18:30
Ýalan eken
ÝALAN EKEN

Öýdüpdirin dünýe baky,
Dogra meñzeş ýalan eken.
Gijeler dälmiş garaňky,
Hak yşkynda ýanan eken.

Didelerde galmyş ne syr,
Söz diñlemez,durmuş kesir.
Gylyçdan ýiti hem kesgir,
Hak sözleýen galam eken.

Garalardan agy gözläp,
Gezdim namartdan syr gizläp,
Duýgulam aklymda güýzäp,
Yşk bolup,görk alan eken.

Sogapdyr sabryň dogany.
Bezär ýigdi mert dogumy.
Gören barmydyr soňuny?!
Ah, hatalam ýaman eken.

Gögermez bahylyň bagy,
Gögerse-de, bermez bary.
Gelse başa synag bary,
Tomsuňda gar ýagar eken.

Ýol uzyn, düweýin goşum,
Gitmäwersin sabyr guşum,
Hak sürse, ýalana goşun,
Isgender dek ýeñer eken.

Ýaýnalaram ýaşlyk içre,
Gaýnalaram ýaşlyk içre,
"Ýaşlykdyr" diýp, günä geçme,
Ömrüñ güýzem geler eken.

Sözüm bar,eý köňül diñle!
Umydym bolmasyn düñle.
Dostumdyr öýdüpdim dünýe,
Bir wepasyz, gedem eken!

Nury SAKÇYÝEW.





Просмотров: 32 | Добавил: Nury6119 | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]