20:35
Ýatla meni / hekaýa
ÝATLA MENI

Men bir zada begenýärin. Köp meşhur adamlardan “Söýgi näme, siz oňa nähili düşünýärsiňiz?” diýip soraýarlar. Meni begendirýän zat olaryň biriniňem meni kanagatlandyrýan jogap bermeýändigi däl-de, meşhur şahsyýet bolmasamam, bu soraga özümçe jogap tapyp goýandygym. Hemişe otagymyň içinde eýlä- beýlä ýöräp, özümi gadymy grek pelsepeçileri ýaly alyp barýarkam, men bu soragyň jogabyny tapdym goýaýdym. Dürli ýaşdaky we dürli kärdäki adamlaryň “Zenanlara pikirleriň titany bolmak hökman däl” diýmegi, goňşularymyzyň sada dilinde aýdanyňda:”Gyzlara beýdip ýörmek gelşenok, olar öý işleri bilen köpräk meşgullanmaly” diýen sözlerem meniň bu endigimi taşladyp bilmedi. Her niçigem bolsa, men öz bolşumda galdym we hemişe hereketde gezýän beýnimi beýleki pikirler bilen doldurdym. Gündeligimiň”Söýgi näme, ol durmuşda barmy?” diýen ýerine-de uly höwes bilen aşakdaky jogabymy ýazdym:” Söýgi diňe söýgi taryhyny döretmek üçin ýaradylanlara bar. Adamlaryň durmuşynda söýgi zerarly bolup geçýän köp ýalňyşlyklar olaryň bu hakykata düşünmeýänliginden we öz durmuşlaryny, missiýalaryny bolşy ýaly kabul etmeýänliginden, Söýginiň islendik adama elýeterlidigine ynanýanlygyndan gelip çykýar. Olaryň arzuw edýän ideal söýgüsi bolsa, diňe käbir adamlara bagyşlanan” Ýöne, maňa bu sözleri oýlap tapmak we şu netijä gelmek aňsat düşendir öýtmäň. Men munuň üçin köp muşakgatlary çekdim, köp gözýaşlary dökdüm. Gülüp aglamagy, unutman hoşlaşmagy, hoşlaşyp sessiz söýmegi öwrenmeli boldum. Wagtyň geçmegi bilen durmuş maňa dözmezçilik etdi, şeýdibem men entek 19 ýaşymdakam köpleriň, hatda ölýänçä-de kabul edip bilmejek hakykatynyň eýesi boldum oturyberdim. Maňa beýleki gyzlaryň söýgi üçin aglaýan wagtlary gaty gülkünç bolmaga başlady. Men olary özümi köşeşdiren sözlerim bilen köşeşdirýärdim: “Hemmesi seniň bilenem, sensizem gowy bolar” A olar menden:”Ondanam gowusy duşar diýsene” diýip haýyş edýärdiler. Men näçe islesemem, edil şol wagt boýna alynmaly hakykaty aýtmaly bolýardym:”Ondan gowusy duşar diýip bolanok-da, ýöne gowusy duşar, ondan gowusy diýen zat bolmaýar, diňe gowusy bolýar” Elim bilen gözýaşlaryny süpürip, saçyny sypalap oturn närsäme gaty ýüregim agyrýardy, olaryň şeýle ejizdigi, ýöne şol ejizligiň aňyrsynda ynamyň hem egsilmez söýginiň bardygy, ony bolsa başga hiç bir zadyň gaýtalap bilmejekdigi meni köşeşdirýärdi. Men tebigaty boýunça zenanlary söýýärdim. Size-de döremedik söýgi taryhyndan käbir zatlary gürrüň beresim gelýär. Eý, okyjy, sen eýýäm men we meniň häsiýetim hakda biraz bilýänsiň, ýöne meni hemişe şeýle pikirde bolan we şol pikir bilen doglan adam hasaplamazlygyň üçin, men saňa öz durmuşymdan söz açjak.
