniň aňyrsynda, kiçijegem bolsa, özleriniň durmuş tragediýajyklary ýatyr. Olarda, şahyr Atajan Annaberdiýew aýtmyşlaýyn, «Şatlyga çalymdaş hasrat bar». Özüm barada aýdanymda, meniň gahrymanlarymdan aýrylyşyp gitjek ýerim ýok. Olaryň käbirinde özümi görýärin. Meniň dünýämiň gam-gussadan dykyn alyp durandygyna garamazdan, olaryň üstüni gülki, şatlyk-şowhun bilen örtmäge çalyşýan. Bu şu günki güne çenli başartmanam duranok.

-Eser ýazmak üçin haýsy wagty oňaýly hasaplaýarsyňyz? Ýa diňe ylham gelen wagty ýazýarsyňyzmy?

-Ylhamyň gelmegi, zehiniň oýanmagy, höwesiň döremegi — bular islendik döredijilik adamy üçin ilkinji şert. Bularsyz döredilen eserler, wagtyndan öň doglan bäbejik ýaly, çyrçykly, kemala gelmesi kyn, käte bolşy ýaly kemis bolar. Wagt saýlamak meselesinde, ili-hä bilemok welin, edil meniň özüm üçin-ä yssy bolmasa bolany.

-Iň kämil hasaplaýanyňyz haýsy eseriňiz?

-Ata-ene, hemişe diýen ýaly, öz çagalaryny gyradeň görýär, ala tutmaýar. Bu — durmuş. Islendik ýagdaýyň ýüze çykmagy mümkin. Eserlerimem meň çagalarym. Olaryň ählisi meniň üçin gyradeň, kämil. «Garga-da öz çagasyna: «Akja balam» diýermiş» diýleni-dä. Bu sorag awtora däl-de, okyja berilse, juda ýerlikli bolardy. Diňe şonda dogry jogaby alyp bolar.

-Halypaňyz kim ýa-da halypalaryňyz kimler?

-Bu soragyň kyn sorag. Men özümiň söýüp okaýan ýazyjylarymyň ählisini özüme halypa hasaplaýaryn. Olar kän. Şonuň üçinem iň esasylaryndan käbirleriniň adyny agzap geçmegi ýerlikli hasaplaýaryn. Türkmen ýazyjylaryndan Juma Hudaýgulyýewi, Kömek Kulyýewi, Osman Ödäýewi, Gowşutgeldi Daňatarowy, Nobatguly Rejebowy… agzaman geçip bilmerin.

Daşary ýurt ýazyjylary barada aýdanymda, olar juda köp. Şonda-da Jek London, Çingiz Aýtmatow, Mihail Şolohow, Nodar Dumbadze, Guram Pançikidze, Wasiliý Şukşin, Anton Çehow ýaly birnäçesiniň atlaryny agzaman geçip bilmen. Esasy aýdasym gelýän zadym — okaýan döwrümiz «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnalynyň 1988-nji ýyldaky sanlarynyň birinde Bapba Gökleň neressäniň «Jeren» atly hekaýasy çap edildi. Şol hekaýanyň täsirinden çykyp bilmänem, şol gije «Igde güllände» hekaýamy ýazdym.
Ilkinji okyjymam, bile bir otagda ýaşamyzsoň, Çary Ýegenmyrat neresse boldy. Ol hekaýamy okap, aşagyndan: «Gaty gowy! Bellik etjek däl. Ortaçadan ýokary hekaýa bolupdyr. Şo-da ýetik! Zehin bar sende, tarp ýer ýaly! Ýazyber!» diýip ýazypdyr. Indi meniň diýjek bolýanym, täsirlenenim Bapba neresse, pata berenem Çary neresse bolansoň, bularyň ikisinem ilkinji hem baş (esasy) halypalarym saýýan.

-Atajan Tagan (başga-da ýazyjylar bar şeýle) öz ýaşan Gojuk obasyndaky şahsyýetleri öz eserlerinde gahryman hökmünde ulanypdyr. Sizem şeýlemi ýa gahrymanlary özüňiz oýlap tapýaňyzmy?

-Hiç zat öz-özünden döremeýär. Leniniň aýdyşy ýaly, islendik ertekiniňem, islendik rowaýatyňam, islendik degişmäniňem… aňyrsynda, kiçijegem bolsa, hakykat ýatyr. Olar durmuşymda bolan ýa bar adamlar: obadaşlarym, klasdaşlarym, dogan-garyndaşlarym, kursdaşlarym, tanyş-bilişlerim… Men başardygymdan olaryň asyl häsiýetlerini, endiklerini, edim-gylymlaryny… üýtgetmezlige, şol bolşuna galdyrmaklyga çalyşýaryn. Hatda atlarynam öz atlaryna kybap, golaý at goýýan, eger mümkin bolan ýagdaýynda.

-Edebi tankyda nähili garaýaňyz?

