09:39
Ýar diýip geldim

ÝAR DIÝIP GELDIM

Gül ýüzüňi bäri öwür,
Öwür, ýar diýip geldim men.
Eý, zer käkilleri towar-
towar ýar diýip geldim men.

Ýylgyrsaň, dünýäm söýüne,
Nur dolar köňlüm öýüne,
Nazar kyl, bagtym oýana,
çüwer, ýar diýip geldim men.

Yşk bu... Ilki sen-sen eden,
Soň sabrymy seňseleden...
Teşne galdym, tebsiredim,
Suwar, ýar diýip geldim men.

Salym tupan-u-gaýdadyr.
Göwün — guş, arzyn aýdadyr,
Höwürtge kaýda,
kaýdadyr
höwür, ýar diýip geldim men.

Bu ne duzak, bu ne nejat,
Bu ne edep, bu ne ejap?!
Aýralyk bagrymy myjap,
owar, ýar diýip geldim men.

Men-ä arzuwyň eýledim,
Alla «Al, gulum!» eýledi...
Gadym dessanyň Leýlisi,
Söwer ýar diýip geldim men.

Kakamyrat REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Aksary | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 4.5/4
Всего комментариев: 12
0
:)))):D

0
7 mango   [Материал]
gowy-da, ýöne....
"Alla «Al, gulum!» eýlänsoň" "Söwer ýar diýip" nirä baryldyka?
"Al gulum" eýlenensoň, söwer ýaryň törde dälmi, eýsem?
ýa Allaň "al gulum" diýmesi maslahat ýaly zatmy?
ýa ol ýary ykbalyňa ýazdygymy?
---
"sen-sen eden" - "seňseleden"
owadan kapiýa bolupdyr.
kakamyrat kakada üstünlikler!

0
5 Aksary   [Материал]
Bägül hanym biz oglanjykkak karol taýak oýnuny kän oýnardyk ,şol wagtlary ýadyma salýan welin siz ýadyma düşýäñiz...

Düşündirip bildimmi?

Parta ýazylan hatam gowy eken.

0
Yok düşündirip bilmediñ. Düşündirmek üçin öz sözüñ bolmaly.

0
8 Aksary   [Материал]
Oglanjykkak şol oýunlary oýnap bagtlydyk.

Şu wagtam şeýle,sizem şeýle.

Indi düşündiñiz.:)

-1
Öz goşgulañ ýokmy?

0
2 Aksary   [Материал]
Eli egrim nirede sen
Meni menden ogurlanym

Galanlary pekarnyda tok öçdi,entegä ýananok :-)

0
Özüñkini paýlaşmasañ ýakma-da, şeyle de öçüp gider. Kakamyradyñky galar:)))

0
9 Batyr04   [Материал]
Ataywa, içigara, suwumsiz haraktyryn bar señ

0
Öl ölyän bolsañ

0
Niresi içyakgyç niresi sūvümsiz

0
Galar-da yene birnaçe sen ýaly şahyrlañ döremegine getirer.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]