12:01
Ýaşlyk – sarçlyk
ÝAŞLYK – SARÇLYK

Ýene joram tasap gitdi,
Aňtap gitdi müýnüm yzyn,
Bu gün ejem tilpun etdi.
Azgyryldym: "Ölmez gyzyň!“

Ba-a-i-ý, ýüregme düşýäler-ä,
Mollumlaram iňňildeşip.
Maňa akyl beren bolýar.
Öýe gelip, düýn bir "Meşik"

Ýasatsaňda talyp hakdan,
Kä adamlaň rezin gäbin.
Urup-urup içiň sowat,
Ýazdyr äňin.

Şeýleräkdi hutja-hälem,
Durmuşymyň kartinasy.
Üç gündir öýden çykamok.
Düşýär öýe ýarty Ýagty.

Garaňky çüňke duwlanyp,
Dyzlarym gujaklap mäkäm.
Göreslem gelenok özüm!!!
Ah, bu zatlar nämedenkän?!

Ýagty ýagşy golaý gelip,
Saçlarym sypap başlady.
Kirpiklerme gar düşen deý,
Düýpleri çyglap başlady.

Hem beýnim işläp başlady.
Işläp ýadan ýürek gowzap,
Soň ýürek dyzap başlady.
Syzan borly salym gowrak.

— Harsaň-harsaň soraglara,
Harsal-harsal jogap berdiň.
Hat-da seni goraglana,
Ynanmadyň hiç bir derdiň.

Hemmesine özüň sebäp
Özüň günäkär barsyna,
Indem hut häziriň özi,
Aýlan, tanyşlaň barsyna.

Munda hemmeler tanyşdyr,
Hemmeler ýakyndyr saňa.
Seret, han-ha, dertli gelýär,
Kem- kemden ýakynlap saňa.

Göwnün göter, göwünlik ber.
Hemmä hoş söz aýt sen, hasam...
— Sen o diýen betnyşan däl,
Saçlary dökülen adam!
... Wah, men ýene-de ýalňyşdym.

2002 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: mango | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Goşgy / Goşgular - 13.03.2021
Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Şahyryñ gyzy men... / Goşgular - 10.02.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Zenan ýüregi / Goşgular - 06.03.2021



Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
bellik: meşhur biznesmenler, meşhur artisleriň arasynda saçsyzlary kän.
hemem olar owadan.
saçam adamy bezeýär welin, saçsyzlykda-da owadanlyk bar.

0
1 mango   [Материал]
Düşýär öýe ýarty Ýagty.

owadan eşdilýär "ýarty ýagty".
---
ýöne, aşakdaky "ýagty ýagşy..."-da (gyzyklam bolsa) okaňda bulaşasyň gelip du...
(bolanna görä "Ýagty ýagşy golaý ýakyn gelip" diýeňde-de boljak ken).

Ýagty ýagşy golaý gelip,
Saçlarym sypap başlady.
Kirpiklerme gar düşen deý,
Düýpleri çyglap başlady.

"Kirpiklerme gar düşen deý..."-i "Kirpiklerim gyrawlan deý, / Düýpleri çyglap başlady" diýeňde näderdi? (ýöne diýýän).
---
goşgyny haladym.
Laçyn hanym, joraň bilen ýaraşyp, ejeňe bagyşla diýmekden-ä geçdiň, tersine şytyr kellä şytyr diýdiň.... betnyşan däl diýip betnyşan diýdiň.....
dogrudanam ýalňyşdyň öýdýän.
üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]