-Tankyt barada gürrüň gidende, görnükli ýazyjymyz Rahym Esenowyň: «Tankyt zenan däl, ony hiç kim söýmeýär» diýen göwnejaý pikiri ýada düşýär. Tankyt obýektiw, dogruçyl, iki taraplaýyn düşünilende, hakyky manysyndaky tankyt bolýar. Şeýle bir döwür boldy, biziň ýazyjy-şahyrlarymyz edebi tankydy biri-birinden şahsy ahmyryny çykarmak üçin ulandylar. Ýa-da bolmasa, kimdir birinden ar almak üçin pes düşünjeli, çalasowat adamlary ulandylar. Ýalňyşmaýan bolsam, birinji kursda okaýan döwürlerimiz kursdaşym hem dostum Baýramgylyç Babaýew neresse bilen «Edebiýat we sungatda» işleýän bir toparlaşygyň tasirine düşüp, Bapba Gökleň neressäň «Sergin şemal» atly kitapçasyna «tankydy syn» ýazypdyk.
Bilemok welin, gazetde adymyz çyksa bolýar diýen pikire gulluk edendiris-dä, elbetde. Şonuň üçin häli-häzire çenli utanyp ýörün. Ol biziň köre mälim bolan wejera bisowatdygymyzyň aýdyň mysalydy. Tankyt basyşa däl-de, ösüşe ýardam etmeli. Garşylyk bolmasa, ösüş ýok. Bu tebigatyň daşyň yüzüne oýulyp ýazylan mizemez kanuny.
Bir zady göz öňüne getirip görüň: suwaraňda suwy çapyp akýan ýer hasylly bolarmy ýa siňňitli akýan ýer? Elbetde, siňňitli akýan ýer! Tankytsyz edebiýatam, durmuşyň islendik beýleki ugurlaram suwy çapyp akýan ýere meňzeş.
Edebiýatyň halkyňky bolşy ýaly, tankydam umumyhalk häsiýetli bolmaly. Galyberse-de, tankyt sözüniň manysyna hem tankydyň maksadyna dogry düşünmäni öwrenmeli.

-Aýdaly, eserleriňiziň haýsy hem bolsa biriniň dünýäniň on diline terjime edilip, özüňizi dünýä tanatmak mümkinçiligine eýe bolsaňyz, haýsy eseriňizi hödürlärdiňiz we näme üçin?

-Uzak diýmeseň, oňat sorag. Ýigrimi ýyl mundan ozal başlap, ýene segsen ýyldan tamamlamagy niýet edinip ýören «Aklyňa aýlan, eý ADAM!» atly romanymy hödürlärdim. Men ony bütin ynsanýete ýüzlenme hökmünde ýazyp ýörün. Sebabi, dünýäň akly çaşdy. Ol özüniň nirä barýanyny bilenok. Şahyr Italmaz Akmyradowyň sözleri bilen aýtsam:

Dünýäniň ümzügi gyşadyr indi,
Serçeler sürlenip-sürlenip uçýar.

Romanda töweregindäkileriň gözleri bilen seredeniňde, kemakyl Mizanyň ýol ýitiren dünýäni yzyna dolamaga edýän synanyşygy, onuň hiç haçan amala aşmajak arzuwdygy görkezilýär. Iň soňunda ol ýönekeý adamyň sözünden şahyryň sözi ýerliräk bolar, diňlener diýip pikir edýär. Özüçe goşgam düzýär. Onam beýik dagyň çür depesine çykyp, gygyryp okasa, dünýäň halklary eşider, akyllaryna aýlanarlar diýip pikir edýär.

«Adamlar, men bu gün dutarly geldim!»
Bu türkmeniň zanny, ýürek owazy.
Asudalyk küýsän eziz halkymyň,
Arzuwlarnyň soňlanmajak dowamy.
Adamlar, men ýene dutarly geldim,
Türkmeniň kalbyny dünýä ýaýmaga.
Adamlar, men ýene dutarly gerin,
Il arzuwy bolup, gökde gaýmaga.
Adamzat, men ýene dutarly geldim!

Ol muny isleýşi ýaly, gygyryp okaýar. Emma öz ýaňyndan başga ses eşitmeýär. Öz sözüniň ýer almadygyna gamgyn bolup oturyşyna, uçup barýan samolýotyň kem-kemden kiçelip, ilki garaja nokada öwrülişini, soňam ýitip gidişini görüp, hasam göwni bozulýar. Onsoň Mizanda-da ilki nokada öwrülip, soňam özünden nyşan-yz goýman, ýitip gitmek islegi peýda bolýar.

Ol iň soňky gezek:
— Aklyňa aýlan, eý ADAM! — diýip gygyrýar-da, uçup gitmek niýeti bilen duran gaýasyndan özüni oklaýar.

