21:11
Ýaşlygymyñ ýakymly ysy / hekaýa
ÝAŞLYGYMYŇ ÝAKYMLY YSY

Sabynly obasynyň ortasyndan geçýän ýaýbaň ýabyň bol suwy ýylyň ähli paslynda-da kemeler ýaly däl.
Şol uly ýabyň iki gyrasyny jähekläp oturan syrgyn obanyň içinde Haýdar babanyň bag-bakjaly, eýwanly öýi hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Onuň ösdürip ýetişdiren tallary ýabyň üstüne şahalaryny gerip otyr.
Bol suwly ýabyň kenaryny syryp gidýän gatnawly ýoluň adamsyz wagty ýok. Ulagly diýjekmi, pyýada ýa atly, ýa eşekli diýjekmi, garaz, adamlar ibirt-de-zibirt. Bu ýol birmahal etrap merkeziniň içinden geçip, etrabyň iň günbatar çetindäki Gultak obasyna çenli uzalyp gidýärdi. Ana, şol bol suwly ýabyň raýyşyny syryp gidýän ýoluň ady oba adamlarynyň arasynda «Kanal köçe» diýlip tutulýar.
Tomus düşdügi, şu golaý-goltumyň çagalary daş köpriniň üstüni mesgen edinerdiler. Çagalaryň goh-galmagaly ýatmazdy. Onsoň, howludan uzyn gün Haýdar babanyň haýbatly sesi eşidilip durandyr.
— Aý, balyk boluň-a, zaluwatlar, günortan ukyňyzy alsaňyz bolmaýarmy?!
Pygamber ýaşyna ýetdim-ýetdim diýýän wagtydygyna garamazdan, Haýdar babanyň hortap göwresinde gujurdyr çeýelik duýulýardy. Nazarkerde adamdy, ýörände edil esger kimin haýbatly ýörärdi. Bäş ýyl gazaply urşuň jümmüşinde bolandanmy,
ol öz ýaşaýşynda berk düzgün-nyzama eýererdi. Baglaryň aşagyndan akýan şol ýabyň aýdymynyň özboluşly mukamy bar bolsa, Haýdar babanyň manyly ömrüniň kynçylykly kyssasy-da bardy.
Onuň ýaşlygy kynçylykly döwre gabat gelipdir. Beýik Watançylyk urşy başlananda ol ýaňy öýlenipdir. Durmuşynyň şow alyp ugran wagty dogany Allaguly bilen Watan goragyna gidipdir. Front ýollaryny geçipdir. Tozdurylan obalar bilen ýanýan tokaýlar, eňreýän eneler bilen çyrlaýan çagalar onuň gözlerinde galypdyr. Ol Watan goragynda bitiren hyzmatlary üçin birnäçe orden-medallar bilen sylaglanypdyr. Ol nirede jaýlanany hem belli bolmadyk dogany barada gürrüň berýärkä, demimizi alman diňleýärdik. Onuň gürrüňleri gyzyp ugraram welin, üsgülewügi tutardy. Uruş döwründe sowuk howada, garly garymlarda kän bolan wagtyndan galan derdi doly gutulyp gitmändir. Ol bu derdini dep edip biläýjek güýçli emlerem etdiripdir, däri-dermanlaram içipdir. Ýöne, bu melamat ondan aýrylyp gidibermändir.
* * *
Haýdar aganyň mellegi biziň mellegimiziň aýagujunda ýerleşýärdi. Atam her gezek eneme palaw bişirdende:
— Bar, oglum, Haýdar babaňy çagyryp gel — diýip, meni ugradardy. Men ony çagyrmaly bolsa hemişe döwtalapdym. Haýdar babanyň gapysyny açanymdan:
— Hä, bu senmi, «çapar» oglum?! Ýene palawa barmalymy?! — diýip, hoşamaýlyk bilen garşylardy.
Ol atyny münüp, derýa boýuna çykanda, göýä Göroglumyka diýdirýärdi. Ine görseň, biline aksaplysyny dakynyp, atynyň üstünde jylawyny berk tutup barýandyr welin, seretseň, gözüňi dokundyrýar. Bahar bilen tomsuň sepgidinde Haýdar baba derýa boýunda Palawjeňňel diýen ýerde gawun-garpyz ekip ýetişdirerdi. Mal-garasam töwereginde. Derýanyň ýakyndan akýanlygy üçin topragam yzgarlydy.
Biz köplenç tomusda minneti diňe öz berdaşly gollaryndan çekýän Haýdar babanyň bakjasyna kömekleşmäge barardyk. Jeňňelligiň jümmüşinde Haýdar babanyň kepbesi uzaklardan seleňläp görnerdi. Onuň kepbesiniň töründe duran ýorgan-düşekleriň ýanynda uly peşehana, kiçijik haltalarda bolsa, gawun tohumlary asylgy durardy. Kepbäniň çep dulundaky kilim torbanyň içi gowurdakly gabyň saklanýan ýeridi. Kepbäniň sag böwründe bolsa, derýa suwundan doldurylan bedre, insizje uzyn sapak bilen daňlan alýumin kürüşge bardy. Kepbäniň ýeňse tarapynda dürli görnüşli gapanlar asylgydy. Haýdar babanyň, hyýar kesende ulanýan, uruş ýyllaryndan galan çakgysy, oýulyp nagyşlanan aksaply pyçagy, şirmaýy gutujykda bolsa, sakgal-murtuny timarlaýan päkisi bardy.
Ol bizi garşylap, herimize bir wezipe paýlap:
— Oglanlar, gelen bolsaňyz, gowy zat. Gawunlara suw tutmagy, biş-düş, beýleki ownuk-uşak işleri özüm oňararyn. Batyr, sen buýan orarsyň. Baýram «çapar», sen mallara seredersiň. Jomart bilen Begmämmet ikiňiz gawunlaryň otagyny edersiňiz. Bu gür jeňňelligiň, derýanyň öz kanuny bar. Bu ýerlerde ýyrtyjy haýwanlar-da gabat gelýändir. Ine, şol sebäplem hergiz eserdeň bolmak gerek. Onsoňam, derýa suwa düşseňiz, ol kenara gitmäň — diýerdi.
Haýdar babanyň her hili ownuk-uşak işleri tapylyp durdy: gol ýaýradan biýaralary gaýtarmaly, gawun joýalaryň puşdasyny otamaly, düýbüni gumlamaly, hä diýmänem ir bişek gawunlaryň döwri gelip ýetdi.
...Haýdar babanyň uruşdaky wakalar hakyndaky täsin gürrüňleri biz üçin gyzyklydy. Ol hasam agşamlaryna uly peşehananyň içinde gyzygardy. Men bolsa, Haýdar babanyň gürrüňleriniň ölemen aşygy. Obadaka garanyňda derýa boýunda çybyn has köpdi. Haýdar baba agşam peşehananyň içinde oturyp:
— Diňläň onda düýnki gürrüňiň yzyny — diýýärem welin, daşarda çybynlaryň wyzzyldysy möwjäp başlaýar. Ol şonda:
— Gazaply urşuň wakalaryny daňdana çenli gürrüň bersemem, gutarar öýdemok. Başymyza inen şol şumluklaryň içindekäk diňe bir arzuwymyz bardy, o-da ýeňiş gazanyp, dogduk depä dolanmakdy — diýdi.
Urşuň beren yzasyna tap getirip bilmän, dişini gysýan ýaşulynyň kalbynyň yzasy eşidilmese-de, ony duýup bolýardy.
Bir günem hasratly söhbedini gürrüň berýärkä, birden sözüni tapba kesdi. Birdenem onuň üsgülewügi tutup başlady. Yzyny üzmän uzak üsgürdi. Onuň elleriniň, boýnunyň damarlary syh-syh boldy. Şonda ol Jomarda:
— Gel, hany, oglum, inerçäm, ur ýagyrnyma — diýdi.
Jomart bolsa oňa:
— Çaý owurtla, tizräk, gyzgyn çaý owurtla! — diýip, howsala düşdi. Ol uzak wagt üsgürip, ýazylganlyk gelenden soň, şeýle diýdi:
— Geçdi, geçdi. Muny çaý bilen däl, oglum, çala bişen terne bilen bejerip bolar.
Daşyndan göräýmäge sagat ýaly görünse-de, onuň uruşda tapynan bu derdi hele-müçük derde-hä meňzänokdy. Gepiň küle ýeri, ol uruşda sowuk garymlarda ýatyp, öýkenini sowukladan bolmaly. Bu ötüşen derdi gozgap başladygy, ol iki bükülip, dyzyna kellesini goýup üsgürerdi.
Agşam Haýdar babanyň kepbesiniň ýanynda peşehana gurap ýatmagyň öz mazasy, gyzygy bardy. Ýokaryňda ýyldyzlar bilen bezelen asman gümmezi. Bir ýerlerden burnuňa urýan güllän buýanlaryň ysy. Gijeki derýa, Aýyň ýagtysyna göýäki bir, jadyly daş ýaly, müň bir öwüşgin bilen lowurdaýar. Men şonda Haýdar babadan ir wagtlar derýanyň joşan ýyllary Palawjeňňeli suw alşy hakynda gürrüň bermegi haýyş etdim. Gara taňkanyň çaýyny içenden soň, Haýdar baba garysyna galyp oturdy-da, söz bilen beýan edip bolmajak halda uzaklara ser saldy:
— Eý, «çapar», uruş gutaryp, oba gelenimden bäri Amyderýa birnäçe gezek dolup-daşdy, onuň häsiýeti şeýle! Iň bärkijesi, bugdaý oragy döwründe joşup, porhan bolýar — diýdi.
Topragyň gurbatyna gol ýaýradan gawun joýalarynyň aňyrsyna göz ýetjek däl. Gawun joýalarynyň arasyna ekilen jöwenleriň başlary çäýnegiň ululygynda ýaly bolup, agaryp görünýärdi. Tohumy gür düşüp, oňly ýekelenmedik ak jöweniň her bir dänesini guş-gumrulardan goramak üçin her kim birhili usul bilen göreşýärdi. Gyrak-çetdäki bakjalarda bolsa, käte gykylyk-gopgun turýardy. Bu ýere gelýän şagaldyr ýekegapanlary kowmagyň esasy, iň ähtibarly, iň giňden ýaýran usuly gykylyk-gopgundy.
