11:02
Ýazsañ..
Ýazsaň, gijäň keýpi zereň goýnunda,
Aý asmanda ýüzün sallap otyrka.
Ýazsaň dünýäň ähli derdi boýnunda,
Asyl-asyl bolup, aslyşyp durka.

Ýazsaň, ýyldyzlary tesbi deý sanap,
Bar mydaryň gaçyp, aýylsa essiň.
Ýazsaň, ýürekdäki ýaralaň ganap,
Gijeligi ukusyndan oýatsyn.

Ýazsaň, ýanyp setirleriň derdinden,
Ýassyk edip duýgularyň dessesin.
Ömrüň ýaryn owarrama berdim men,
Köňle goýup rakyplaryň kyssasyn.

Ýazsan, tagty arzuw edip özüňe,
Diläp şygryň bilen baky galaryň.
Men şeýle bir tagt salaryn özüme,
Şonda maňa gözi gider şalaryň.

Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 442 | Добавил: Zerinaý | Теги: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Başga / Goşgular - 08.02.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Zenan ýüregi / Goşgular - 06.03.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Tebil / goşgular / Goşgular - 09.02.2021



Всего комментариев: 5
2
5 Gumlygelin   [Материал]
Ýazanyñ,ýetireniñ galamyna hem ömrüne bereket bersin.

2
4 Garaýolly   [Материал]
Ajaýyp goşgylar.
,,Omruñ yaryn owarrama berdim men,
Koñle goyup rakyplaryñ kyssasyn".
Gor,nahili dunya yaly giñ gowrumlilik bilen aydylan sozler.Shahribossanyñ shygyryetiniñ cyn poeziyalygy hem sheyle hasiyetliginiñ kopliginde-da! Onuñ goshgylaryny unsli okasañ ynsan añynda pugta samawat rishtesiniñ berk baglanyp durandygyny añlasa bolyar.

1
3 Zerinaý   [Материал]
"Ýoluma dikip gõzleriñ
Aglayyp bulak bolupsyñ..

..Barybir seni gõrmedim
Behiştde melek bolupsyñ"

0
2 Zerinaý   [Материал]
Ataň aýtdy, tawus guşuň,
Başyna ýelek bolupsyň.
Gözüň-ä ýanyp dur:muşyn,
Özüňem gülek bolupsyň.

Käte suwa ýakyşmasaň,
Atlara iým döküşmeseň,
Taýlar bile böküşmeseň,
Sen ony telek bilipsiň.

Öýňüzi çekdi-de keşdim,
Sowuldym, düşledim, geçdim,
Soň meň garyp adym eşidip,
Yzymda elek bolupsyň.

Tapyp bir ganym usulyn,
Ömrüň gül açan pasyly,
Perýat saňa, bedasylyň,
Aýagna dolak bolupsyň.

Agladan belendi-pesi,
Bossanda gülüň täzesi,
Eý, Çyn şähriniň käsesi,
Itlere ýalak bolupsyň.

Gaçyp gaýdypsyň gizlenip,
Ele düşüpsiň gözlenip,
Ýoluma dikip gözleriň,
Aglaýyp bulak bolupsyň.

Gaýtdym ýanyňa durmadan,
Ardym uzak ýol ýörmeden,
Barybir seni görmedim,
Behiştde melek bolupsyň.

Şähribossan Geldimämmedowa

2
1 Garaýolly   [Материал]
Gowy goşgylar

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]