09:29
Ýaz saňa
ÝAZ SAŇA

Jennete düşdüm-de,
Uçdum ýaşyl barlyga,
Iň hoşwagt günlermiň
Birin-birin adyn ýazdym
Ýaşyl gülli ýaglyga,
Ylgap özüm oklamyşam
Äpet ýaşyl ýazlaga,
Dogduk depäm,
Sowgat etjek
Milliard desse ýaz saňa!

Otlaryňdan-çöpleriňden
Ysy gelýär uçmahyň,
Ellermi ganat eýlediň
Uçjak diýip uçmadym,
Topragyňa bagrym berip,
Asmanyň gulaçladym,
Dogduk obam,
Sowgat berjek
Million torba ýaz saňa!

Seň demiňden ganan şatut
Saýa gerdi jöwzada,
Täjirleri utmuşamdyr
Senli uly söwdada,
Jan bermeklik ýegdir sende
Nesiplä ýa begzada,
Dogduk sähram,
Sowgat etjek
Bir müň gujak ýaz saňa!

Saçlarymy çözlänimde
Çözlenipdi duýgulam,
Howaň gaýtadan jan berdi,
Ýogsa ýüz ýyl köýdümem,
Meý-mest bolup,
Serden aşyp
Saňa bolan söýgüden,
Dogduk ýaýlam,
(Az görmäwer)
Sowgat berjek
Bir pyýala ýaz saňa!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Призывание / Goşgular - 28.02.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022
Gitme! / Goşgular - 27.01.2022
Sen... / Goşgular - 01.02.2022
Бахчисарай / Goşgular - 24.02.2022
...-niň aýdymy / Goşgular - 30.01.2022
Men daglaryň reňkin söýdüm / Goşgular - 19.02.2022
Maslahat / Goşgular - 25.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Garayolly1936   [Материал]
Gowy goşgy, täsirlenip okadym. Sag bol, uýam!

0
2 Aksary   [Материал]
Oñat goşgy.

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Gowy goşgy, täsirlenip okadym. Sag bol, uýam!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]