04:44
Ýaşamak ne hezil!
ÝAŞAMAK NE HEZIL!

Ýaşamak ne hezil! Ýaşamak - hezil!
Rahat dem almak.
Gör, neneň ajap! Gör, neneň ajap!
Beýle bolmanam bilerdi. (Bagyşlaweriň!)
Bu dem bolmanam bilerdi.
Bu dem soňky dem bolubam bilerdi.
Ýaşamak hezil! Ýaşamak ajap!
Hudaýa şükür!
Hudaýa soňsuz şükür!
Baglary täzeden görmek.
Barlygy täzeden görmek.
Endamyň syzlamasy.
Gözleriň eňremesi.
Ýüregiň iňlemesi.
Aýryldy bary.
Soňlandy gam-gussa.
Tümlük gutardy.
Başlandy ýagty.
Bize bu demi berene şükürler bolsun!!!
Bize bu ömri berene şükürler bolsun!!!
Ýaşamak ne hezilll!!!
Ýaşamak gowy-y-y!!!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 241 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 16
0
16 Raýdaş   [Материал]
Öňi bilen tebigata we janly-jandara zyýansyz bolan ähli pikirdir düşünjelere, ynançdyr ýörelgelere hormat goýmagyň ynsan hökmünde hemmämiziň wyždan wezipämizdigini ýatladýan, ýoldaşlar!
Galyberse-de däliden dogry habar:

1) Goşgy täsirli pikir, batyrgaý söz bilen öz özüni goramaly, akgynlylyk-heň bilen özüni okatmaly. Goýan eseriniň aşagynda awtoryň minnetdarlyk bildirmegem uslyp däl aslynda... Belliklere göz aýlap, netije çykarmagy ýeterlik. Makala bolsa başga gürrüň, pikir alyşmak, argument paýlaşmak üçin awtor teswire goşulyp biler.

2) Poeziýaň bulagy duýgy. Gowy goşgy saýlap bilmek üçin WUZ gutarmak hökman däl. Aň bar, akyl bar, göz bar, gulak bar adamda. Köpçülige rol oýnasaňam özüňi aldap bolmaz. Eliňizi gursagyňyza goýup wyždanyňyz bilen jogap beriň: ýokarky goşgyny ýa şoňa meňzeş goşgulary gaýtalap-gaýtalap okaýaňyzmy hiý? Mysal üçin men Fizulyny, Rumyny, Bakyny, Nowaýyny, Ezizowy, Nobatguly agany, Kekilowany, Italmaz Akmyrady, Atajan Annaberdini, Sungat Gurbangeldini öwran-öwran okasam hem iremok, doýamok. Hatda ýatdan bilýän goşgymam bolsa elime kitaplaryny alamda täzeden okamakdan lezzet alýan, diňe lezzet däl, her gezek başgaça many hem alýan. Ine indi döwli sorag: ýokardaky ýaly goşgulary öwran öwrana däl, üç-dört gezek bir okap gördüňizmi keýp alyp?!...

3) "Kekilowa" şygryýet söýüjileň wawwaly meselesi bolsa gerek. Bibi Orazdurdyýewa, Şähribossan, Laçyn Pürjäýewa ýaly zenan şahyrlaryň hem oňat goşgulary bar. Ýöne Kekilowa Idoldyr. Sebäbi ol ideologiýaň hem talaby hem-de iň ýokarky mertebesi bolan pida mertebesine ýeten şahyr zenan. Döwre görä gazal okap, gonoraryny alyp, ýyllyk dynç alşyny niredesiň Minwodski, Soçi diýip, "hiç kimiň towugyna 'tok' diýmän, ýaşamak üçin ýazan" şahyrlardan däl Kekilowa.
- Men ýola düşýärin gidemok ýalňyz
Meniň bilen asyr barýar ädimläp
Kükreginde syrlar gizlän topragym
Gyzykly gür berýär pikirin jemläp...

Ýa-da,
- Maýsa kösüklände gülli sährada
Günden sorasynlar meniň derdimi
Haýsy ýerde, nirelerde bolsam-da
Ruhum bilen söýýändirin ýurdumy....

Şu setirlerden lezzet alyp, many alyp okamak üçin professor düdüdüňk bolmak hökman däl, pikir-çeperçilik-heň üçburçlugy köre mälim...
Onsoň nädip her täzeçil sanawaç sanany Kekilowa meňzedip bilýäňiz? Ynsap... Wyždan...