Bu waka men sekizinji synpda okaýarkam bolupdy. Men mekdepde özüne göwni ýetýän, özüni jemgyýeti üçin täzelik hasap edýän, daşyndan ýaşyna görä juda realist görünýän bir okuwçydym. Men kitaplardaky gahrymanyma öýkünjek bolup, “Söýgi ýok” diýip gaýtalaýardym. Näçe köp gaýtaladygymça, bu frazanyň ýalan bolmagyny we kitaplarda bolşy ýaly, maňa özüni söýdürjek oglanyň peýda bolmagyny isleýärdim. Bu şeýle-de boldy. Ýöne men özüm bilen başagaý bolup, onuň meni söýmegini esasy zatlaryň hatarynda goýmagy unudaýypdyryn öýdýärin. Sen eýýäm wakanyň dowamynda jogapsyz ýa-da platoniki söýgi bolar diýip oýlanansyň, a eger men ikisem däl diýsem näme?!
Biziň mekdebimiz “Etrapdaky iň gowy mekdep“diýlip öwülýär, sebäbi bu mekdepden il-günüň derdine ýaraýan köp şahsyýetler çykdy. Men mekdebi öz ýaşaýan öýümdenem gowy görýärdim, sebäbi öýümde-de men özümi beýle arkaýyn, bolmaly ýerinde bolýan adam ýaly duýamokdym. Bu ýagdaý meniň mekdep okuwçylaryna degişli bolmadyk, mugallymlara niýetlenilen kitap sahypalarynyň tozanyny köp kakanlygymdanam bolup biler. Bir gün ömrüňi anyklajak, geljegiňi aýdyňlaşdyrjak soraglaryň çözülýän ýeri bolan meniň iki gatly, dört korpusly “oksforduma” bir oglan geldi. Ol hakda şeýle bir köp gürrüň etdiler, öwgüli sözler aýtdylar welin, men ony görmänkäm ýigrendim. Gyzlaryň:”Seni ony görsediň, daşary ýurt terbiýesindäki üýtgeşik oglan” diýýän sözlerini gulagymdan geçirip, ýüregimiň içine salyp ýördüm. “Daşary ýurt terbiýesindäki... hmh, hamana bize öz terbiýämiz azlyk edýän ýaly, ol şol gompuja, bolşy ýaly görünmäge utanýan samsyklardan bolsa gerek” diýip, men beýlekilere akyl satýardym. Bir gün türkmen dili we edebiýaty sapagynda otyrkam, meni goegrafiýa mugallymyň ýanyna çagyrýandygyny aýtdylar. Men derňäp oturan sözlemimden ünsümi sowman oturşyma:
-Ol näme Ýaponiýanyň hereket edýän wulkanlaryny görkezmekçimi-diýip soradym. Meniň beý diýmegimiň sebäbi mugallymdan eden bir haýyşymyň bitmän galmagydy. Men öz ýanymdan oňa gaharlanyp, islendik teklibini ret edip ýördüm. Onuň maňa berýän adaty bahasy bilenem ylalaşmak islemänimden soň, men ony maňa düşünmeýän mugallymlaryň hataryna goşdum. Şeýdibem sapaga degişli bolmadyk zatlar bilen onuň kellesini agyrdýardym we arymy gowuja ýerine salýardym. Ýöne şol gezek süpürgiç ýuwmak bahanam bolansoň, ýolugra onuň ýanyna barmagy ýüregime düwdüm. Basgançaklardan endigime görä, howlukmaç düşüp, saga öwrüljek boldum. Şol wagtam çaknyşyk boldy. Men”Içigaragalan” diýip,gyşaran äýnegimi düzedip durşuma,garşymda duran oglanyň”Bagyşlaň”diýeninden, gynanýandygy ýa gülküsiniň tutýandygy anyk saýgartmaýan ýüzüne seretdim. Seredibem doňup galypdyryn. Eý-ho, gözleri ne bela owadan. Garaja gözler, özem şeýle sadadan uly, sadadan mähriban. Ýöne ol meniň gözlerine geň galyp, köp seredip durmak islegimiň bardygyny aňmady öýdýän. Jogabyma-da garaşman geçip gitdi. Men onuň şol gürrüňi edilýän”daşary ýurt terbiýesindäki” oglandygyny çak etdim. Sebäbi mekdepde beýle adamy birinji gezek görüp durşumdy. Daşyndanam ol gürrüň berişlerine meňzeýärdi. Soň