08:47
Ýaşlygymyñ gaýmagy
ÝAŞLYGYMYÑ GAÝMAGY

Dur gaýmagy bozulmadyk duýgular,
Señ üçin.
Ýatyr topy bozulmadyk owazlar,
Çalynmadyk heñ üçin.

Dur señ üçin,
Buzlañ mermer bedenin,
Güýzleñ çykarynşyny,
Görmedik gözler.
Namazlygyñ serhedinden çykmadyk,
Mukaddes sözler.

Rowa görüp bilmedim men olary,
Öñýetene.
Gysgandym polatlygmy
altyn çaýylaryndan.
Wagt maña rehim etdi,
Terligme tiñkesin dikmän,
Saklady aýalarynda.

Diñletmedim öñýetene,
Arzuwlarmyñ pyşyrdysyn,
Dükürdisin ýüregimiñ.
Görkezmedim öñýetene
Dünýämiñ ygşyldysyn,
Şuglasyny görejimiñ.

Çyrpynýar ýüregimde,
Hiç kim bilen paýlaşmadyk şatlygym.
Aýap goýdum señ üçin,
Dur gaýmagy bozulmadyk ýaşlygym.

Hudaýberdi SÖHBETOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Haweran | Теги: Hudaýberdi Söhbetow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Майор / Goşgular - 24.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Magnit / Goşgular - 25.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Gumlygelin   [Материал]
Goşgyñ täsiri bozulaýjak ýaly demimi alman okadym. Juda-juda gowy goşgy!

0
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Örän gowy şygyr, şygryýete baÿ hem berk formada gurulan sungatyñ bir görnüşi. Sag bolsun şahyr!

0
1 Mähriban   [Материал]
Gysgandym polatlygmy
altyn çaýylaryndan.

Tüweleme!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]