20:31
“Ýandyrsaňam, bagtyň meni köşeşdi:r...”
"ÝANDYRSAÑAM, BAGTYÑ MENI KÖŞEŞDI:R..."

Dalanyp, talanyp, hiç zat galmady
Ugruňda gan öýen juwan jigerde.
Dowzahlyk hökümim çykandyr birçak,
Seni söýmek günä bolsa eger-de.

Ýandyrsaňam, bagtyň meni köşeşdi:r,
Goý, bolmasaň-bolmanlar geç ýazgydym!
Men är kimin kabul edip bilerin
Ykbalymyň sen hakdaky çözgüdin.

Ýöne ýürek gaýta-gaýta “sen” diýýär
(Wah, görgüsiýaman jepa-jebirde).
Jennetlik hökümim çykandyr birçak,
Seni söýmek sogap bolsa eger-de.

Sapa HOMMADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 144 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 8
0
8 Taryhçy   [Материал]
Pikir gutarylmadyk

2
7 Bilbil   [Материал]
Jemlemesi gowy.
Köpüräp paýlaşyp dursaňyz goşgularyňyzdan.

3
6 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Gowy goşgy! Söýgi diñe sogapdyr Sapa, aşyklañ mekany Jennet. Söÿ, hem-de söýgiñi şular ÿaly gowy goşgularda okyjylara ýetirip dur!

3
5 Gumlygelin   [Материал]
Tüweleme Sapa!
Tãze goşgy sorasak "Edebiýata ýazman peýda getirýãn" diýip geregiñi artyrma-da ýazyp peýda getir Sapa!:-)

3
4 Sergezzan   [Материал]
Sözleri gelşirip ulanyşyňy haladym

1
3 Sergezzan   [Материал]
Duýgy doly setirler. Okanyňda hiç-hili yasamalyk duýulanok, tasirli goşgy. Berekella

2
2 Aksary   [Материал]
Jemlemesi hasam gowy, ömrüñ bolsun.

3
1 Mähriban   [Материал]
Berekella, Sapa!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]