05:42
Ýanyña barýan

ÝANYÑA BARÝAN

Atlantika gözlüm,
Aýsberg ýüreklim.
Böwsüp pikirlermiñ barrikadasyn,
Men ýanyña barýan, ýanyña barýan.
Berip sag eline köne hasasyn
sakgalna ak giren şol umydymyñ,
Sol elinden tutup ýanyña barýan.

Baýgeldi BAÝGELDIÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 126 | Добавил: Aksary | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 sabyrly   [Материал]
Näme üçindir Elmanyň aýdymyndan "спрятал сердце под водой, а твои глаза как Атлантида" diýen setirlerini ýada saldy.

Şunuň ýaly gysga goşgularda köp zady aýtmagy başaryp bilsek, edebiýatymyza gowy boljak.

Üstünlik, awtor!

0
4 Allanazar   [Материал]
Düşünjäm pesiräkmikä, men-ä many alyp bilmedim.

0
3 mango   [Материал]
her kime aýratyn çemeleşmeli.
edil Baýgeldi üçin bu goşgusynda ösüş duýulýar.
ýöne.....
-----

Atlantika gözlüm,
Aýsberg ýüreklim.

şol delje deňeşdirmeler barada.
göz atlantika, ýürek aýsberge deňelýär.
ýüregiň sowuk manysynda diýeli.
göz nämeden atlantika (eger atlantik okeany göz öňüne tutulan bolsa)?
suwly, gözýaşlymy? ýa ulumy? ýa durumy?
atlantikaň näme aýratynlygy bar? näme üçin demirgazyk buzly okeany däl, ýa hindi okeany däl...?
aýsber ýürekli.
doňýürek.
ýöne, ol aýsberge deňelen doňýüregiň doňy çözüläýse, olama ekologik problema... :-)

Böwsüp pikirlermiñ barrikadasyn,
Men ýanyña barýan, ýanyña barýan.

barrikada - garşy tarapdan goranmak maksatly bir päsgelçilik dälmi?
diýmek pikirleriň barrikadasy - dogry bir meňzetmede däl ýaly.
ikiňiziň arasyndaky barrikada näme?
barrikada gurup kim kimden goranýar?

Berip sag eline köne hasasyn
sakgalna ak giren şol umydymyñ,
Sol elinden tutup ýanyña barýan.

hmmm... umudyň özüňden öň garramagy hem birhili özä?
ýa-da sakaly agarmagy....?
eli hasaly atasynyň agtygynyň elinden tutup barýan ýaly....
deňeşdirmede wagt bozuklygy....

ýöne, umuman Baýgeldide öňe gidişlik duýuldy.
halamanam durmadym (esasanam gepi çişirip ulaltmanlygy gowy).
diýjegini lokaniçnyý diýmegi öwrenip başlapdyr.
üstünlik.

-1
2 Hаwеrаn   [Материал]
Gabyk ("ýanyña barýan") köne, "Men seniñ ýanyña barýan", "Ýanyña barýan" eýýäm köp ulanylýan jümlä öwrüldi. Tapawutlyrak söz tapsa bolardy.

0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Gysgadan manyly, şahyrana. Ine bu gowy. Mowzuga girmäkäm Seýitmyrat Geldiýewiñ goşgusymyka diýip pikir etdim. Şol derejede gowy. Berekella!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]