13:58
Ýatlamalar
ÝATLAMALAR!

Ilki söýgimdiň sen, entek ýaşlykdan,
Soňsuz arzuwlara göwün bagladym.
Gördüm seni çala aradaşlykdan,
Bagtsyzmydyň?
Bagtlymydyň?
Aňmadym!

Bilmen, bagtlymydyk?
Edip etmişi...
Ýolumyz aýrady, çäre galmady.
Göreçlerde gördük ähli geçmişi
Kemsinen bu göwnüm elin galgady.

Şeýdip geçip gitdiň öýmeli başda
Gussalar meň bilen wagtyn çaglady.
Ahmyrlar peýdasyz - bu geçen ýaşda,
Hamsygan ýüregim gözün çyglady.

Bu gürrüňler maňa tanyş, saňa geň
Ejiz göwnüm jiger-bagryn daglady
Ýatlamalar ýatyrmady daňa çen
Telefonda rus aýdymy "Aglady".

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Garaňkylykdaky dessan / Goşgular - 29.01.2022
Hero Your Comics / Goşgular - 21.02.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Meşedi-Misirýan oýlanmasy / Goşgular - 02.02.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022
Туркменистан / Goşgular - 25.02.2022
Готическая миниатюра / Goşgular - 17.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]