01:13
Ýazmaly wagtyñ
ÝAZMALY WAGTYÑ

Şahyr Аmаnmуrаt Вugаýеwe

Püre-pürlär akyl käsäñ kyrkda,
Indi besdir, gezdiñ gezmeli wagtyñ.
Heniz öñde orta ýaş bar, gorp bar,
Geldi gaýnap-gaýnap ýazmaly wagtyñ.

Ýañyja-da "garaja oglan" diýerdik,
Bir-birege diñe daýy, ýegendik,
Şahyr bolup orta çykdyk, begendik,
Geldi kükräp-kükräp gyzmaly wagtyñ.

Il danadyr, tanar ýagşy-ýamany,
Ýaryşda öwülmez atyñ çamany,
Boguber şygyrdan elwan çemeni,
Geldi özgäñ derdin syzmaly wagtyñ.

Ýar ýaryñ söýgüsin okar gözünden,
Şahyrlar şahyry tanar gözünden,
Ýetip bolmaz, geçen göçüñ yzyndan,
Gelendir janyña dözmeli wagtyñ.

Bolsun il arzuwy maksat-myradyñ,
Şygryñy dost saýsyn ýakynyñ-ýadyñ,
Вuganуñ dogmasy Аmаnmyradym,
Geldi ýaryş gurap, ozmaly wagtyñ.

Ýylgaý DURDYÝEW.

"Garagum" žurnaly, 10/1992 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Haweran | Теги: Ýylgaý Durdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
Biliñ / Goşgular - 26.05.2021
Dostuma / Goşgular - 01.06.2021
Bahar toý tutýar / Goşgular - 20.03.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]