07:55
Ýalançylyk kyssasy ýa-da göwün gussasy
ÝALANÇYLYK KYSSASY ÝA-DA GÖWÜN GUSSASY...

Ýalan sözläp otyr, ine,
Bir ýaşuly märekede.
Zeleli bar ýalan sözüň,
Saçakdaky berekede.

Ýalan sözläp otyr ýene,
Mähellede bir ýaş juwan.
Obam, obam, eziz obam,
Ýalançyňa buýsan, guwan.

Ak gyňaçly hajy bibi,
Samramaýar nämeleri?
Hajy bibi, hajy bibi,
Haramylyk munuň düýbi.

Ne güpleýäň alym aga,
Joşgun alyp ýalan sözden.
Ýada sal-a Galileýi,
Gorkmandyr-a otly közden.

Orta çykdyň ýene şahyr,
Goşga çelgi ynsap ahyr!
Ynsap küje, lebiz küje,
Iller saňa diýdi:“Pahyr!“

Suw üstünde saly onuň,
Gaty agyr haly onuň.
Elewreýär iki ýana aýaly,
Emelsiz doktoryň nedir hyýaly?
Ýalňyş diagnozy?!
Ýokmudy kazy!..

Bu niçik ýaman?!
Eý, aman, aman,
Sözlerim tamam!..

18.09.2019.





Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Монахиня / Goşgular - 12.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Gülmahym   [Материал]
Ýalan sözläp otyr ýene,
Mähellede bir ýaş juwan.
Obam, obam, eziz obam,
Ýalançyňa buýsan, guwan

0
1 Gülmahym   [Материал]
Ýlançy yarymaz ogry bayymaz

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]