05:21
Ýar
ÝAR

Giñ älemde yşk oky ýyldyrym dek süýndi,ýar,
Bürgüt kimin depämden,penje açyp indi,ýar
Jeset şährim weýrana,öwrülmişdir ýandy,ýar,
Göwün guşum içinde,dowamylyk bendi,ýar,
Şol sebäpli içenim suw ýerine gandy,ýar.

Çemen bolsa göwünler,yşk mülküniñ düzünden,
Älemgoşar öwüşgini,görner aşyk ýüzünden,
Pany dünýä owranar,nazar etse gözünde,
Diri merhuma geler,merhum tutar sözünden,
On dört aşyk azaby,inse dönmen indi,ýar.

Melgun baryp paş eden,aşyk-magşuk meýlini,
Çemenlikde duşuşan,tawus guşlañ seýlini,
Ýurt aşmasañ ölýärsiñ,ýokuş görme diýleni,
Zekerýanyñ erresi,şanymyza goýlany,
Çarhy-pelek zarbyndan,göwün gözlim syndy,ýar.

Sal ýadyña Mežnuny,Bilbil,Hemra,Tahyry,
Seýlemelek,Nejebi,Kerem,Perhat pahyry,
Garyp,Gambar tut nusga Mollanepes şahyry,
Näme bilen gutarjak,
biziñkiniñ ahyry,
Ogulhan diýr,dek başym,ýowuz güne döndi,ýar

Gurban WEHIMI
Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: Aksary | Теги: Gurban Wehimi | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]