12:03
Ýazyjy bilen söhbetdeşlik
ÝAZYJY BILEN SÖHBETDEŞLIK

Ernest Hemingueý: «Hiç wagt gahrymanlarymy saýlamadym – olar meni saýladylar.»

Ynsanyň dünýägaraýşy. Meniň tüýs özümi özümden aýdyň hiç kim dünýä tanadyp bilmez. Hiç kim özüni kowumdaşlaryndan gizläp bilmez, çünki adamyň her hereketi, döredijiliginiň her pursady onuň awtoryny açýar. Men kitaplarymda adamlara özüm hakynda barysyny gürrüň berýän.

Ýazyjynyň işi hakynda. Göwnüme, ilkinji romanymdan geljekki ykbalymyň nähili boljakdygyny bildim. Täze eýýamyň pioneridigime hiç haçan, sähelçe-de şübhelenmeýärdim we her ädimimiň ägirt gyzyklanma bilen yzarlanjakdygyna düşünýärdim. Hiç wagt gahrymanlarymy saýlamadym, has dogrusy, olar meni saýladylar. Özümden öňküler ýaly, menem güýçli ýagdaýlary töweregini özüne boýun egdirip bilýän adamlara haýran galyp bakdym. Bu tema meniň aňymy şeýle bir eýeledi welin, özümi başga hiç bir zada bagyş edip bilmedim. Ylham hem edil söýgi ýaly joşgunly bolup bilýär. Romanlarymyň mazmuny ýüregimiň jümmüşinden we şahsy tejribämden gaýdýar, emma olary aňsat, biperwaýlyk bilen ýaýmaýaryn. Meniň ýazyjylyk endiklerim ýönekeý: uzak oýlanmak we gysga wagtda ýazmak. Işimiň köp bölegini aňymda bişirýärin. Pikirlerim belli bir tertibe mününçä ýazmaga başlamaýaryn. Ýazýan wagtym gepleşiklerden bölekleri daşymdan aýdýaryn: gulak – ygtybarly gözegçi. Men jümläni islendik adama düşnükli düzdüm diýýänçäm kagyza ynanmaýaryn. Emma şonda-da beýan edişim göni däl-de kakdyryp, ümläp, yşarat edip aýdýan ýaly görýän. Şol sebäpden okyjy has inçe pikirleri sypdyrmazlyk üçin köplenç üme düşünmeli bolýar. Men kynlyk bilen, irginsiz gysgaldyp we üýtgedip ýazýaryn. Eserlerimiň dokuzynyň düzüw bolmagy maňa juda möhüm. Şonuň üçin olary tä göwhere öwrülýänçäler tükeniksiz alada bilen ýylmaýaryn, timarlaýaryn. Köp awtorlaryň arkaýyn aýap saklajak uly göwrümini kiçijik gymmatbahaly daşa öwürýärin. Mende seýrek duşýan, öz eserlerime kesekiniň nazary bilen seredip bilmek ukybym bar. Başga bir ynsaby pesräk ýazyjynyň kabul etjek zadyny köp gezek ýaýdanman inkär edýärdim. Eger şatlyk getirse ýazmaly. Elmydam ýazanymdan göwnüm suw içmese-de ýazýan wagtym men bagtly. Ýazan zatlarymyň maňa irdegiçde ýadygärlik boljakdygyna ynanmaýaryn – özüme dogruçyl baha bermäge çalyşýaryn. Talantym bilen däl-de erjelligimden ýazyjy boldum. Hiç wagt maňa berlen beýle üstünlige we şöhrata mynasyp däldim. Gowy kitabyň gymmatlylygy we özüne çekijiligi onuň kämil sadalygynda, aç-açanlygynda, häsiýetleri we hereketleri döredýän islegleri hamala säwlik bilen diýen ýaly edip, açyp bilmeginde. Bu diliň we pikiriň sadalygy. Ol ýasama däl we bilip edilýän edebi zorlamadan azat. Ýöne göwniaçyk sada ýazmak, bilgeşleýin çylşyrymly ýazmakdan has kyn. Beýik ýazyjylar ajaýyp gysbylyk talantyna eýe. Olar tutanýerli, erjel zähmetsöýer adamlar, yhlasly, irginsiz alymlar we ussat stilistlerdir. Adatça, ussatlar hiç zat ýok diýen ýaly zatdan özüne çekiji, ajaýyp hekaýa döredip bilýärler. Häzirki zaman ýazyjylarynyň iň uly aýby – bezegçilige we daşky ýylpylda höwsejeňlikleridir.

