17:19
Ýaşlyk aýdymy
ÝAŞLYK AÝDYMY

Elhepus!
Şapagyñ gyzaraýşyny,
Serhoş etjek, al meýinden datdygyñ.
Dostlar, meni şol şapaga gark ediñ,
Şol şapaga siñip gitdi ýaşlygym.

Gerşi gabaran ýol irkilip ýatyr,
Irkilip bilenok arzuw-hyýallar.
Dostlar, meni şu ýol bilen ugradyñ,
Ýaşlygymy alyp gitdi şu ýollar.

Ak ýagyş jibrinýär,
her damjasyndan,
Gara gözli juwanlygym seretdi.
Dostlar, goýuñ meni ýagyş astynda,
Şu ýagyşlar ýaşlygymy eretdi.

Ýaşlygymyñ müşki gelýär burk urup,
Gülleriñ kalbyny gozganda ýeller.
Dostlar, meni güller bile galdyryñ,
Ýaşlygyma çalym edýär şu güller.

Hudaýberdi SÖHBETOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: Haweran | Теги: Hudaýberdi Söhbetow | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bahar görnüşi / Goşgular - 17.03.2021
Года мои! Не судите меня строго / Goşgular - 17.03.2021
Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
Keramat bar bu toprakda / Goşgular - 05.02.2021
Ara / Goşgular - 18.03.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
Yşk hem aýralyk / Goşgular - 08.02.2021
"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Mynajat / Goşgular - 27.03.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Gowy goşgy.
“ýaşlyk aýdymynyň” bu setiri, ýagny “Irkilip bilenok arzuw-hyýallar” -diýen ýeri bu awtoryň “göwün aýdymy” şygryndan “Göwün uklap bilenok” diýen setiri bilen meňzeş pikirli eken.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]