Şeýdibem tamam bolmaly bu romanym. Dogry, goşgusy gowşak. Sebäbi, ol şahyryň dilinden däl-de, ýönekeýje bir oglanjygyň dilinden berilýär.
Ine, bu soragyň jogaby şeýle. Men şol romanymy dünýä hödürlärdim. Şonuň üçin Nobel baýragyny beräýselerem, ýüz öwrüp durman. Ýaňy Gurbanmuhammet Aşyrow diýemde, bir zat ýadyma düşdi. Ol romanyň şeýle jemlemesi bilen ylalaşanok. «Adamlara umyt ber» diýýär. Gowy niýeti bar. Ýöne ýazyjy umyt paýlaýançy däl. Hindi kinolaryna ssenariýa ýazamyzok. Bahar Rozyýewa diýen kursdaşym bolsa: «Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämisini» ýada salýar» diýýär. Heniz gutarnykly bolmansoň, her kim bir zat diýýär.

-Internet ulgamynyň döredijiligiňizi halka tanatmakdaky orny barada aýdaýsaňyz!

-Diňe bir meňkileri däl, beýleki ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini-de ile ýaýmakda internetiň bitirýän işi bimöçber. Sag bolsunlar! Başga ýerde okap bilmeýän ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini internet sahypalaryndan tapyp bilýäris. Ýöne, gynansagam, internetde goýulýan eserleri okamaklyga ähli kişide mümkinçilik ýok. Gowy tarapam, eserini okan adamlaryň pikirini gyzgynjagy bilen bilmäge doly mümkinçilik bar.

-Söýgi temasyna nähili garaýaňyz? Edebiýat söýgüsiz bolarmy ýa söýgi edebiýatsyz?

-Söýgä gyýa göz bilen garaýan bir barmyka? Söýgüsiz durmuş göwher gaşy gaçan tylla ýüzüge çalymdaş bir zat bolardy. Ýöne, gynansagam, şu günki günler ýygy-ýygydan gabat gelýän «söýgüler» ýaly ahlaksyz, bihaýa, ýeňles, duzsuz, ýuwan bolmaly däldir. Söýgi asylly, edepli, haýaly, agras bolmaly. Ol görer gözden gizlin, pynhan bolmaly. Edebiýat söýgüsiz ýa söýgi edebiýatsyz oňup bilmez. Ol duzsuz nahar ýaly bir zat bolmazmy eýsem?! Edebiýat bilen söýginiň arasyny hiç bir zat bilen kesip bolmaz. Olary birek-bireksiz asla göz öňüne getirmegem mümkin däl.

-Näme üçin eserleriňizde gahrymanlaryň daş keşbiniň suratlandyrylmasy ýok?

-Edil bütinleý ýok diýmeklik ýalňyşlyk bolardy. Bar, ýöne juda az. Men başardygymdan suratlandyrma tärini az ulanmaga çalyşýan. Gahrymanlarymyň hereketlerinden, gep-sözlerinden nähili adamdygyny göz öňüne getirmekligi okyjynyň özüne galdyrýan. Biz şu günki güne çenli okyjynyň ýuwutjagyny çeýnäp berip, ýüzleý, ýöntem düşünjeli okyjylaryň giden bir tapgyryny döretdik. Meniň pikirimçe, beýle usuldan ara açara bir mahal çak boldy.

Poeziýada, guwanmaly zat, şu meselede öňe gidişlikler bar. Dogry, ony düýbünden inkär edibem bolmaz. Ulanmalam bolar. Ýöne ýerlikli ulanmaly. Men eserlerimi beýan etme, başgaça aýdylanda, hekaýa etme tärinde ýazmaklygy gowy görýän.

-Kakabaý aga, wagt tapyp, söhbetdeş bolanyňyz üçin minnetdar! Söhbetimiz diýseň gyzykly boldy. Köp sag boluň!

-Özüňe-de minnetdar!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren:
©Jahantäç ÖWEZOWA

©Biznes reklama
Çeşmesi: https://br.com.tm/?p=6490. 06.12.2021ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 29.04.2021ý. ýyl
Makalaň WEB çeşmesi

Goşmaça bellikler: Jahantäç Öwezowa
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 74 | Добавил: Bagabat | Теги: Jahantäç Öwezowa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
2 Allanazar   [Материал]
Dogrydanam oňat söhbetdeşlik, heriňize bir köşekli düýe. Şeýle sohbetdeşlikleriň sany köp bolsun.

0
1 Bagabat   [Материал]
"Tankyt basyşa däl-de, ösüşe ýardam etmeli. Garşylyk bolmasa, ösüş ýok. Bu tebigatyň daşyň yüzüne oýulyp ýazylan mizemez kanuny.
Bir zady göz öňüne getirip görüň: suwaraňda suwy çapyp akýan ýer hasylly bolarmy ýa siňňitli akýan ýer? Elbetde, siňňitli akýan ýer! Tankytsyz edebiýatam, durmuşyň islendik beýleki ugurlaram suwy çapyp akýan ýere meňzeş.".


Gaty dogry aýdylan pikir.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]