Şol gün Haýdar baba arkasyna pilini atyp, goltugyna bir gawun gysdyryp geldi-de, ak başgabyny kepbäniň syrygyna ildirdi. Gün gözýetimiň aňyrsynda gizlense-de, howa petişdi, şemal öwüsmänsoň, çöp başy gymyldamaýardy. Ol arkan gaýşyp, oňurgalaryna ýazgynlyk berdi-de:
— Köşekler, gawunlar indi ýüz güne girdi. «Ýüz gün — üzgün!» diýilýär. Ynha, derýa goýnunda ýetişen nygmat — bal-şerbet gawun. Hany, kesiň, iýeli! — diýdi. Ol maňa garap:
— «Çapar», sen gawuny köpräk iý! Boýnuň almanyň sapagy ýaly, şol boýnuň kelläňi göterip durşuna haýran. Özüňi gawuna tutsaň, boýuňam edil mekgejöwen ýaly tiz öser — diýdi. Onuň bu sözlerine oglanlar gülüşdiler. Gawun iýlip bolnandan soň, Haýdar baba töwir etdi. Soňam:
— Gawun bişer-bişerde munuň ýagysy köpelip başlaýar. Gawunlaryň ysyny alyp şagaldyr ýekegapanyňam bir ýerden çykaýmasy bar. Azabymyzy şolara şam etdirmän, ýygnabilsek ýagşy — diýip dillendi. Şol wagt atyň hokranmasy, soňra-da toýnagynyň sesi eşidildi. Haýdar baba:
— Bä, şol diýýänimiz-ä şu töwerege gelene meňzeýär. At ýönelige hokranýan däldir— diýdi-de bize ýüzlendi:
— Ýeri, oglanlar! Haýsyňyz meniň bilen «çagyrylmadyk myhmanlaryň» mekgesine münmäge gitjek?
Biz biri-birimize howsalaly seredişip dymdyk. Ýaňy bir müçe aýlaw eden oglanjyklar bolanymyzsoň, onuň yzyna eýermäge heder edýärdik. Gözedürtme garaňkydy. Derýa süsňäp, burun bolup duran ýerler, äpet petdeleriň howalasy gijesine ýaýdandyrmanam duranokdy. Biz iň bärkisi, gawun bakjasynda goýlan «eleşan eşikli» garantgadanam gorkardyk.
Ýaşuly biziň ikirjiňlenýänimizi görüp güldi:
— Päheý, oglanlar! Nepiňiz degmejek bolsa, ertir oba ibärin hemmäňizi — diýip, hasyr-husur atyna tarap ýöneldi. Onuň şol wagt demi tutulyp, käýinmesi tapba kesildi.
—Üh-hä, üh-hä. Üh-hä...
Ol elinde saklap duran uýanyny mäkäm gysymlap, bir eli bilenem ýüzüni tutup, aşak çökdi. Birdenem aýňalan ýaly boldy-da, laňňa ýerinden galdy.
— Hany, bakaly, Akjam! Eger sen ýekegapanyň yzyndan ýetip bilseň, nogtaňa iň gymmat göwherlerden gaş dakaryn!
Edil şol wagt Haýdar babanyň aty, hamana, hojaýynynyň diýýänlerine düşünýän ýaly, duran ýerinden tüweleý dek göterilip, çapyp gitdi.

