23:34
Ýaşasym gelýär
ÝAŞASYM GELÝÄR

Garaňky gijede aýyň astynda,
Ýüregim şatlanýar köňül messinde,
Gezmeläp bu ýagýan ýagşyň astynda,
Şatlanyp, ýylgyryp ýaşasym gelýär.

Unudasym gelýär ähli gaýgymy,
Kalbymdaky bolar-bolmaz duýgymy,
Garşylasam ýylgyryp munda her güni,
Her bir güne gülüp başlasym gelýär.

Gözýaşlarym diňe şatlykdan aksa,
Penjirämden aýam ýylgyryp baksa,
Iki elimdenem diňe bagt çekse,
Bagtdan kör bolup ýaşasym gelýär.

Ýürekdäki ähli gorkymy ýeňsem,
Töweregme ynam, bagt paýlap bilsem,
Gülemde begenip ýürekden gülsem,
Gülkimden illere paýlasym gelýär.

Aýna AMANGELDIÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Mahremlik | Теги: Aýna Amangeldiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]