19:18
Ýagyşly günüñ oýlary
ÝAGYŞLY GÜNÜÑ OÝLARY

Herimize aýry ahmyr kän ýaly,
Ikimizem şol bir söýgiñ gurbany.
Umyt edýän ýüreklermiz başarsyn
Mundan soñra özi üçin urmany.

Bir-biregi ýazgarmaklyk ne derkar,
Ýatlamalañ azary-da ýetikdir.
"Hiç zada ýetenok"diýme göwnüme
Ilki senden, soñ bar zatdan geçipdir.

Damjalar zemini basanda bagra
Göwnüme bolmasa, adyñy tutýar.
Seret, bu gün gara geýinen asman
Soñlanan söýginiñ ýasyny tutýar.

Mahym NURGELDIÝEWA.

06.06.2021 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Ýatlama / Goşgular - 14.01.2022
Gyz arzuwy / Goşgular - 16.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Sen gelýäň... / Goşgular - 12.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Hyýalkeş   [Материал]
Goldawlaryñyz üçin tañryýalkasyn!

0
5 Revo   [Материал]
Berekella, gowy goşgy bolupdyr.

0
4 Allanazar   [Материал]
Oňat goşgy. Bu gün säher bilen ajaýyp setirleri okamak miýesser edýär. Hemmäňizi Taňry ýalkasyn.

0
3 Aksary   [Материал]
Ömrüñ bolsun,gowy

0
2 Ahmet   [Материал]
Gaty haladym! Üstünlik...

0
1 permanh2206   [Материал]
Öziňe ýakyn saýan ynsanyň bir gün gelip päk ynamyňy depelese, kalbyňda şoňa bolan söýgiň bir gün gelip ganjaryp duran ýara öwrilýär. Goşgy gaty gowy. Ýetirip duruň!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]