04:06
"Ýaşlyk dramasynyñ" gahrymanyna

"ÝAŞLYK DRAMASYNYÑ" GAHRYMANYNA

Ol jahandan gitdi garrap ýetişmän,
Öýi ýas baglady, hasrat bürendi.
Gaññalyñ oýunda içini tutup
Ýetim galdy bagty ýatan toraññy...

Kyrk ýyl ozal bagty çüwen toraññy,
Aglap galdy. Biz gez çökdi Gaññaly.
Aglady adamsy, obasy, öýi:
"Bu dünýäde onsuz nädip oñmaly?!"

Ol gözeli görmese-de kän adam,
Bilmese-de adresini, adyny,
Ýetende gulagna bu ajy habar,
Ýitiren dek boldy öz zürýadyny.

Ýyllar ötdi... Adamsy-da, öýi-de,
Tanyşlar-da ýuwaş-ýuwaş köşeşdi.
...Ýyldyrym urana meñzedi şahyr.
Ähli hasrat onuñ gerşine düşdi.

Ýerleriñ yranyp diñişi ýaly,
Bu dert dura-bara ýürege çökdi.
Möññüripler aglap bilmäni üçin,
Diñe iñrik çagy baýyra çykdy.

Emma ne baýyrda karar tapdy ol
Ne depede. Gitdi añryk daglara:
"Aglasañ-da,
arzyñ - baýyrlara däl,
Depä-de däl, daga aýdyp aglasañ!.."

Daglar az-kem köşeşdirdi ýüregni,
Ýöne ýürek ýene gitdi ýarsgynna.
Içiñds hemişe ýerler yransa ~
Setirleñde on ball bolar sarsgynlar.

Durmuşdyr, elbetde, diñersiñ ahyr,
Bir görseñ ýene-de ýedi ýa bäş ball.
...Hawa dost ball bilen ölçelýän ömür
Tapdyrýarka başga ömür derkar däl.

* * *

Ýigrenjiñe tarap çuñluga gitseñ,
Garagyñ gapylar,
ýüregiñ kirlär.
Buýsanjyña tarap çuñluga gitseñ,
Ynsabyñ depäñde baýdak dek parlar.

Şöhratyñ tarap çuñluga gitseñ,
Dolap-düýrläp alyp gider akymlar.
Gaýratyña tarap çuñluga gitseñ,
Hak söze ýetersiñ ömür atylmaz!

Zeýrenjiñe tarap çuñluga gitseñ,
Gurarsyñ çölleriñ kaklary ýaly.
Sen Söýgiñe tarap çuñluga gitgin ~
Ýüz ýyllyk çynarlañ kökleri ýaly.

Baýram JÜTDIÝEW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 365 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Daragt / Goşgular - 10.02.2021
Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021
Ýalñyşlyk hakynda / Goşgular - 08.02.2021
Ogullaryma sargyt / Goşgular - 30.05.2021
Aktýor / Goşgular - 15.04.2021
Söýgi goşgusy.. / Goşgular - 06.04.2021
Düýş / Goşgular - 12.02.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Toslamalar / Goşgular - 08.02.2021
Aşyklaryñ şäheri / Goşgular - 18.02.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Edebiýatşynas   [Mowzuga geç]
Üýtgeşik goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]