men ony hiç ýadymdan çykaryp bilmän ýördüm. Onuň bar ýerinde bolmak islegi meni her hili akylsyz hereketlere iterdi. Onuň maňa üns bermeýändigi, meniň bilen gyzyklanmaýandygy soňabaka meni gynandyryp başlady. Men oňa ýaranmak üçin başga terbiýädäki gyz boljak bolup, ýüzüme reňk çalmadym ýa-da ýewropaça-da geýinmedim. Bäsleşiklere welin, öňküden has uly hyjuw bilen ýapyşdym, sebäbi indi mende kimdir birine özümiň güýçli hem ylymly adamdygymy subut etmek islegi bardy. Onuň bu zatlara düşünmejegini, onuň üçin juda akylly gyzdygymy, asla-da özüňi söýdürmek üçin hereket etmegiň peýdasyzdygyny bilmeýändigim tebigy zat. Men öň hiç kimi söýüp görmändim, meniň hiç kimi söýmeýändigim üçinem hiç kim meni söýenokdy. Ýöne, gel-gel, hemme gyzlaryň hyrydarlyk bilen seredýän oglanyny söýmek, şeýle hokgany çykarmak nireden kelläňe geldi diýsene?! Bolsa bolupdyr-da suratlandyryp bolmajak derejedäki günäsiz gözleri. Ýöne diňe gözlermi näme? Ol maňa meniň arzuwlarymy ýatladýardy, mende özüme bolan ynamy oýarýardy. Mümkinçiligiň uludygyna şübheli garalýan, darajyk ýollaryň sada hyýally perzendine onuň arzuwlarynyň amala aşjakdygyna ynam döredýän adamy tapmak- barypýatan bagtdy, ykbaldy. Söýgi hakdaky garaýşyny bir owadan gözli oglanyň yşgyna çalşan gyzjagazy günler öz gününe goýanokdy. Men ykbalyň bizi nähililik bilen duşurjagyny düýşlere salyp, aňymda pyrlandyryp ýörkäm, bir geň waka bolaýdy.
Mekdep partasyna çyzmazlygy şol partada oturan günüňden, tä gutarýançaň sargyt edýärler. Hemme edilýän sargytlary ýerine ýetiremokdym diýsem-ä ýalan sözledigim bolardy, ýöne ýerine ýetirmeýänlerimiň arasynda käwagt parta hatjagaz ýazaýmak endigim welin bardy. Olam meniň gaty ýazmaga höwesek bolup, ýapraklara, diwarlara, elýaglyklara ýazyp ýörenligimden bolaýmasa. Ine, bir günem iňlis dilinde eşiden, biziň kiçiräk bazarymyzy Ýewropanyň şowhunly durmuşyna meňzedýän”Seni ýatlaýşym ýaly, ýatlaýaňmy sen meni’(Do you remember me, like I remember you) ýaly sözler bilen başlanýan “Kimdir biri men” atly aýdymy parta ýazmagy makul bildim. Ýazdymam. Meniň üçin bu adaty iş bolansoň, men partadaky haty tiz ýadymdan çykardym. Ýöne, şol aýdymy eşidenimde, göz öňüme getirýän adamymy welin ýatdan çykarmak maňa başardanokdy. Ol günem mekdebe hemmelerden ir gelip, sapaklarymy gaýtalamaga oturdym. Gijäň bir wagtyna çenli gören çeper filmimden ýaňa gözüm henizem bulaşyp, kelläm agyryp durdy. Üstesine, ukymam tutýardy. Öz-özünden ýumlup gidýän,setirleriň başyny çaşyryp oturan gözüme mundan agyr jeza bermezlik niýeti bilen kellämi parta goýup, biraz ukymy almaly diýen karara geldim. Çekgelerimiň sowuk parta degenem şoldy welin, syýanyň ysyna kellämi biraz beýleräk süýşürmeli boldum. Birdenem, şol aralykda uly harplar bilen ýazylan hata gözüm düşdi. Iňlis dilinde meniň aýdymyma jogap edilip ýazylan hatyň awtory öz adyny gizlemän görkezipdir, ol awtoryň ady meniň hemişe pikir edip ýören oglanymyň adydy, ýagny Serdardy. Onuň menden bir synp uludygyny şol çaknyşyk bolan güni bildim, meniň oturýan partamda oturýandygyny bolsa şol gün