4) Suraý jigim gaty görmesin, ýöne men-ä haçan gutararka diýip bir gezek zordan okaýan şupisint goşgulary. Asyl men ak goşgyny goşgy hatarynda göremok, sanawaç hasaplaýan. Elbetde sanawaç bolsa-da türkmen diline edýän hyzmaty bardyr şübhesiz.
Suray jigimiň goşgulary edil o zeýilli sanawaçlardan däl elbetde. Delje we täzeçil söz öwrümleri özüne çekiji. Ýöne gulagyma türkmençe duýlanok okanymda. Has takyk suratlandyrsam, Canal+1'iň zakazy boýunça düşürilen fransuz melodrama kinolaryndaky durmuş giňişligine "gülgüne gözlük" bilen seredýän ýetginjek gahrymanlaryň içgepletmeleriniň türkmençe terjimesini okanym ýaly bolup dur...

5) Umuman goşgyň ýagdaýy şeýleräk bolany üçin, teswirler bölüminde hamana gadym Kopt dilinde ýazylan "Ölüler kitabyndan" tekst şerh edýän ýaly setir-setir, söz-söz alyp beýannama ýazjak bolmak (bagyşlaň meni, haýyş edýän) içi gatanyň çygylmasyna meňzeýär...

0
15 Bagabat   [Материал]
Ýaşamak ne hezil! Ýaşamak - hezil!

0
14 Yusup   [Материал]
"IMO"-dan çykan gyz" shu hekayany okap gordunizmi?
Awtory Akmyrat Jumayew. Yazany tanamok. Yone hekayany yazmak ucun azap bary goruliline ynanyan. Durmushdan oylanyp tapylan waka diysenem bolar. Yone shu hekayany yazmak ucun dunya klassiginin (M.Gorkiy) tomluklaryny okap cykmaly, dine okamagam dal, dusunmeli seljermeli. Ustesine soz-chepercilik, proza bolan ukup gerek. Netijede hekaya dunya indi. Eser diyip shuna aydaysan. On gezek dagy okandyryn. Ine mana ruhy iymit beryan eser.

0
13 Yusup   [Материал]
Has aga siz dushunmediniz ya-da men dushundirip bilmedim. Manara galsa poeziya ozume hic wagtam gerek dal. Dogrusy dushunemogam dushunjegem bolamok. Men prozan ashygy.
Yene bir zat, goshgy goshyan zehinli yashlara gorubilmezchilik edyaler diyip (chunki yazan teswirinizde shony anladym) mena goshayman, ozga goruplik yele yanymdanam gechyan daldir.

" täzeçil şahyrlary halamaýanlar az däl"

tazechil goshgy stili. Sheyle gurrunler kan eshtyan sonky dowur. Poeziya ady barmy hokmany suratda kapiya+many+ mazmun gerek. Eger yazyan goshgyn kapya girenokmy, ony poeziya dalde bashga taze stil diyilshi yaly taze at hem bermek gerek.

Geling indi konechil stile gecheling. K.Gurbannepesow "Yurek, Ayal bagshy, Gumdan tapylan yurek, Namys" poemalary. G.Ezizow "Dash gyzy"yaly poeyamalary. "Serpay" goshgular yaly "konecil stil" kapyasy hem many mazmuny artygy bilen yetik.
Okyjy hokuminde saytda tankyt etsem bolyandyra!? Hich kiming shahsyyetinede yetmedim teswirimde.

0
10 Hyýalkeş   [Материал]
Şuña meñzeş teswir ýazýan beýleki agzalaryñam teswirini bloklaýañyzmy? Ýa munça-da pikir erkinligi ýokmy? Men bu teswirimde hiç kime sögemok ýa paýyş söz aýdamok. Eger siziñ adalatyñyz goldaýan ýazyjy şahyrlaryñyzy ýazgaryp ýazýanlaryñ teswirini bloklamak bolsa baş üstüne, admin.

0
11 Alaýabyly   [Материал]
Mahym, size düşünýän. Siz üçin goşgy meselem 11 bogun bolmaly. AAAB, ABAB bolmaly. Umuman, şeýle. Ýöne poeziýany diňe okap düşünmeli däl, ony duýubam başarmaly. Duýulýan zatlar käte galyba syganok. Indiki gezek özüňizi rahat tutup, okap görüň. Umuman, düşündirip bilmedim barybir. Ýöne size düşünýän öýdýän men.

