16:35
Ýalñyşma!

ÝALÑYŞMA

Rysgaly Alla berer, ýene aljak Alladyr,
Ýüregimde ~ Alhamdyr, dilde ~ Kulhuwalladyr,
Ata ýurdum abatka bolmaz meniñ perýadym,
Ile ýeten sözlerim perişdäm hem jelladym,
Ömrüm-eý, gözel ömrüm - mizanyñda ýalnyşma!

Hiç akylym ýetmedi: durusy bar, laýy bar...
Beg ogluna bezbeltek, gör, kimlere waýy bar,
Bagty daş ýaran gullar, bir ýananyñ "boýy" bar,
Bary kysmata çekmiş ~ her kimiñ öz paýy bar,
Gözbaşlara ýeteñde ~ mirabyñda ýalñyşma!

Mundan gidesiñ gelmez ~ ajaýypdyr ajaýyp.
Süýji günler göterer, göge galarsyñ gaýyp,
Biribar döwlet berse, injigiñe ylaýyk,
Hasaby alamatdyr, bakylykdyr halaýyk,
Ertelerden çykarar ~ diwalyñda ýalñyşma!

Gadym dünýä maýyl men oña luw düşen çagy,
Aşyklary aýadym gözler aýdyşan çagy,
Güýzler gyşlara dolar gara gaý düşen çagy,
Diliñ barha süýjesin sallar gaýdyşan çagy,
Zyban diýmek lebizdir ~ zybanyñda ýalñyşma!

Rahatlygy bilmedim ~ dile düşüp, adygyp,
Dalagym çişdi gitdi ylgap-ylgap, tazygyp,
Sowap barýar agzyndan ot syçradan körügim,
Iki dünýäde ýüzüm, rowaç eden şalygym,
Şygyrlar namysjañdyr ~ diwanyñda ýalñyşma!

Ynha indi bäş müçe ~ gara başym döwekdir,
Ýolum Hytaý diwary, derýa gaçy ~ böwetdir,
Bagrymdaky deşik däl, daglardaky gowakdyr,
...Duraweri, bu ýaşda küpür gepler hebesdir,
Ömrüm, ýalñyz haýyşym ~ güýzäniñde ýalñyşma!

* * *

Eý, türkmen, ertire goýýañ
şu gün etmeli işiñ,
Günleri ýele sowurýañ
ýorup agşamky düýşüñ.
Megerem, diýmeýäñ öýdýän:
üýşeneýin, gorkaýyn,
Şol "ertir-ertirler" bilen
gezip ýörsüñ arkaýyn.
Ertirler gör, yzda galýar,
onsoñ ýene ertirler...
Günler bolsa gide-gide
öz ýüplügin egirler.
Ertiriñ hasaba almaz,
şu güni bar olaryñ,
Düýnüñe geçip gitmänkä,
alyp bilseñ ~ alanyñ.
Ýogsa salgyma çaparsyñ,
göwün awlanyñ galar,
Ömürboýy işlirisiräp,
özüñ aldanyñ galar.
Ýeller geçer tüweleýläp,
sähranyñ goýny bilen,
Bir öwrümde galybirsiñ
oñ karam oýny bilen.
Düýn bilen ertir aralyk
saña berilen pursat,
Ýary gije, ýary gündiz
hem-ä şatlyk, hem hasrat
Duşuñdan geçip gidensoñ,
günler hiç gaýgyrmazlar,
Onsoñam kim biler, belki,
ertire goýbermezler...

Baýram JÜTDIÝEW.






Категория: Goşgular | Просмотров: 362 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Gözler gözellikde eglensin / Goşgular - 02.02.2021
Perwana / Goşgular - 11.02.2021
Suw kimin geçdi / Goşgular - 25.05.2021
Mynajat / Goşgular - 27.03.2021
“Kalbymy howaýy otlamadym men...” / Goşgular - 06.04.2021
Bagtyñ suraty / Goşgular - 24.05.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
Syrajetdin Nagyşbendi / Goşgular - 14.04.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]