bilip galdym. Onsoňam, beýle ökdelik bilen grammatik ýalňyşsyz, hatda mendenem gowy aýdym setirlerini ýazyp biljek diňe Serdardy. Men derrew jogap ýazmaga girişdim, iňlis dilinde “Gaýdyp şu ýere hat ýazaýmaň’’diýip ýazdym. Men muny hemme zada, hatda şol haty ýazan adama-da özümiň parhsyzdygymy bildirjek bolup edipdim, aslynda welin, bu hatymyň ajaýyp finaly bolar öýdüp, çäksiz begenýärdim. Şol gün sapaklaryň nähili geçenini bilemok, men edil ukuda ýalydym. Käte bir hyýallaryň arasyndan çykyp, mugallymyň:”Ataýewa öz döredijilik dünýäsine syýahatda, oňa bu wagt azar bermäliň” diýen sözlerine ýylgyryp goýberýärdim, käbirinde çynym bilen güldümem öýdýän. Sapak gutaranyndan soň, hatyň awtoryny görmek üçin beýleki gata ylgadym. Serdar hiç zat bolmadyk ýaly deňimden geçip gitdi. Menem bilmediksiredim. Içimden bolsa” Mendigimi çak edenokmyka?” diýip pikir öwürdim. Ertesi gün hatyma ýazylan jogap meni medeniýetli sözler bilen aýdanyňda, däliretmegiň bäri ýanyndan gaýtardy. Men tolgunjymdan ýaňa daşymdan:”Eý, Hudaýjan, eýsem, şeýle-de bolýarmy?” diýip gaýtalaýardym. Synpdaşlarym nämäň nämedigine akyl ýetirjek bolup, partamyň töweregine ýygnanyşdylar. Iňlis dilinde ýazylan hata düşünenler pyňkyryşyp:” Bägül, kim gyz, bu haty ýazan?” diýip soraýardylar. Menem, elbetde, olara hiç zat aýtmadym. Diňe ýasama gaharlylygym bilen haty pozup goýberdim. Men ony şeýle bir çaltlyk hem gödeklik bilen pozdum welin, iňlis dilinde:” Men seni söýýärin, sensiz ýaşaýyş ýok, emma aýdyp bilemok” diýen sözleriň sudury gaty kyn aýryldy. Esli wagtlap hatyň pozulan ýerine seredip oturdym, bir tarapdan, bu hatyň çynlakaý däldigi gynandyrsa, bir tarapdan, onuň maňa bolan azajyk duýgularynyň bardygy meni begendirdi. Bu gezek sapak gutaranyndan soň, ýokarky gata ylgamaga howlukmadym. Eden işiniň netijesini görýän, bagtyny ýene bir pursat uzaltmak isleýän adam ýaly pozulan hatyň suduryna seretmegimi dowam etdirdim. Hyýalymda:” Şu wagt onuň özi hatyň jogabyny bilmek üçin geläýse, nähili bolardy? Ol meni görüp haýran galardy” diýip pikir etdim. Şol wagt gaty wajyp bolmadygyndanmy nämemi ol gelmedi. Menem ahyrsoňy synpdan çykmagy ýüregime düwdüm. Çykanymam şoldy welin, synpdaş gyzym Mähri öňümden çykdy.
-Bägül, bir salym dursana. Mähri dur diýmände-de, men onuň alňasap gelşiniň sebäbini soraýyn diýip durdum. Sorag bilen onuň ýüzüne seretdim:
-Hä, näme boldy? Eýgilikmi?
-Parta haty sen ýazdyňmy?- diýip, ol alkymyma dykylyp geldi. Onuň haýsy hat hakynda gürrüň edýänine bada-bat düşündim. Şol ikaralykda “Parta haty Mähri ýazan bolaýmasyn” diýen pikirem kelläme geldi. Men soragy has anyklamak isläp:
-Ol nähili hat?-diýip soradym.
-Iňlis dilinde parta ýazylan hat. Boýnuňa alaý, Bägül. Diňe sen şeýdip hat ýazyp bilersiň, özüňem öňde oturýaň-a. Onuň bolşy maňa özüniňkiň dogrudygyny bilýän hökümdarlary ýatlatdy, Şolam meniň jynymy tutduran bolmaly.
-Ýeri, şeýlemişem-dä, onsoň?-diýip, men elimi gowşuryp durşuma hasam batyrgaýsyradym. Mähri meniň garaşyşymyň tersine, ýaňky hökmürowanlygyndan naýynjar bir gyzjagaza öwrüläýdi.
