01:18
Ýaz gelende
ÝAZ GELENDE

Ýaz gelende,
Ýaz gülüni tiremde,
Begendim....
Bardygyňa... bir ýerlerde.

Saňa gabat gelendirin
Eserlerde,
Awtobusda,
Howlugyp barýarkam,
Hiç kime üns bermeýärkäm.

Saňa gabat gelendirin,
Ýadamda,
Özümden göwnüm geçip ýaşamda,
Gün ýaşanda.

Güllermizi suwaramda,
Gök asmana guwanamda,
Garader bolup,
Gülli ýorunjalary oramda
Gabat gelenimi bilýän...

Bagymyzdan
Sary beýiler ýygamda,
Asmandan göz-görtele syrlar ýaganda,
Saçlaryma gyşyň gary degende,
Hökman gabat gelendirin.

Ýaz gelende,
Baýyrlardan
Ylgap aşak inemde,
Begenýärin
...................
Uludan dem alyp
...................
Barlygyňa... bir ýerlerde.

♢ NESIP BOLSA

Oglumyz bo:r -
Saňa meňzeş.
Gyzymyz bo:r -
Maňa meňzeş.
Ýaşarys biz
Ak ýagyşlaň aşagynda . . . .
Tebigat öýümiz bolar
Säherler toýumyz bolar
Garrarys biz
Bir saýawan astynda . .

♢ MEN SENI YNJYTMAK ISLEMEÝÄRIN

(ýazyp gutarylmadyk goşgy)


Men seni ynjytmak islemeýärin..
Islemeýän gözleriň göwherini dökmegiň,
gündizlerne ýüpegim
gijelerne mahmalym

Men seni ynjytmak islemeýärin..
Ýaşaýyşa bolan soňky umydym...
harçlanam bolsam
Seniň bilen agyr ýola başlanam bolsam...
Başgaça durmuşy islänem bolsam...

Saba deý ýylgyrşyň bilen
ýylgyrmagyň isleýän
Säherlerme
Baharlarma
Gül bolmagyň isleýän.
Gyşda ýalňyz galan çagym
gapym kakyp geleniň
sen bolmagyn isleýän...

Pyşyrdylaň ykbalyma
heň bolmagyn isleýän...

Men seni ynjytmak islemeýärin.
gaty kyn bolsa-da,
agyr bolsa-da,
Ýoluň soňy bolaýmagam
mümkin bolsa-da,
şu lälik gyz seň dünýäňde
hiç kim bolsa-da...

Men seni ynjytmak islemeýärin...

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 110 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Монахиня / Goşgular - 12.01.2022
Kakamjan / Goşgular - 14.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 4
-1
4 Tumarly   [Материал]
Kitapça giremizde
Goşgy barynyñ gülün tiremizde
Begendik
Bardygyna
Suraý ýaly çyn zehiniñ bardygyna bir ýerlerde...

0
3 Hyýalkeş   [Материал]
"Sary gelini" ugradan ýardamsöýer agzalar, size "Ullakan tañryýalkasyn" diýýän. (Şu ýerden aýdaýmasam mgbtym az.
El.poçta kän iýýär)

-1
2 mango   [Материал]
"nesip bolsa"-ny has haladym.

Oglumyz bo:r -
Saňa meňzeş.
Gyzymyz bo:r -
Maňa meňzeş.

sagdyn pikirler - ogullar ata: meňzese, gyzlar - enä....
ýagny erkek erkek ýaly, gyz gyz ýaly....
(ýogsam soňky döwür biraz bulaşdyryp başladyk).

Ýaşarys biz
Ak ýagyşlaň aşagynda . . . .
Tebigat öýümiz bolar
Säherler toýumyz bolar

gowy arzuw-niýet. tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak....
(bu-da soňky döwür bulaşdyran meselämiz...)

Garrarys biz
Bir saýawan astynda . .

ine-de final! goşgyň depesi!
agzybirligi aňladýan "bir ýassykda bile garramak" düşünjesiniň 2020-nji ýyllarda täzeden aýdylyşy.
"bir saýawan astynda garramak"! :-)
saýawan bar bolsa - bardyr ýagyş, bardyr güneş.
ýagyş bolsa, güneş bolsa - bardyr ýaşaýyş.
ýaşaýyş dowam etse - bardyr nesil, ogul we gyz.
ogul ata:, gyz enä meňzeş.
bet!

-1
1 Gumlygelin   [Материал]
Ehhh ... Suraýjan ýene säher bilen ajaýyp goşgular. Ömrüñ bolsun gadyrdanym...
Teswiri şu ýerde bes edeýin. Arzuwlarymy içimden edeýin. Ýogsam... ýene meni sözaýdyjy hasap ederler :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]