11:22
Ýalan!
ÝALAN!

Asgyl sözme gulak,
Gurma özüňe duzak,
Açgyn araňy uzak,
Ýalan!

Asyp ýüze perdäňi,
Oýlamansyň ertäňi,
Saňa şu uýat dämi?!
Ýalan!

Haýyrdan geçip şerdiň,
Äht edip, wada berdiň,
Pendiňden ýüz öwürdiň,
Ýalan!

Şirin söz bilen ýakdyň,
Aglap, kä gülüp bakdyň,
Gözden ýaş bolup akdyň,
Ýalan!

Akyp ynsan ganynda,
Häzir bolup ýanynda,
Ýaşap yörsüň aňynda,
Ýalan!

Bilbili bolup dilleň,
Damjasyndan kän silleň,
Sen arasynda illeň,
Ýalan!

Girme meniň dünýäme,
Aldamagy ündäýme,
Ýalançybir öýdäýme,
Ýalan!

Gurbanmämmet MEREDOW.

Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 79 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Goja şägirt / Goşgular - 25.03.2021
Näme boldy? / Goşgular - 26.05.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
"Я бы хотела жить с Вами…" / Goşgular - 19.03.2021
Ara / Goşgular - 18.03.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Seniñ dünýäñ / Goşgular - 22.02.2021
"Äh-eý..." / Goşgular - 07.02.2021
Keramat / Goşgular - 14.02.2021
Kemalyma... / Goşgular - 09.01.2021
Всего комментариев: 5
0
5 Aksary   [Mowzuga geç]
Pendiňden ýüz öwürdiň,
Ýalan!

Ýalan näme pent edipdi?

Goşgy erbet däl ýöne şol setir pikirlendirdi!

0
4 sabyrly   [Mowzuga geç]
2-nji bendi erbedem däl eken.

Awtor,

"Çekip ýüze perdäňi"
- diýse,näder?

Soňam, 6-njy bentde:
"Bilbili bolup dilleň"
-diýende:
"Dili bolup bilbilleň" diýjek boldumy-ka?

0
3 Zehin   [Mowzuga geç]
Maslahatyn üçin sagbol!

-1
2 Zehin   [Mowzuga geç]
Meni bagyşlaň meni bagyşlaň howlukmaçlyk bilen harp ýalňyşlygy gidipdir. Bagyşlaň!...

1
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Perde geýilýärmi?
"Eträñimi" ýa "ertäñi"?
"Haýyrdan geçip şerdiñ" diýen setirde-de nätakyklyk bar.
Ant "içipmi" ýa "edip"? haýsam bolsa birini düşürmeli eken.
"Ant" diýjek bolsañ-a "edibi" aýyrmaly (sebäbi ant edilmeýär, äht edilýär), ýok, "andyñy" üýtgetjek bolsañam" içmegi" aýyr.
"Akyp ynsan ganyna,
Häzir bolup ýanynda,
Ýaşap ýörsüñ añynda..."
- diýeñde, soñky "ganyna" sözüne sazlajak bolsañ-a, "ýanynda", "añynda" sözlerindäki "d" harpyny düşürmeli bolýañ. Bu bolsa goşgynyñ manysynyñ yzygiderligini öñküdenem beter döwýär. "Ganyna" sözüne "d" goşsañ az-owlak berjek bolýan pikiriñe golaýlaşmagy ahmal.
Umuman, goşgy entek çig, pikirler yrga. Bat bilen aýdylan sözleriñ hakykatdygyna özüñ ynanýan bolsañ (özem başgany, başga pikiri ýalançylykda aýyplap), garşyñdakyny şübhelendirmese bolar-la, ol nämüçin sizi "ýalançydyr öýtmeli"? (Hakykat-çyn munuñ niresinde?)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]