19:43
Ýatlama
ÝATLAMA

Haçanky Laçyn men,
On müň ýyl bär-ä,
Ýaşap ýörendirin Ýeriň ýüzünde,
Entegem meň biraz huşum gowy däl,
Hemem känbir matematika bilemok.

Ýöne örän aýdyň ýadyma düşýär:
Ummanda bir damja suw bolup gördüm,
Asmanda, bulutda bug bolup gördüm,
Güneşiň şöhlesi, Aýyň şuglasy,
Ýyldyzlaň Zöhresi bolup gördüm men.

Bir döwürler bägüldim men aşykda,
Bir döwürler bägül berýän aşykdym.
Bir döwürler şagyzydym köşkde,
Alma bilen atyp urýan awuny,
Elbetde
On barmagnyň ýüzükleri awuly
Şagyzydym.
Ömür garaw görmedik.
Ömür alaw görmedik.

Magşukdym men, gedemdim.
Bir döwürler men-men diýen ärlere,
Başbermedik bedewdim.
Otdan çykan bedewdim...
...Häzir bolsa al-asmanda,
Ganat ýaýýan Laçyn men.

Laçyn PÜRJÄÝEWA.

2008 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: mango | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýatlama / Goşgular - 14.01.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Seniň üstüňde / Goşgular - 12.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Mähriban / Goşgular - 07.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Новогодний тост / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 12
0
12 Hyýalkeş   [Материал]
Mango daýy hakynda hiç kim hiç zat bilmeli däldir, Aýna! Bilseñem bilen ýeriñde unutmaly :)
Diñe adynyñ Mangodygyny familiýasynyñ Tropikanoglydygyny bilsek boldy. Birem Ata Kakaýew diýen edebi tahallusy özüne kabul edip aljak bolanynda bir näsazlyk ýüze çykyp alyp bilmändigini bilmeli :)

0
11 Mahremlik   [Материал]
Wiý siz Büzmeýinden dälmi?

0
9 Mahremlik   [Материал]
Bagyşlaň siz Büzmeýinli ekeniňiz welin Büzmeýiniň niresinden (menem Büzmeýinli şondan soraýan)

0
10 mango   [Материал]
Aý, o maglumatlara kän ynanma. :-)

0
8 Mahremlik   [Материал]
Sag boluň! Özüm kiçiligimden kitap okaýan men 1-nji synpda ertekileri okaýadym ýöne goşgy ýazmaga maşgalamy ýitiremsoň başladym şoň üçin şol temada kän ýazýan. Özüm kitap kitap okamany halaýan ýöne goşgulara siziňki ýaly seredip görmändim şoň üçin seredip beräýiň diýdim. Otur nokadam indikide ulanaryn minnatdar

0
6 Mahremlik   [Материал]
hmm bolýa belläp goýaryn siziň aýdlaryňyzam dogry men ýöne öz düşünşimi ýazaýdym. @mango siz meň goşgulam hakda nm pikir edýäňiz men täzeräk başladym eger öz pikiriňizi aýtsaňyz minnetdar bolardym siziň gowy teswirlerňiz bar eger kyn görmeseňiz meňlikeňem üstünde duraýyň köp minnetdar bolardym

0
7 mango   [Материал]
Aýna jigim. Ilki bilen kynam bolsa sözlemde oturyny, iň bolmanda nokadyny goýuň.
Ikinji bilenem, esasanam ýaňy başlaýan bolsaň goşgyňa baha berilmegine gyzykma.
Maslahatym, professionallaryň eserininden öwreniň, olary analiz etmegi öwreniň, nämäni näme üçin şeýdenini biljek boluň. Nämäni haýsy usulda aýdyşyny öwreniň….
Garaz, kämil eserleriň üstünlikginiň syryny duýjak boluň…. Hemem köp okamaly…
Bu zatlary aýdýakam, käşkä özümem diýýänlerimi edip bilsedim :-)
Ýöne gürrrüň siz barada gidýär.
Bu ýazgylarymam saňa.
Gaýrat et.
(hemem haýyş, adyňyzdaky pustota-ny aýyraýyň. Atlar gözel bolsun).

0
5 mango   [Материал]
Jypdyrmak barada.
Şungatyň hatyry üçin, jypdyrmak aýp däldir.
Bu bir usuldyr.
Ýöne, owadan jypdyrmaly.
(konspektiňe belläp goý, Aýna hanym).

0
4 mango   [Материал]
Hawa, “Entegem (oň) biraz huşy gowy däl” ýogsam, şahyryň ýatlajak ýatlamalaryna haýran galardyk…
Men awtoryň ähli zat bolanyny ýatlaýşyny haladym (azajyk jypdyrýanam bolsa :-) ), ýöne, iň soňundan ähli zatlaryň üstünde erkin ganat ýaýmasyny has haladym.

0
3 Mahremlik   [Материал]
Awtoryň özüne beren bahasyny haladym hiç haçan ruhunyň pes bolmandygyny, söýendigini ,söýülendigini, özüni elýetmez şagyzyna deňeýşini häzirlerem şol öňkisi ýaly asmanda ganat ýaýyp ruhuny belentde tutuşyny haladym ( nm üçin bilemok ýöne şu teswiri ýazamda ýüregim öňküsinde çalt urdy)

0
1 Mahremlik   [Материал]
gowy goşgy eken

0
2 mango   [Материал]
Aýna hanym. Gel bir zat edeli.
Gowy diýen bu goşguda nämäni haladyň?
Gel, özüňçe analiz et.
Hem, bu analiz arkaly öwrenjek zatlaryň bolar, saňa has peýdaly bolar (senem ýazmagy halaýanyň üçin aýdýan).

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]