22:20
Ýatlamalañ añyrsynda galan ýar
ÝATLAMALAÑ AÑYRSYNDA GALAN ÝAR.

Tehnologiýalar asyrynyň çalt depginde ösýän, gelejegiň awtoulagy, gelejegiň akylly öýleri, gelejegiň akylly nesli kemala gelýän döwürde geliň, siz bilen biraz geçmişe dolanalyň.
Şol mekdep, şol klas, şol mugallymlar, şol gyz. Men olar bilen ömürboýy bile galmaga taýyn.
- Eşitýäňmi, a gyz seň bilen bir ömür bile galmaga taýyn. Eşitmedi, eşitsedi, bilsedi nähili söýülýänini, täzeden dogulmaly bolsa ýene meň bilen bir klasda okamany arzuw ederdi. Oňa bolan söýgümi beýleki gyzlara gürrüň berenimde olar maňa: - Şoň baly bar ýaly, bar oglanlar yzynda, töweregiňe seret başga-da gowy gyzlar känä diýerdi. Başgasy ýokdy, ol täkdi.
Bir güni Rozaň agasy öýlendi. 8-nji klasdyk, ol hemmämizi toýa çagyrdy. Roza öýünde 7 oguldan soň dünýä inen gyzdy. Öýüniň läligi (käbir statuslarda aýdylşy ýaly: ejemiň dälijesi, kakamyň lälijegi, öýümiziň jynjagazy, kapriznaýa huliganka, odinokoýa banditka, men ýekeje, içýänim sok-söýgilim ýok, "mesele däl" diýen oglanlara mesele men.) bizi toýda garşy aldy. 2005-nji ýyl kimiň ýadyna düşýär. Häzirkiler ýaly toý mekany, ýokary derejeli toý palatalary (çadyrlary) ýokdy. Ýer gazyp agaç kakýaň, goňşylardan tapyp gelen brezentleriňi, ganarlaryňy daşyna oraýaň, toý palatasy taýyn. Toý sebäpkärleriniň atlaryny pagtadan ýa-da kagyzdan gyrkyp, halyň üstündäki "Bagtly boluň" ýazgyň gapdalyndan ýelmeýäň, bagtly ýaşlaň oturjak ýerem taýyn. Biziň oturýan ýerimizä wapşe lýuks, toýdan bir gün öň traktor bilen tekizlenen ýere ýukajyk düşek düşelýär, myhmanlaram edil öýlerine gelen ýaly ýerde arkaýyn oturyp bilýärler. Roza bize oturmaga ýer görkezdi, oturdyk klasdaşlar bilen. Meňem oturşymy bir görüň, Çingiz hanam tagtda beýdip oturan däldir. Saşka dadyma ýetişäýdi:
- Massimus hany papagyňy alyp gaýtmadyňmy?
- Haýsy papak?
- Öňüňe papak goýsaň edil dilegçä meňzeýäň. Bir azajyk dikel, eplenip gidipsiň.
- Birhili utanýanow, öň toýda oturyp görmändim.
- Aý öň gyrada limonad ogurlap ýören ortada otursa gelşiksizem eken.
- Şo döwürlerimiz gowy eken.
- Näsini aýdýaň dost, bärde ne narmalny iýip bolýa, ne içip bolýa, hemme bize seredip otyr. Bu öliňem ýaz gününi gapyşdyryp sowukda toý edişini diýsene. Poçkam gitdi dost, ýör gezmeläli.
- Aý indi toýuň günäkärleri bir çyksyn onnoň gidip geläýeris, özlerem 1 sagat boldy çykmadylarlaý.
- Oglanyň adynyň 1 harpyny gaçyrypdyrlar, şony oňarýançalar, olar çykmaz, şu Geldimyrat jalaýam harplary zapasy bilen alyp gaýdaýmala.
- Azajyk sabyr et dost, häzir Geldimyrat agaň hemmesini oňar, harpynam ýasar, tüýkilikläbem ýelmär.
- Ýaşy elliden geçdi indi tüýkiliklesede peýdasy ýok, meň ýaş janyma rehmiň gelsin, indi çydamok men, häzir otyran ýerime.....
- Ýör, ýör dost, öňem ysyňdan oturar ýaly däl.
Biz toý ýerinden çykyp ugradyk. Öňümizden Roza çykdy.
- Massimus nirä barýaňyz?
- Biz ýaňky, hälki, nemedä, o zada barýardyk, gitjekmi, wiý gitjekdik....
- Düşünmedim, bir zat boldumy?
Saşka gürrüňe goşuldy:
- Hemme zat gül ýaly, biz häzir barýas Roza.
- Bolýa, geliň siz bolmasaňyz toýuň gyzygam bolmaz. Ol soňky sözlerini maňa seredip aýtdy.
- Saşka eşitdiňmi, sen bolmasaň maňa hiç zadyň gyzygy ýok diýdi, gel seni bir ogşaýynla.
- Edil beýlä diýmedi dost, häzir elimi ýuwaýyn soň ogşaý.
Toý ýerine girdik. Sebäpkärler gelipdir. Toý gyzyşypdyr. Bizem klasdaşlar bilen tansa çykdyk. Meň gözlem Rozada. Ol bu gün has owadan, has mähirli, ol meň bilen biraz tans etdi. Aýdym gutaransoň ýerimize geçdik. Bir klasdaş oglanym maňa:
- Massimus, içelimi?
- Aý bilmedim, bir-iki gezek içäýsegem bolýa.
Şonda Saşka:
- Bu däliň özi zordan otyr, birazyragam içse polny gözüni açar, muňa bermäň diýdi.
Men Saşkany diňlemedim, içdim. Köpüräk gitdi öýdýän klasdaşlarym meň daşymdan aýlanyp ugradylar.
- Saşkammmm, toýdan soň Rozany öýe äkitjek. Hwatittt bolarda how.
- Dost, sen oň agalaryndan habaryň barmy?
- Näme oň agalaram barmy?
- Wah, bolanda dagy oň tüýlek, tüýlek agalary bar.
- Görkez agalaryny, men hemmesinem öldürip Rozany alyp gitjek, hany meň awtomatym, gylyjym nirde? Saşşşş sen aldyňmy meň gylyjymy?
Özüme gelsem öýde, bir gözüm gök, näme bolanyny ertir Saşkadan soraryn, Rozaň göwnüne degmedik bolsam bolýa. Görýäňmi Roza, şo ýagdaýda-da men sen barada pikir edipdim, seni alada edipdim.
Eý, meniň söýgi dagymyň Ewerestinde ýaşaýan melegim. Düýn ýene-de düýşüme giripsiň, egniňde näme üçindir ak eşik. Attestat alan günümiz "Seni hiç haçan unutmaryn" diýenimde gülüpdiň, seret seni entegem unutmadym. Men ýaşaýyşda bagtly, senem bagtlymyň? Onda näme üçin düýşlerime gamgyn halda girýäň?!

Maksat ESENOW.





Просмотров: 133 | Добавил: Aksary | Теги: Maksat Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Haweran   [Материал]
Bul-a oýlanma däl.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]