* * *

Şol gün Haýdar baba kepbesine sag-salamat dolanmasyna-ha dolandy welin, ýöne juda perişan halda, ses-sedasyz gaýdyp geldi. Ol:
— Gyýaklary gyrylmyş ýekegapanlar, gawunlary gaty zaýalapdyrlar. Begmämmet, näme, gözüňi asmana dikip dursuň? Hany, sömelip durma-da, taňkany oda goý!
Begmämmet taňkany oda goýup, ol gaýnara golaýlanda, dyzynda döwüp duran şahasynyň bir ujy degip, ony pagşyldadyp agdaryp goýberdi. Begmämmediň bu bolşuny synlap oturan Haýdar baba:
— Wah, şu: «Oglana iş buýur, yzyndan özüň ýüwür» diýleni-dä — diýip, teýeneli hüňürdedi. Begmämmediň bagtyna, awuň gözlegine çykan şagallaryň uwlaşýan sesleri onuň hüňürdili gürrüňiniň arasyny kesdi. Soňra ol:
— Jomart, sen meniň atymy mün-de, oba dep. Rähmet awça habar et! Ertir agşam gelsin! — diýdi-de, bize peşehana girip ýatmagy buýurdy. Çybynlaryň sesi, çala yraň atyp duran panus çyranyň ýagtysyna «azaşyp» gelen arynyň wyzzyldysy, ho-ol taýakatym ýerden bolsa, şagallaryň uwwuldysy eşidilýärdi. Ýaşuly birden zöwwe ýerinden turdy-da, tüpeňine ok sürüp, ony uwlaşýan şagallaryň sesiniň gelýän tarapyna garadyp gawunçylygyň üstaşyry pöwletdi. Şagallaryň sesi ýatyşdy.
— Bu şagallaryňky näme diýsene! Häý, hinine suw giden züwwetdinjikler. Siz-ä meni ýatyrmajak boluň. Menem size ýetdik paýyňyzy bereýin. Kyý-uw — diýip, çirkin gygyrdy. Onuň bu wagt küýi-köçesi bişen gawunlary wagşylardan goramakdy.
Ol üfläp, çyrany söndürdi-de, düşekçäniň üstüne geçip:
— Oglanlar, siz ýatyň! Menem ýataryn-da. Bu mahal gawunlaryň bişen wagty haýal-ýagallyga baş ursak, işimiz pyrryk bolar — diýip, aýbogdaşyny gurup oturdy.
Ol maňa bakdy:
— «Çapar», ýataňokmy?
— Ýok, gözüme edil çiş kakylan ýaly-da. Haýdar baba, bir zat soraýjakdym welin...
— Sora, köşek.
— Ho-ol günki gürrüňiň yzyny aýdyp beräýiň-dä.
Onuň ýüzi birdenkä agraslandy. Gabaklary aşak sallandy. Ýaşuly bokurdagyny arçady. Uludan demini alyp, tukat gepledi:
— Urşuň başlan ýyly dag arslanyna per bermedik doganym ganym güllesiniň gurbany boldy. Ganym uruş aýal doganym Miwäni läle ýaly gelin wagty dul goýdy. Bilýänsiň-ä jynazasy okalmadyk doganynyň, adamsy Mämmetjumanyň, ýüwürjileriniň keşigi ony näme edenini.
Ol yzyny aýdyp bilmedi. Onuň bu sözlerini eşidenimden beýnimiň inçejik damarlaryndan buz ýaly suwuklyk ýöräp gitdi.
Dogrudan-da, Miwe mama gökde durnalaryň geçýän döwri gelse, ýa-da igde güllese: «Mämmetjumam indi geler. Onuň gelenini kim buşlasa, üýtgeşik toýpaý berjek» diýip, söýünji taýýarlap, garaşyp ýör. Ondan bäri gör, näçe gezek durnalar geçdi, igdeler gülledi, onuň hasyly çöplendi... Ol oba gelen del harby papaklydan urşuň haçan gutarjakdygyny soraýardy. Amyderýanyň demirýol menziline barsa-da, Mämmetjuma aganyň otludan düşüp gelerine garaşardy. Gaýykda derýanyň ileri kenaryna — Kerkä geçse-de, adamsy şäheriň içinden çykaýjak ýaly mawy gözleri bilen ony gözlärdi. Ol kädaýym melleginiň aýagujunda irkiljiräp ýatan itiniň arkasyny sypalap:
— Ahyry haýyr bola, Ýolbarsbaý, garaşyber, ynha, uruş gutaran badyna eýäň geler, garaşyber. Şonda ikimizem ylgap, onuň öňünden çykarys. Biraz tagapyl et, Ýolbarsbaý, tagapyl et! — diýýärdi.