-Wah, men Serdara “Men däl” diýip aýtdymam-la welin, ol teý ynanmady-da-diýip, kellesini ýaýkady.- Asyl sen ýazypsyň-da onda?
Şol pursat meniň nähili ýagdaýa düşenimi aýtmak kyn. Ýüzüm gulaklarym bilen gyzaryp, juda tolgunan we gaharlanan wagtymda burnuma gelýän ys geldi. Öňümde duranyň ýanynda özümçe peslik hasaplaýan zatlarymyň bolmagy meni aldym-berdime saldy. Men Serdaryň Mährini gowy görýändigini daş gulakdan eşidipdim, ýöne Serdara diňe özümi mynasyp hasap edenim üçin, bu gürrüňlere pitiwa edemokdym. Şol pursat näme üçindir Serdary söýýändigimi boýun alma derek özümi aklamaga çalyşdym. Belki, bu dogry kararam bolan däldir. Her niçigem bolsa, özümedir öýden hatlarymyň başga birine ýazylmagy meniň gaharymy getirmän, buýsanjymyň agyryly ýerinden tutman bilmezdi. Mährem öňde oturýar, üstesine iňlis dilinden bäsleşiklere gidip ýören. Ýöne meni onuň bilen çalşarlar öýdemokdym-da. Şol wagt niredendigin-ä bilemok welin, mende Serdary kemsitmek, ony peseltmek ýaly pikir döredi. Men ykbala maňa eden oýny ýaly oýun bilen jogap bermegi ýüregime düwdüm. Bu pikir gaty tebigy ýagdaýda kelläme geldi welin, men, hatda onuň çyn bolmagynam isledim.
-Haty men ýazdym... Ony Amana jogap hökmünde ýazdym-da. Sen bilýäň-ä, biz onuň bilen iňlis diliniň üstünde köp jedelleşýärdik.
Mähri hiç zada düşünmedi öýdýän, soragly gözlerini gözüme dikdi. Men oňa Aman atly bir synpdaşym bilen bolmadyk jedel hakda gürrüň berdim. Barybir Mähriniň Amandan şeýle jedeliň bolanyny bolmandygyny soramajagyny bilýärdim. Soraýanda-da, hemişe meniň bilen jedelleşip ýören Amanyň onam bir bolan zatlaryň hataryna geçirip goýberjegine şübhelenemokdym.
-Men-ä Serdaryň ol hata jogap ýazanymam bilemok, dogry aşagynda Serdaryň ady bar ekeni welin, ynanmanymdan soň, ähmiýetem beremok-da. Aman içimi ýakjak bolup, täze jedele başlaýandyr öýdüpdim men-ä. Näme Serdar gaty gaharlandymy?
Meniň tolgunmakdan ýaňa çalt-çalt aýdan sözlerime Mähri uludan demini alyp jogap berdi:
-Ýok-la, ýöne men oňa “Bägül ýazandyr, ol şol partada oturýar’’-diýdim. Onsoňam, senden başga ussat ýog-a şu işde. Şonuň üçinem”Ýa Bägül ýazandyr, ýa ol kimiň ýazanyny bilýändir”-diýdim.
-Wah, görgülijik, sen däldigiňi bilib-ä gaty gynanandyr. Şol sözümden soň, Mähriniň ýaňagy al öwüsdi. Ol synpdaş gyzynyň öňünde däl-de, on sekiz ýaşly oglanyň öňünde duran ýaly aljyrady. Özem ynanmaýan, ýöne ynanasy gelýän hakykatyny ret edýän adamyň gowşak äheňliligi bilen sözümi böldi:
-Ýok-la gyz. Men-ä onuň ýüzünde gynanç alamatyny görmedim, gaýtam men däldigimi aýdanymdan soň, gözleri ýanyp giden ýaly boldy.
