20:38
Ýatdan çykmajak gün
ÝATDAN ÇYKMAJAK GÜN

Çap bolupdyr goşgyñ suratyñ bilen,
Synladym, okadym, duýdum şobada.
Eşidildi onda meniñ owazym,
Hem onda kalbyñ bar dogumly, sada.

Gül ýüzüñe nur çaýylan, mähriñ bar,
Meñzäp dur ýaglygyñ gyzyl lebiñe.
Gyzyl köýnegiñde gyzyl çog ýaly,
Meñzäp dursuñ yşkdan çabran demime.

Keşdesi ajaýyp owadan ýakañ,
Gülýakañ dur serhedinde lezzetiñ.
Gözleriñde maña bolan umydyñ,
Az görýän deý şunça edýän hezzetiñ.

Çap bolupdyr goşgyñ suratyñ bilen,
Ýaz eýledi ol göwnümiñ köşgüni.
Men-ä okap, ony ýazansyñ öýdýän,
Şol ýatdan çykmajak garly gyş güni.

Batyr ÇARYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: Haweran | Теги: Batyr Çaryýew | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Ýeri, sen şol gyza meñzäýmelimi?! / Goşgular - 09.02.2021
Sen / Goşgular - 28.10.2021
Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Gara pişigiň gözleri / Goşgular - 11.11.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021



Всего комментариев: 3
0
2 mango   [Материал]
Meñzäp dur ýaglygyñ gyzyl lebiñe.
—-
Ýaglyk bilen dodagyň nämesi meňzeş?
Formasyny meňzetjek bolsaň-a ýa Pikasso ýa Salwador Daliň suratlaryny ýada salmaly. Belki diňe reňki meňzeşdir, gyzyllygy….
—-
Gülýakañ dur serhedinde lezzetiñ.
Şeýle pikirleri köpçülikde daşyňa çykarmak gerekmi?
Kellede diňe lezzet gaýgysy bar ýaly…
—-
Üýtgeşiklik ýok.

0
3 sabyrly   [Материал]
Ýaglygyň ujuny meňzeden bolaýmasa lebe. Onda-da zor bilen fantaziýaňy işletmeseň, o diýen meňzäbem duranok, ýöne herkimiň öz pikiridir-dä.

0
1 Aksary   [Материал]
Erbet ďäl

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]