* * *

Säher bilen Kerki tarapdan gelýän üsti buýan ýükli uly gämi zoguny çaldy. Endik boýunçamy, şol zok çalnansoň, her kim özünden bilip, dessine örläbermelidi. Göwnüňe bolmasa, bu ýerde jahan juda ir ýagtylýan ýalydy. Derýanyň ol tarapyndaky toraňňylygy bürän duman çaň-tozan bilen garyşyp, ümezläp durdy. Haýdar baba kenar tarapa tiňkesini dikip, käsesiniň düýbünde galan çaýy nebsewürlik bilen owurtlady-da:
— Hany, oglanlar, turuň! Hanha, buýançylar eýýäm ýüküni ýükläp, geçip barýarlar. Siz bolsa, entegem ýatyrsyňyz. Basymrak, ýorgan-düşekleriňizi ýygnaň, peşehanany düýrläň! Galjaňrak boluň! Baýram «çapar», sen ilki iti ýalla, soňam mallara esewan bol! Begmämmet, sen mallaryň sakyrtgalany bolsa, däri-derman çal! Mal ýatagyň golaýynda hemişe kirilin durmalydyr. Eşidýäňmi? Jomart, sen atyň aýagyny duşaklap goýber, soňam oraklary dişe! — diýip, tabşyryk berdi.
Ertesi garaňky gatlyşyberende ulagly derýanyň boýuny syryp, Rähmet aga peýda boldy.
— Be, göwnümemi, ýa yşyk görünäýýärmi? — diýip, Haýdar baba zöwwe ýerinden galdy. Möle gözlerini gyrpman, gymyldysyz ýatan Akbilek ses gelýän tarapa gulagyny üşerdip, ýuwaşja çyňsady, soň ýiti ses bilen üýrdi. Köp wagt geçmänkä-de, müçesi kiçiräk Rähmet aga:
— Myhman alarmysyňyz? — diýip, kepbä girdi. Haýdar baba ony gadyr bilen garşy aldy, hal-ahwal soraşyldy. Şol gün Haýdar baba Rähmet awça öz eli bilen palaw bişirip berdi.
— Haýdar aga, bize edýän bu hezzet-hormatyňy ödäp biläýsek ýagşy! Hemişe, gawunyňyza ýekegapanyň gelenini gaýgyrýan bolsaňyz, şu gije hemmäňiz onuň gelerini diläň! Gözüme kaklyşsa bolany! — diýip, Rähmet aga seçelenip duran palawa penjesini urdy.
— Olar gelen ýerlerini edil agdar-düňder edip, ýeri böwsüp-böwsüp ötägidýäler-aýt! Özlerem edil biýaranyň düýbünden düwüp, topragyň iň gowy iýmitlerini özüne siňdirip bişen süýji gawunlardan saýlap-saýlap iýýärler. Rähmet jan, gaýdyp gelmez ýaly et şulary! — diýip, Haýdar baba dillendi.
— Hany, şu gije-de bir gelsinler bakaly!
Jomart awça görä has parahatçylykly temadan gürrüň açdy.
— Haýt, şol zaňňarlary ikibir-ikibir edip, kündä goşup, derýanyň boýundaky täze açylýan ýerleri sürdürseň! Olaryň her birinde iki öküziň güýjüçe güýç barmyka diýýän.
Palawyň yzyndan bir-iki käse derýa suwundan demlenen çaý içen Rähmet aga tüpeňini alyp, gawunçylyga tarap ugrady. Ol Haýdar babanyň ýagtygözin peýläp, buky gazdyryp goýan ýerlerinde ornaşdy.
Howa birneme seleňläp, çybynlaryň wyzzyldysy ýatypdy. Uka giden obanyň üstünden örän uzaklarda bir ýerde Aýyň dogjak ýeri ýagtylyp başlady. Aç şagallaryň uwlaşýan sesleri dumly-duşdan, hatda, Rähmet awçynyň oturan bukusynyň ýanyndan hem gelip durdy. Edil şolbada hem Rähmet aganyň oturan tarapynda suwuň pagşyldysy eşidildi. Bu derýanyň adasyndan ýüzüp geçýän ýekegapanlardy. Pagşyldy dört-bäş gezek gaýtalanyp, derýanyň erňegi «hork-horkdan» dolanda, tüpeňiň yzly-yzyna ýaňlanan gümpüldisi gijäniň ümsümligini bozdy. Derýanyň suwy ýene güňleç pagşyldady-da, ysgynsyz, «hork-hork» ses ençe wagtlap eşidilip durdy. Birsalymdan Aýyň ýagtysyna gawunçylygyň içinden ardynjyrap çykan Rähmet aganyň göwresi göründi.
Haýdar baba kepbede ýatan ýerinden gobsundy.
— Rähmet inim, nätdiň?
— Haýdar aga, gaýdyp gelmez ýaly boldular öýdýän. Tüpeňiň sesini eşitseler indi bu ýere gelip bilmezler.
Haýdar baba elini eline urdy:
— Bu gün ahyrsoňy aşygymyz alçy gopdy.
Jomart hem dillendi:
— Mydama şeýle bolsun-da!

