18:20
Ýalan sözleýär fotosurat
ÝALAN SÖZLEÝÄR FOTOSURAT

Ýalan sözleýär fotosurat. Ejem
Beýle garry däldi, hiç haçan
Ine, kyrkyma girdim bu gün
Ol menden bary ýogy
Birnäçe aý uludyr –
Eger hasaba almasaň
Paýhasyny, mährini.

Bu gün, ýetmişe ser uran günüm –
Seredýän ýaşajyk suratyna
Menden bary-ýogy
Bir ölüm uly ejemiň

Marek Wawžkewiç

Terjime: Mango
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: mango | Теги: Marek Wawžkewiç | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 11
0
6 mango   [Материал]
Umuman, şeýle stilde ýazylan goşgulary bizkiler kyn kabul edýäne meňzeýär.
Bize ýaglyja, etlije, kapiýaly, bezemen, bezelen, owadan, dogry we düzgünli setirler bolmasa bolmaýandan bolup duran ýalymy?

-1
7 Hаwеrаn   [Материал]
Hawa, büre ýaljak goşgulary halamajak bolup duran-a az däl şu taýda-da. Zyýany ýok, goýuberiñ. Halaýanlaryñ sanam halamaýanlara deñeçerräk bardyr.. )

0
10 Nurdan   [Материал]
@Mango, ýok edil beýle-de däl-Le, goşgyñ manysyna söz ýok, iki oýnam söze bir ömüriñ manysy, mähiri sygdyrylan diýseñem boljak, . Emma terjimäni biraz "gaýnatmaly" diýjek bolupdym.

0
5 mango   [Материал]
Şuda teklip edilen bir wariant.
Boljakmy?

Bu gün, ýetmişime ser uran günüm –
Görýän weli örän ýaşajyk ejem
Menden bary-ýogy
Bir ölüm uly...

0
9 Nurdan   [Материал]
Bula bolýandan bolan ýaly boluberipdir birhilije)

0
4 Nurdan   [Материал]
Bu gün Ýetmişe ýetemde,
Synlaýan ýaşlyk keşbini..
Indi menden bary-ýogy
Bir ölüm uly ejemiñ.

0
3 Nurdan   [Материал]
Jemlemänem gelşirip bolmadyk ýaly

0
2 Nurdan   [Материал]
Fotosurat diýmän surat diýip alynsa-da bolman durjak däl ýaly.

Surat ýalan sözleýär
Ejem beýle garry däldi hiç mahal..

0
8 Aksary   [Материал]
Surat diýilse elde çekilen suratam göz öñüñe gelip gitýär.Fotoapparatda düşürlen fotosurat dogry ýaly.

0
11 Nurdan   [Материал]
Fotoapparat bolanda surat alynýan enjam bolýar. Fotosurat diýip hem Rusça hem türkmençe aýtmak nämä gerek ony?!

0
1 mango   [Материал]
Фотография лжёт. Моя мама
Никогда не была такой старой.
С тех пор как мне стукнуло сорок,
Она обгоняла меня
Всего на несколько месяцев –
Если не считать
Мудрости и доброты.

Сегодня я, почти семидесятилетний, –
Смотрю на свою молодую маму,
Которая старше меня
Всего на одну смерть.

МАРЕК ВАВЖКЕВИЧ

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]