Zähmet we wagt hakynda. Deňiz asuda bolanda her öňýeten losman. Ýöne bulutsyz Gün we gussasyz şatlyk – bu, elbetde, hakyky durmuş däldir. Mysal üçin: iň şowlularyň ykbalam bulaşan ýumakdyr. Ýitirmek we tapmak biri-biriniň ýerini çalşyp, gezekleşip gelip, bizi kä gynandyrýarlar, kä begendirýärler. Hatda ölümiň özem ýaşaýşy has gymmatly edýär. Ýaşaýşyň kyn minutlarynda, gaýgy-gam we horluk gerşinden basanda adamlar hakyky ynsan adyna laýyk bolýarlar. Ýönekeýje synçy nazar bilen bakylsa-da haýsydyr bir uly başlangyçlar kynçylyksyz başa barmaýar. Munuň üçin adam öz ykbalyna minnetdar bolmalydyr. Şowsuzlyklar bizi taplaýar. Häsiýet umytlar ýykylanda döreýär. Biz özümize aşa ýokary baha berýän ekendigimizi synaglar netijesinde göz ýetireris. Durmuş tejribesi güýçli we gowşak taraplarymyzy anyk bilmegi öwreder. Ýalňyşlarymyza indikide gaýtalamajak derejede ökünip bilsek, şonda hakykatdan-da olara gynandygymyzdyr. Başga birinden ýokarda bolmakda hiç hili ajaýyplyk ýokdur. Hakyky ajaýyplyk, çyn ýeňiş haçanda öz «meniňden» ýokarda bolmagy başaranyňda döreýändir. Durmuşda we işde ukyp däl-de häsiýet, akyl däl-de ýürek, geniýlik däl-de özüňe erk, sabyr, tertiplililk hem paýhasa boýun bolmak möhümdir. Paýhas – ykbalyň ýetişen akyla iň soňky peşgeşidir. Köp synaglary başyndan geçiren adam wagta öz kömekçisi ýaly garap başlaýar. «Wagt – geçmişi owadanlaýar we köşeşdirýär» diýýärler, emma ol sapak hem berýär. Wagt – tejribäniň iýmiti, paýhasyň boý alýan topragydyr. Ol ýaşlygyň dosty hem, duşmany hem bolup biler. Wagt – peýdasyna ýa-da zyýanyna ulanylandygyna baglylykda garrylygyň baş ujunda duran teselliçi ýa-da jellatdyr. Ömrüň nämedigine düşünýänçäk, eýýäm gutaraňkyrlaýar. Ýöne ony diňe uzaklygy bilen ölçäp bolmaýar. Dub agajy ýüzlerçe ýyl ýaşaýar. Oňa çenli dirileriň kowmy birnäçe gezek çalyşýar. Emma kim tutuş asyr boýy agaç bolup ýaşamagy ynsanyň doly, manyly, maksada okgunly ýaşaýşynyň ýeke gününe çalşar? Bizi şeýle ajaýyp we çuňňur tolgunma döredýän zatlar gurşap alýar welin, munuň gadyryny öňden bilmändigime biraz utanýan. Niçigem bolsa, yzyma seredip, özüm hakynda şu dört sözi aýdyp bilerin: men bagtly durmuşy ýaşadym.

