10:05
Ýaşyl reňkli ýazym
ÝAŞYL REŇKLI ÝAZYM

Owsunşyňa ýeller düşünebilmez,
Pasyrdyňa meňzäp uçar guşlaram.
Sen barkaň, gök buldun düşenebilmez,
Aý-ýyldyzlar gujagyňdan düşmezem.

Ýaýlalara ýaşyl reňkiň ýokupdyr,
Görküňden gül-gunça syçrar düzlere.
Mydam nazarlarmyz saňa bakyp dur,
Gözelligiň damyp dursun gözlere.

Sen – asmanyň ýüzi, ýeriň ýazy sen,
Beýikligiň deňleşer ho-l daga-da.
Hemişe pasyrdap dursaň razy men
Elimde ömürlik götermäge-de.

Diňe ellerde däl, göterip ýörün
ýüregimiň üstünde seň nyşanyň.
Eýeläňsoň bu gün kalbymyň törün,
Synyňdan üç gez däl, on gez ogşaryn.

Gördüm mertleň saňa başyn egen-de,
Sen ýollara şöhle boljak yşyksyň.
Aýyrsalar Tugy Arşdan eger-de
Asman galan ýaly bolar eşiksiz...

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Taryhçy   [Материал]
Meñzetme erbedem däl. Barybir ýerine düşmändir. Birhili tagaşyksyz eşdilyä

0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Jemlemäñ superligine seredäý-dä.
Üstünlik, Goçmyrat aga!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]