21:16
Ýandyrdyñ, Leýli! / ýarym degişme
ÝANDYRDYÑ, LEÝLI!

Serim sämäp durka, garap gaşyña,
Güjeñläp görünýän ýumry döşüñe,
Gurçuk köwläp, zer çaýylan dişiñe,
Aldatdym özümi, ýandyrdyñ, Leýli!

Nireden ýolukdyñ, menziller aşyp,
Gomlar gelýän ýaly üstüme süýşüp,
Aýagym sandyrap, ýüregim çaşyp,
Başyma baýguşy gondurdyñ, Leýli!

Ejem pahyr: - Alma! - diýip, ýalbardy,
Señ geýeniñ tamman däl-de, jalbardy,
Gör, nirede, haýsy melgun gol berdi,
Ýüregimi buza dönderdiñ, Leýli!

Bagy-bossanymy weýran eýlediñ,
Sergezdan depede haýran eýlediñ,
Mensiz seýilgähde seýran eýlediñ,
Ýanan çyragymy söndürdiñ, Leýli!

Allanäme günüm bardy dargatdyñ,
Ak süýt beren, ak käbäme gargatdyñ,
Alynmadyk aýlygymy bergi etdiñ,
Başyma kyýamat inderdiñ, Leýli!

Nurgeldi Çakany ýakdyñ-ýandyrdyñ,
Gök eşege ters bakdyryp mündürdiñ,
Diliñ bilen dişlerimi syndyrdyñ,
Geplesem gomuma gondurdyñ, Leýli!

Nurgeldi ÇAKANOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 246 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nurgeldi Çakanow | Рейтинг: 4.5/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyrlyk borjy / Goşgular - 16.03.2021
Aktýor / Goşgular - 15.04.2021
Iki bende sygan ömür / Goşgular - 03.06.2021
Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Bagyşlaň meni! / Goşgular - 21.02.2021
Doglan günüñde / Goşgular - 06.03.2021
Çilimkeş / Goşgular - 09.01.2021
Heser / Goşgular - 11.02.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Toslamalar / Goşgular - 08.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]