Ölüm we gorky hakynda. «Goja we deňiz» kitabymy tutuş ömrüm boýy zähmetimiň jemlemesi etmek isledim. Ony ýazmak maňa kyn düşdi. Assyrynlyk bilen garrylyk basýardy. Emma az adam garrylykdan ölýär. Köp kişi armanyň, aşa akyl we fiziki zähmediň, agyr başdan geçirmeleriň, betbagtçylygyň pidasy bolýar. Her kimiň başy ölümli, emma gorkaklar bihuda ölýär. Men elmydama gorkyny ýeňmegiň her bir erkek kişiniň borjudygyna ynanýardym. Adamy namartlyk we howpdan gorkmak ýaly adamçylykdan aýyrýan zat ýokdur. Olar ýeňil ýoly kyn, kyny aşylmaz ýaly edýärler. Adamlar soňyna çenli görmekden gorkup, köplenç, gerekmejek gorkyny başdan geçirýärler. Erbediň gelerinden gorkup, saňňyldap ýaşanyňdan, şol erbedi bileniň gowudyr.

Nogsan hakynda. Bu dünýäni masgara edýän iň ýigrenji nogsanlaryň içinde iň howplusy köre-körlükdir. Hiç bir nogsan onuň garaňky we zalym ruhy bilen deňleşip bilmez. Haçanda adam hemişe we kejirlik bilen özüniň aýratyn pikirine ýapyşyp ýatanda köre-körlük döreýär. Her bir zady hemişe kötekleýän, aslyna seredeniňde, obstruksionistdir. Oňa her bir zada döredijilikli we işjeň çemeleşmek ýatdyr. Hususy ynanjy onuň häkimidir, gipertrofirlenen men-menligi – ýeke-täk halypasydyr. Şeýle azan aň üçin hususy garaýşy absolýut hakykatdyr. Ähli nogsanlaryň gözbaşy – şöhratparazlykdadyr. Ol ikiýüzliligi döredýär, görüpligi oýarýar, ýalana itekleýär. Köp kişiniň baýlygy artdygyça sahabaty azalýar. Adama geregini beriň, ol rahatlygy islär. Rahatlyga ýetse, elpe-şelpeligi küýsär. Bolelinlikde ýüzdüriň, ol aňyrbaş lezzete zardyr. Aňyrbaş lezzete eýe bolsa dälliräsi geler. Oňa ähli islänlerini berseňiz hem ýene «Meni aldadylar, islänimi almadym» diýer. Wagty geler adamyň asyl ýaradylyşy ykbaly bilen ýüzbe-ýüz çaknyşar – şonda şeýle bir partlama dörär! Maksada okgunly durmuş hakynda. Horlukda we şatlykda sallançakdan mazara cenli özüne we dünýä aň ýetirip häzirkizaman ynsany çylşyrymlylyklaryň ümmülmez sümme tokaýyndan çykmaga çalyşýar. Indi hiç zat düşnükli hem aýdyň däl: pikirem, hereketem, lezzetem, hatda ölümem. Men hemişe-de has agramly, manyly içki durmuşdaky adamyň daşyndan hem sada ýaşap başlaýandygyna ynanýardym. Kelesaňlygyň we ysryplylygyň asyrynda hakyky zerurluklarymyzyň nähili azdygyny dünýä görkezmek islärdim. Gadyr-gymmatyny bilmeýän zadyma eýe bolanymdan, özümde ýok zadyň gymmatyny bilenimi gowy görerdim. Nähili gymmatly minutlarymyzy öz ejizligimiziň edenine däl diýip bilmän sarp edýäris. Olar ýeňles güýmenjeleriň, boş gürrüňleriň, şübheli we peýdasyz şagalaňlaryň pidasy bolýar. Gyzyklanýan zatlarymyzy çuňlaşdyrman çägini giňeltmek – öz-özüňden ogurlamakdyr. Ynsan hereketde bolmaly. Passiw synlaýjylyk – akylyň howply haly. Durmuşy ham-hyýalda, boş arzuwlarda geçirmek ýalňyşdyr. Jedel edegenler, pully oýunlara gyzygýanlar adatça garyplykda ölýärler. Hatda ýaşka şowlan kişiniňem, soňky netijesi erbet bolýar. Beýle adamlar turanýerli zähmedi äsgermän, umumy kabul edilen tejribäni inkär edýärler. Işlemek, zähmet çekmek özüne çekijiligini ýitirýär we netijede, säwlik bilen geljek şowlama garaşmakda geçýän durmuş küle sowrulýar. Adamlar hemişe bagta barýan gysgajyk ýoly gözleýärler. Beýle ýol ýok. Bir zadyy islemek bilen oňa ýetmegiň başga-başga zatlardygyna akyl ýetirende adam paýhaslanýar. Uly ýazyjylara mahsus häsiýet – işlerine juda çynlakaý ýapyşmaklarydyr. Olaryň durmuşy köplenç kyn, şatlykdanam doly däl, ýöne olar hiç wagt işsiz oturmaýarlar. Olar islendik zada – din, syýasat, bilim ýa-da ýöne bir döwüm çörek üçin işleselerem gara çynlary bilen, özlerini şol işe bagş edýärler.