“Gözleri ýanyp giden ýaly boldy” Dogrymy aýtsam, Serdaryň gözüne düşünmeýändigi üçin men öňümde duran gyzy gaty ýigrendim. Heý, şeýle-de bir gödek hem suwjuk sözler bilen meniň ähli zada başlangyç edip goýan gözlerimi kemsitmek bolarmy? Bolduň meniň başyma gözden aňlaýjy. Şodur-şodur men Mähri bilen gepleşmedim. Okuw gutarýança onuň bilen gabatlaşyp boljak ýerlerden gaçyp gezdim. Serdar babatda-da şeýle boldy. Men onuňam gözlerine görünmezlige çalyşýardym. Serdar maňa kinaýaly, bir zatdan göwni galan çaga ýaly seretmäge başlady. “Aslynda men ondan öýkelemeli dälmi?” diýen pikirler bolsa şol günler meniň kellämden çykanokdy. Men her gün agşam şol sorag bilen uklap, şol sorag bilenem oýanýardym. Oýanybam aýnadaky sowukdan ýaňa bir tabynda duran, entek eräp ýetişmedik söýgi arzuwlarynyň içinden Serdaryň adyny pozýardym. Ine, günler şeýle geçip durdy. Men sessizje aglamagy çykardym. Hiç hili sebäp ýok ýerden ýa-da Serdary arakesmede görüp bilmeýändigiim üçinem aglaýardym. Maňa durmuşdaky ýagdaý bilen ylalaşmak içýakgyç kyn düşýärdi. Iň erbet ýerem, durmuşy üýtgetmegiň usulyny bilemokdym. Men gaty ejiz hem sada, tejribesiz gyzjagaz bolanym üçin,hasyl bolup biläýjek, emma hasyl bolmaýan arzuwyň yzyndan ylgap ýördüm. Ýürekde ýer tapmaýan, beýnimde aýlanyp ýören parta ýazylan hatlaryň ýatlama, onda-da beýle bir şatlykly bolmadyk ýatlama öwrülip gitmek ähtimallygy käwagt ähli zatda ýatlama öwrülip galmak islegimi barha güýçlendirýärdi. Men söýgi filmlerinde şeýle bir aglaýardym welin, hatda soň şeýdip jebir çekýänim üçinem, özüme nebsim agyryp aglaýardym.
Bir gün sapakda iňlis ýazyjysy Jeýn Ostiniň meşhur romany bolan”Buýsanç we Tekepbirlik” atly kitabyndan gürrüň berip durkam, Serdaryň geçip gidenini gördüm. Biziň synpymyz bilen Okuw müdiriniň synpy goňşy ýerleşýärdi. Men içimden açyk duran synp gapysyndan köpden bäri görmek isleýän adamymy görenime begendim. Sözümi J. Ostiniň adybir romanyna surata düşürilen film we onuň gazanan üstünligi bilen dowam etdirdim, Şonda özümi geň galdyran bir waka hakynda-da gürrüň berdim. Filmi surata düşürýän wagtlary indiki surata alynjak köşgi gözden geçirmäge baranlarynda, On ýedinji asyrdan galan bir ýazgy iňlis kinomotogryfynyň ünsüni çekipdir, aradan şunça wagt geçendigine seretmezden, ol öz asylky durkuny saklap galypdyr. Ýazgyny bir aristokrat hanymy köşk aýnasynyň ýüzüne pozulmaýan reňk bilen ýazyp goýupdyr. Soň tankytçylar ol aristokrat hanymynyň gamgyn söýgüsi hakda gürrüň berdiler. Iň esasy ýerem, köşk aýnasyna ýazylan hat bilen meniň parta ýazan hatlarymyň mazmunynyň deň gelýändigidi. Sebäbi aýnada” Ýatla meni” atly ýazgy bar ekeni. Men bu zatlary synpdaşlaryma uly tolgunma bilen gürrüň berdim. Meniň hasam batly ýaňlanýan sözlerimiň şol wagt mekdep müdiri bilen bir meseläni ara alyp maslahatlaşyp oturan adamyň gulagyna ilmejegini bilýärdim, iläýende-de, ol bu zatlara düşünermi düşünmezmi, ýöne göwnüme ol barybir meni diňleýän ýalydy. Içimde berç bolup giden, ýüregime salyp ýören söýgimi şol aristokrat hanymynyň üsti bilen beýan etdim, kalbym şonda uly rahatlyk tapdy, men haçandan bäri ýüregimden asylgy duran