0
12 Haweran   [Материал]
Bagyşlañ, hiç bir sözüñiziñ jogap bererlik derejede agramy bardyr öýdemok. Şeýle-de bolsa "goldaýan ýazyjy şahyrlaryñyzy ýazgaryp ýazýanlaryñ..." sözleriñize iki agyz jogap ýazasym geldi. Birinjiden: saýt döredip bilýän hemme ýaş oglan-gyzlary goldaýar, hiç kimi ýekirme ýa aýratyn goldama aladasy ýok...
Ikinjiden: jigi, okamak, başaryşyñyzdan ýazmak we öz döredijilik, iş, durmuş, şahsy aladalaryñyz b.n bolsañyz bolmadymy, garşa jogap gaýtarjak bolup ýörmän? Eger şeýden bolsañyz, iñ bolmanda "ýazgarmak" sözüniñ garşylyklaýyn pikir alyşmagyñ tersine düýbünden başga many añladýandygyny, netijede sözleri öz ulanmaly ýerinde ýerbe-ýer goýup ulanmagyñ düzgünlerini bilerdiñiz. Sowat derejäñiziñ pesligi siziñ aýbyñyz däl. Emma muny siziñ özüñiziñ bilmän hemmeler bilen jedirdeşip ýörmegiñiz aýyp...
Pikir ediñ: myhmançylyga barýarsyñyz, öý eýesi görgüli elindäki-ujundaky barjasyny supra döküpdir, kanagatsyz myhman bolsa, "Men pylan zat halaýan" diýip, ýok zadyñ heñine tutsa, getirlensoñam at daksa, aý garaz, hokgasy-näzi gutarmasa...
Döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyñ, özüñizi gözden düşürjek hereketleri edýärsiñiz, şu ýerde näme paýlaşsañyz hyzmatyñyzy il-güne edýärsiñiz, maña däl. Minnetiñizi, tommaýly gepiñizi başga ýerde ediñ.
Sag bol, salamatlykda gal. Alla giñlik bersin.

0
7 Yusup   [Материал]
Yene bir zat. Men synlayan welin... Suray hanym yaly awtorlar, eli-dili ishleyan awtorlar. Has Türkmen, Hyyalkeş, Mango, Serdar aga, Kakamyrat aga yaly eserlere tankydy pikirler yazyp bilenok! "Goldanyñyz uçin sag boluñ" "Hemmanize minnetdar" "Gowy goshgy, hezil edip okadym" şuña menzesh teswirler. Ozüm-ä poeziya eserleri dal-de, pikirleri okamany halayan.

0
9 Haweran   [Материал]
@Ýusup. Kimdir biriniñ göwni ü.n pikir galdyrjak, bellik etjek bolup, ya başga biriniñ okamagy halamayan zadyny yazman, halayan zadyna göra zat yazjak bolup ýaýaplap ýörmegem siziñ aýdyşyñyz yaly awtorlaryñ azdygyny añlatmaýar. Awtor bolup öz paylaşyan eserleriñde agzalar b.n lakgyldaşyp (okyjylary bilen oñyn pikirler alyşyan, öwredyän we owrenyän maslahatlaryny gaygyrmayan kabir yagşy niyetli awtorlarymyz bagyşlasyn, godegrak aytmaly bolanyma, başgaça aydyp bilmedim) oturmagy uslyp bilemok. Awtoryñ eserleriniñ okalanyna, pikirini galdyranlara minnetdarlyk bildirmeginden tebigy we gowy zat bolup bilermi? Şony kesä çekip, ya-da düşünjesizlikde aýyplap bilyän bolsañyz, meñ-ä size başga aytjak zadymam yok...

0
6 Yusup   [Материал]
Ine mysal un demir kewshirleyjini (eysem swarka dami shu?) goz onune getiring. Elbetde demirden nashyja zat yasap bolyar. Indi shu yere unus berin, demir gerekmejek zatdan arzyly zada owruldi. Swarka etmeli ishini etdi. Awtorlar: adam, demir we swarka. Netijede arzyly madda dunya indi. Emma sho arada bir madda tussa owruldi-de yok bolup gitdi. Ol name, elektrot. Taze zadyn doremegin-de bashga bir zat janyny pida etdi.
Shu "kesgitlemani" aydyp name yanzytmak isledim!?
Bu durmush kimler uchin hezil? Pikirmche dine chagalar ucin. Isle sen garyp bol, Islede bay bol. Oz oynu-ny pikirlenip bilyan adama yaramaz hereketini gorkezip bilyar we gorkezyarem.
Doredijilik bilen meshgul bolyan adam hemmanin agysyny aglap bilmeli. Ozi shol hesrete dushmasada duyup bilmeli. Garaz hezillik yokla. A.Taganyn aydyshy yaly kellende aylan pikirini kagyza gechirip bolonok. Meninkem sheyle boldy oydyan. Namede bolsa iki goterimine yazan bolsam gerek.