* * *

Ikindiniň gara şaly derýa kenarlaryny ýuwaş-ýuwaşdan örtdi. Uzakly günüň hysyrdylaryndan soň, Haýdar baba uly peşehananyň etegini syryp, düşegine geçdi. Aýyň ýagtysy onuň çekgelerine, çytyk maňlaýynyň çuň ýygyrtlaryna düşýärdi, gözlerini gamaşdyrýardy. Biz bolsa, onuň üsgülewüginiň tutmazlygyny diläp, düýnki gürrüňiniň yzyny aýdyp bermegine garaşýardyk. Sabyr-takady derýadanam giň Haýdar baba, gürrüňiniň hörpüni başga tarapdan tutdy:
— Biler bolsaňyz, meselemki, dünýäniň ähli berekedi derýadadyr! Suw bolmasa, gawunam bolmazdy, garpyzam, üzümem, gözüňe söweýin jöwenem. Biziň gawunymyz, üzümimiz ýaly süýjüsini hiç ýerden tapmarsyňyz. Hany, nirede barmyş? Diňe şularyň özi nämä degmeýär!
Şol ýyl gawun-garpyz gaty bitginli boldy. Puşdalarda togalynyşyp ýatan gawun-garpyzlar gözüňi dokundyrýardy.

* * *

Gije ýarymdan agyp, wagt daňa golaýlanda, derýanyň üstünden öwüsýän tenekar sergin şemal sary gawunlaryň ysyny getirýärdi. Terliginden ýaňa agşamyň çygyna öz-özi ýarylýan waharmanlaryň tarkyldy sesi mahal-mahal gulagyňa ilýärdi. Ýap-ýaşyl meýdanlary, başyny egip, yranyp oturan günebakarlary örten ýukajyk duman ötlem-ötlem bolup asmana galkýardy. Daň çygy bilen ýuwlan waharmanlar, gülabylar has gözel görünýärdi.
Haýdar baba ellerini arkasyna tutup, birde derýanyň owazyna diň salyp, birde gün ýaly sary gawunlaryň ysyna meýmiräp, maňlaý deri bilen ýetişdiren bereketli gawunçylygyň içinden giň gözýetimlere höwes bilen bakyp, keýpihon ädimläp barýardy. Ene toprak söweşiji gerçegiň ýürek yzasyny ýeňledýärdi. Ol ýaňy bişen ak şekerek gawunlary araba ýükläp:
— Baryň, bu gawunlary oba äkidiň! Mele suwly derýanyň boz meýdanynda boý alan gawun ýalam bir nygmat bolarmy?! Bu gawun bir gyş geçenden soňam sapagyndan ýaňy tänderilen ýaly mizemeýär. Ynha, görersiňiz, bu gawunlaryň daşyny ýeken bilen torlap goýarys welin, Gurban, Omar dagy gullukdan gelerine çenli saklanar, olaram dadar — diýdi.
Ertesi gün irden Haýdar babanyň maňlaý derini öz süňňüne siňdiren gawunlary araba ýükläp, oba tarap ýola düşdüm. Atyň üstünde galkyjaklap barşyma, Haýdar baba bilen özümiň deňje ýetişdiren gawunlaryma guwanýardym.

* * *

Gyşyň ilkinji aýynyň garly gijeleriniň birinde Haýdar babanyň köp garaşan ogul agtygy dünýä indi. Baý, şonda görgüli begenmek-begendi. Agtygyny gujagyna alanda, ol:

— «Ata-babalarynyň myrady bolsun» diýip, ilkinji ogul agtygymyň adyna Babamyrat dakaýsak, niçik bolar? — diýip, ýanyndakylar bilen geňeşdi. Onýança, Miwe mama gabarasy ep-esli gadymdan galan agaç okarany şekerek igdeden dolduryp, daş çykdy. Ol çagalara söýünji paýlap durşuna:
— Agtygymyz babalary bilen bile mamalarynyňam myrady bolsun! — diýdi. Haýdar baba agtygyny gujagyna alyp gataňsy, emma mähriban aýasy bilen onuň ýüpek ýaly saçyny sypalap, begenjinden ýaňa, ýere-göge ýerleşmän guwandy.
Aradan iki-üç ýyl geçdi. Haýdar baba agtygyny egnine mündürip:
— Babamyradym, balam, bagrymyň badaşany! Boýlaryňy boýlasam, toýlaryňy toýlasam — diýýärdi. Şonda gawunçy babamyň çekge süňkleri somalyp çykyp duran agras ýüzünde ýylgyryş peýda boldy.
Soň ol agtygyny arkasyna hopba edip barýan, ýowuz urşuň esgeri üçin şu pursatdan süýji lezzet ýokdy. Ol oýun edip, agtygynyň bykynyna çalaja dürtüp:
— Hawa, babaň gerşi nähili, rahatmy? — diýýärdi. Agtygy hem:
—Gyratyň üsti ýaly, men indi Görogly gerek! Maňa indi çakgyňam berersiň gerek, baba, hä? — diýse, babasy hem:
—Çakgy gümüne gitsin-le, Görogly bolanyň nire, çakgyň näm-aýt?! — diýýärdi. Ol agtygyna özüniň ýowuz geçmişini ertekä, hawa, ertekä öwrüp aýdyp berip otyrdy.

* * *

Ondan bäri, goja Zemine on gezek gülli bahar gelip-geçdi. Sabynly obasy ýene on sany jöwzaly tomsy başdan geçirdi.
Men şäherden barşyma, Haýdar babanyň öýüniň deňine ýetenimde, ýaşlygymyň —meniň bilýän ilkinji gawunçymyň özümi çagyrýan sesi gulagyma eşidilen ýaly boldy.
Salam berip, içeri girenimde, meni görüp, goja gawunçy ýatan ýerinden dikelip oturdy. Salamlaşdyk. Ýokary okuw mekdebine okuwa girenimi eşidip, çaga ýaly begenip, meni gutlady.
— Şeýledir-le, gidensiň-le obadan çykyp, «okuw» diýip. Asyl, «soňky wagtda «çapar» görnenok» diýýän-le öz içimden — diýende, gyzykly ýaşlygym ýadyma düşüp, ýüregim jigläp gitdi. Bu täsin lakamym bilen maňa bu dünýäde şu mähriban adamdan başga hiç kim ýüzlenenokdy ahyryn...
Ol maňa oturmaga edil öz gapdaljygyndan ýer görkezdi. Soňam mähribanlyk bilen arkama kakdy. Soňra goja çalaran gür gaşlaryny galdyryp:
— Biz indi bişen gawun ýaly bir zat — diýdi...
Men ýaşulynyň ýüzüne ýalpa seretdim. Goja dostumyň keşbine ýakymly ýylgyryşyň ýagtysy çaýyldy. Onuň üstünden, dogrudan-da, bişen gawunyň ýakymly ysy kükäp gitdi. Ýaşlygymyň mähriban we mukaddes ysy! Meniň göz öňüme derýa, jeňňel, şo-ol gadymy gawunçylyk, meşhur çatma geldi. Ýagşy, bular ýatlama diýeli, ýöne meni geň galdyran hakyky ýagdaý: şol wagtky gawun ysy ýaşulynyň üstünde nädip saklandyka? Ýa-da ol meniň burnumda galdymyka?!.

Baýramgeldi ÇARYÝEW.




Просмотров: 40 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Baýramgeldi Çaryýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Sabynly obasynyň ortasyndan geçýän ýaýbaň ýabyň bol suwy ýylyň ähli paslynda-da kemeler ýaly däl.
—-
Bol suwly ýabyň kenaryny syryp gidýän gatnawly ýoluň adamsyz wagty ýok.
—-
Ana, şol bol suwly ýabyň raýyşyny syryp gidýän ýoluň ady oba adamlarynyň arasynda «Kanal köçe» diýlip tutulýar.

Hekaýa başyndan şeýdip agsaklap başlaýr welin, keýtikläp zordan ortaragyna çenli okap bildim….

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]