daşy aýryp zyňan ýaly boldum. Şeýle etmek pikiri mende öňdenem bardy, Ýöne ony amala aşyrmak şol ajaýyp ýaz günleriniň birinde başartdy. Şol wakadan uzak wagt geçmänkä, men Serdaryň başga mekdebe geçirilýändigi, ol mekdebiňem daşary ýurtda ýerleşýändigi barada eşitdim. Ana, şonda birinji gezek biziň aramyzda hiç bir gatnaşygyň bolmajakdygyna, onuň gözlerine men däl-de, başga bir adamyň seredip ýaşajakdygyna ymykly göz ýetirdim. Ol edil köşge gelip, köşk hanymyny çykgynsyz günde goýup giden ýolagçy jenap ýaly meniň durmuşymdan ýitip gitdi. Serdaryň mekdepden gidýändigini bilen günüm onuň söýgümdenem gidýändigini bildim. Ondan diňe ýatlamalaryň galjakdygy, onam günleriň özüne ýetik aladasy bilen diňe paşmadyk arzuwlaryň, amala aşmadyk söýginiň ýene bir gamly taryhyny eşiden wagtymda ýatlajakdygym bilen ylalaşmaly boldum. Men soň hiç kimi söýmezlige şert etdim. A öz-özüme bolsa:” Serdardan gowusy bolmaz, diňe gowusy bolar” diýýärdim. Eý Hudaý, şol gün, has dogrusy Serdaryň synpdaşlary bilen hoşlaşyp giden gününiň ertesi men ony ýene görmek umydy bilen ýoldan haýdap barýardym. Göwnüme, ol meniň bilenem hoşlaşmalydy. Hiç haçan iki minutdan aňry gürleşmedik, ol gürrüňleriň mazmunam diňe okuw we bäsleşikler bolan wagtam ol näme üçindir meniň bilen aýratyn hoşlaşmaga geläýmelidi, meniň bilen aýratyn oturyp gürleşäýmelidi. Beýle zad-a bolmady. Menem çişip duran kellämi bahanalap, agyryp duran ýüregimem elime alyp, bir pursatlyk ýatlamalar üçin mugallymdan rugsat soradym-da, şol parta ýazylan hatlaryň ýerine seretmäge geldim. Men ol ýere-de wagty bilen seredip bilmedim. Diňe gözýaşlarym kiparlap, ümezläp duran gözlerim parta ýazylan haty saýgarýança şeýdip oturypdyryn. Kiçiräk harplar bilen oýulyp ýazylansoň,awtoryň bar güýji bilen galamy basandygy bildirip durdy. Adatça, biz hatlary basyp ýazmaýardyk. Ony çalt pozular ýaly oýman ýazýardyk. Men hatyň awtoryny derrew tanadym. Şol gezek synpyň deňinden geçip giden Serdaryň meni diňländigini şol ýerde bilip galdym. “Asyl ol meni diňläpdir-ä” Birdenem, meniň ýadyma Mähriniň aýdan sözleri, Serdaryň ýanyp giden gözleri düşdi. Ýanyp giden gözleri... Men näme üçin dyňzap duran gözýaşlarymyň sesli agy bilen atylyp çykanyna, şondan soň kalbymyň biraz rahatlyk tapanyna henizem düşünemok, ýöne durmuşyň islendik kyn pursatynda özümi gören gözlerimi, onuň parta ýazyp giden sözlerini ýatlap, ähli kynçylykdan üstün gelip biljekdigime welin düşünýärin, sebäbi ol ýerde” Ýatla meni” diýip ýazylgydy ahyryn.

Bägül ATAÝEWA.

"Garagum" žurnaly, 11/2012 ý.




Категория: Hekaýalar | Просмотров: 84 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Плохая связь - 26.06.2021
Стеганая держава / рассказ - 26.06.2021
Туан / рассказ - 08.05.2021
Erteki / hekaýa - 11.04.2021
Бу-Амама / рассказ - 21.04.2021
Пятно / рассказ - 25.06.2021
Пьяница / новелла - 01.05.2021
Ýalňyzlyk / hekaýa - 31.05.2021
Дьявол / рассказ - 23.06.2021
Ах, ночи в Гаграх… / мини рассказы - 24.06.2021



Всего комментариев: 2
0
Garagum zurnaly, 2012 nji yyl noyabr

0
1 Aksary   [Материал]
Gowja hekaýa eken

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]