0
5 Hyýalkeş   [Материал]
Aý, howwa, muña-da goşgy diýiñ. Barybir poeziýany kellä geýdiñiz-ä.

0
8 Haweran   [Материал]
Mahym, poeziýa señem duluñ däl, meñem törüm däl. Halamasañ geç-de gidiber. "Pikirimi aýtdym diñe" diýersiñem häzir. Saña poeziýany ýa hakyky edebi tankydyñ nämedigini düşündirjek bolma aladasy ýok hiç kimiñ. Şular ýaly mazmunda teswir ýazmagyñyza dowam etseñiz, teswir ýazma mümkinçiligiñiziñ çäklendiriljekdigini ýatladýarys.
Öñ süwümsiz oglanlardan goramak iş boldy saýtyñ şahyra gelin-gyzlaryny. Şolar sebäpli, gyz-gelinlerimiz arkaýyn pikir alyşsyn, ýazýan zatlaryny paýlaşsyn diýip, birgiden tehniki üýtgeşmeleri we çäklendirmeleri girizmäge mejbur bolduk saýta. Indi siziñki näme, bagyşla welin... Bir-iki gezek däl eýýäm siziñ bu bolşuñyz. Salyhatyñyzy elden bermeseñiz özüñiz ü.n gowy bolardy.
Başga awtorlaryñ ýazgylaryna gep oklajak bolup, derekli bir zat ýazma ukybyñyzy pese düşüryändigiñize düşünmeyandigiñize gynanmak gynandym.
Ybraýym aga bir teswirinde bu babatda siz ýaly dar galyplarda pikirlenýän gadyrdanlara gowy jogap beripdi:

"Şol ýagdaýa (tussaga) baş bermedik Kekilowa, Bapba Gökleñ, Gurbannazar ýalylaram ýaş gitmeli bolup, Türkmen şygryýeti uly şahyrlardan mahrum edilen.
... Suraý jan, Akbibi jan... ýaly täzeçil şahyrlary halamaýanlar az däl, elbet bu bir real ýagdaý, hemişe-de täze zatlara garşy çykýan az bolmandyr. Yöne şu ýaş tolkuna hemaýat ýagşy".


Ussadyñ sözüne söz goşmak we ýa şundan gowy aytmak mümkin däl.
Hemaýatyñ ýetenokmy, myjabatyñam ýetmesin. Hiç kim sizden hemaýat hantama däl.

0
4 Revo   [Материал]
Bu-la agyr bir keselden gutulan hassanyň oýlanmasy ýaly bolupdyr ("Baglary täzeden görmek. Barlygy täzeden görmek. Endamyň syzlamasy. Gözleriň eňremesi. Ýüregiň iňlemesi. Aýryldy bary. Soňlandy gam-gussa. Tümlük gutardy. Başlandy ýagty"). Ýöne, keseliň diagnozyny aňşyryp bilmedim. Ýene-de, gutulanňyza begendim. :)

0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Allaha bolan şükürleriňe, öwgiňe bizem goşulýarys.

ALLAHA ŞÜKÜRLER BOLSUN!

0
2 mango   [Материал]
Bu gün 29-y. Ýyl jemlenip barýar.
Suraý hanymyň bu umyt beriji sözleri bilen täze ýyla giresim gelýär.
Soňlansyn gam-gussa.
Tümlük gutarsyn.
Başlansyn ýagty
.
—-
Muňa oýlanma diýse-de men-a goşgy hasaplajak.
Aýdanyňa üns çekmek üçin, ähmiýetli zady gaýtalarsyň-a…
Ana, şolar ýali Suraý hanym iki gezekden gaýtalap diýýär bize diýjegini….

Ýaşamak ne hezil! Ýaşamak - hezil!
Gör, neneň ajap! Gör, neneň ajap!
Beýle bolmanam bilerdi. Bu dem bolmanam bilerdi.
Ýaşamak hezil! Ýaşamak ajap!
Hudaýa şükür! Hudaýa soňsuz şükür!
Baglary täzeden görmek. Barlygy täzeden görmek.
Bize bu demi berene şükürler bolsun!!!
Bize bu ömri berene şükürler bolsun!!!
Ýaşamak ne hezilll!!!
Ýaşamak gowy-y-y!!!

Sag bol. Keýpimi göterdiň.
Keýpimi göterdiň. Sag bol.
Ýaşamaga dowam edýän.
Şükür bilen dowam edýän.

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Dogry Suraýjan!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]