22:40
Ýaşaýar
ÝAŞAÝAR

Goşgymyñ çuñunda dört örüm saçly,
Äsgermedik, asyrlary ýigrenýän
Bir gyz ýaşaýar.

Ellerim çekemde setirlerine
Barmagym nemlenýär.
Gözleri ýaşly bir gyz ýaşaýar.

Goşgymyñ her ýerini agtaryp görsem,
Ahmyrly nala,
A:h siñipdir neresseje harplara,
Gysylyp, döwülmän horlanan duýgy,
Million ýaşap, kütläp boý çeken gaýgy
Dyzlary ba:şly bir gyz ýaşaýar.

Goşgymda ýetdirmän, hol, öñdeläp dur,
Saçlaryn ogşadyp çäksiz zamana.

Aýagyn gabardyp ýortmaga taýyn,
Ýortmany ötenleñ ýerine hökman.
Goşgy gyzym söweşmäge-de taýyn,
Datly-perýatly,
Goçakdan-goçak,
Elleri daşly bir gyz ýaşaýar.

Goşgymyñ çuñunda bir gopgunlyk bar,
Käýemäñ maña ýylgyrşym üçin.
Niräni gözlesem aýagyñ yzy,
Güneşe garşy bir yz ýaşaýar.

Akbibi BESIM,
Türkmensähra.





Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Haweran | Теги: Akbibi Besim | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň! / Goşgular - 13.01.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Goşgy / Goşgular - 13.03.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Watan / Goşgular - 25.03.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021



Всего комментариев: 3
0
Özümi gördüm şu goşguda

0
3 Göktug   [Материал]
Baý baýow :)

0
Super. Şo gyz men

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]