09:01
Ýatkeşlik
ÝATKEŞLIK

Gözleň reňki sähel ýadyma düşýär,
Birmahallar maňa ýylgyryp bakan.
Surat deý gözümiň öňünde üýşýär,
Men seni unudyp başardymmykam?!

Ýadymda, kirpikleň - guşlaň ganaty,
Ýylgyryşyň süýnüp giden ýyldyrym.
Gözleriňden uçgun syçran halaty,
Alawny öçürip bilmez ýyllaram.

Emma aramyza düşdi sowuklyk,
Indi ol günleri dolap bilmerin.
Biz söýginiň gapysyndan kowuldyk,
Sen nirede, men nirede dilberim?!

Ýyllar hakydama kerebin gurmuş,
Dörjeleseň şindem ýüregim otdur,
...Ýatkeşlikden mahrum etse-de durmuş,
Seni welin aýryp bilmedi ýatdan.

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Зима / Goşgular - 21.02.2022
Песнь любви / Goşgular - 18.01.2022
Самоубийство / Goşgular - 21.02.2022
Снег идет / Goşgular - 02.02.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Daglar meni hüwdüledi / Goşgular - 20.01.2022
Как высказать себя в любви?.. / Goşgular - 02.02.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Посвященные стихи / Goşgular - 22.02.2022
Любовь - одна / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]