Ýalňyzlyk hakynda. Kähalat ýalňyzlygym sebäpli uzakly gün ýazýaryn. Köpçülikden gyra çekileniňde kämillige bolan ymtylyş döreýär. Adamyň ruhy ýalňyzlykda öz-özi bilen gürleşýär, köplenç hem ruhuň güýji herekete öwrülýär. Şonuň üçin eger adam bagtly bolmak isleýän bolsa, özi üçin köpräk wagt bölüp aýyrmaly. Emma ýalňyzlyk peýda getirjekmi ýa-da zyýan – bu adamyň temperamentine, sowadyna we hususy häsiýetlerine bagly. Eger ýokary häsiýetli adamyň sap ýüregi ýaňyzlykda hasam arassalanýan bolsa, ownuk kişiniň gödek ýüregi öňküsindenem gödekleşýär. Şol sebäpden ýalňyzlyk ruhy güýçli ynsan terbiýelese, ejiz ruhlylar üçin ol jebirdir. Ýazyjy welin, ýazmaýan wagty dünýeden gaçmaly däldir. Men ideýalar däl-de, ilki bilen diri adamlar bilen gyzyklanýaryn. Kino, telewideniýe we teatr ýüregimi gysdyrýar. Adatça aşa dilewar adamlar ýaramaz ýazyjylar bolsa-da, men söhbetdeşligi, kimdir birini diňlemegi halaýaryn.

Söýgi hakynda. Söýgi – adamy we dünýäni döredýän güýçdir. Ol söýýänleri paýhaslandyrýar, akyllary ýiteldýär, duýgulary terlendirýär, ganatlandyrýar. Söýgi berilmek netijesinde ýaşaýar we berkeýär. Onuň wezipesi özünde bar zatlaryň baryny paýlaşmakda, söýgüsinem paýlaşmakda. Söýgi ikitaraplylykdyr. Başga birine düşünmek tas iň uly bagtdyr. Başga biriniň saňa düşünmegi bolsa mümkin, söýgüniň iň ýakymly, iň uly kanagatlanma döredýän peşgeşidir. Söýgi garşylygyna hiç zada garaşmaýar. Söýgi hatda daşyny nadaralyk, ýalan we binamyslyk gurşanda-da sabyrly we dogruçyldyr. Ol aşyklary aýyrýan wagty hem, giňişligi hem, daşky ýagdaýlary hem hasaba almaýar. Söýgi şatlyk berýär, agzalalyk däl-de ylalaşyk getirýär, daşky bolşuňa bakyp günäkärlemeýär. Söýgi – ýaşaýşyň baş maksady, doganlygyň ýüze çykmasy, ýokary moral prinsipleriniň özeni, hyzmatdaşlygyň esasydyr. Söýgi ähli ýerden, islendik ýagdaýlarda-da ýagşyny gözleýär, şony hem tapýar. Din – amala siňen söýgüdir.

Häzirki zaman we geljek hakynda. Şu günki gün taryhyň adata akymy däl-de saklap bolmajak güýç bilen öňe barýan tolkunyň çürbaşydyr. Beýik döwürler geçmişde däldir, beýik döwürler – häzirki döwrümiz, has beýik döwürler bolsa – geljegimizdir.

Ernest HEMINGUEÝ





Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 58 | Добавил: Revo | Теги: Ernest Hemingueý | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Mahremlik   [Материал]
Sag bolun paýlaşanňyz üçin gaty gowy makala

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]